Ankaranyň deportasiýa lagerinde ozal tussag edilen iki sany türkmen blogçysy A.Sahatow we A.Orusow Daşary ýurtlular we halkara gorag baradaky kanunyň 54/1-d maddasyna laýyklykda günäkärlendi. Olar bu barada çeşmämize telefon arkaly habar berdiler.
Bu işi gözden geçiren aklawçy bu beýany tassyklady.
Resminamany okadyklaryndan soň, olardan Türkmenistana meýletin deportasiýa bolmak barada şertnama gol çekilmegi talap edildi.Ýaş ýigitler boýun towladylar we ýygnanan polisiýa işgärlerine aklawçysyz haýsydyr bir resminama gol çekmek niýetiniň ýokdugyny aýtdylar. Şeýle hem, deportasiýa merkeziniň işgärlerinden işlerinin kazyýetde diňlenýänçä haýsydyr bir resminama gol çekmek islemeýändiklerini aklawçylara habar bermegini islediler.
Şondan soň A.Sahatow we A. Orusow açlyk yglan etdi. Adam hukuklaryny goraýjylara bu barada telefon arkaly habar berildi.
Türk kanunynyň Daşary ýurtlular we Halkara gorag baradaky 54/1-nji maddasynda: “Jemgyýet tertibine ýa-da jemgyýetiň howpsuzlygyna ýa-da jemgyýetiň saglygyna howp salýan adamlar.” diýip aýdylýar.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy