Türkmenistanyň Demokratik raýat bileleşiginiň başlygy, Gollandiýada ýaşaýan Wýaçeslaw Mamedow Russiýanyň raýat kömek komitetine we beýleki halkara adam hukuklary guramalaryna Russiýa Federasiýasynyň çäginde yzarlanmalary bes etmekde kömek sorap, ýüz tutdy.
Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň raýaty Wýaçeslaw Mamedow öz hatynda 2007-nji ýylyň fewral aýynyň başynda Moskwada şahsy iş alyp barandygyny we dürli sebäplere görä Türkmenistany terk etmäge mejbur bolan dostlary bilen duşuşandygyny habar berdi. W. Mamedowyň Gollandiýa gideninden kän wagt geçmänkä, garyndaşlaryna ýörite hyzmatlaryň wekilleri gelip, W.Mamedowyň geljekde Moskwa boljak saparlary barada derrew habar bermegini islediler we beýleki meseleler bilen birlikde "hasaba alynmak meselesi" bilen haýbat atdylar.
W. Mamedow: "Merkezi Içeri işler müdirliginiň ýa-da Russiýanyň başga bir güýç gurluşynyň meniň bilen gyzyklanmalarynyň sebäplerini bilemok" -diýdi. “Ýöne Russiýada meniň we maşgala agzalarymyň yzarlanmagynyň totalitar Türkmenistanda adam hukuklaryny goramakdaky işjeň jemgyýetçilik işlerim bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny aradan aýyrmaýaryn. Mende "Front Line" guramasynyň adam hukuklaryny goraýjy statusy bar. Türkmenistanyň hökümet edaralary meniň adam hukuklaryny goraýjy hökmünde işlemegime päsgel berýän şertleri döretmek üçin köp tagalla edýär. Emma bu ýagdaýda Russiýanyň pozisiýasy belli däl, sebäbi meniň işimde we uzak wagt bäri Türkmenistanda rus watandaşlarymyzyň hukuklaryny goramakda işjeň iş alyp barýaryn.” Wýaçeslaw Mamedow, raýat hukuklary aktiwistlerinden Raýat kömek komitetiniň adyndan özüne we maşgala agzalaryna “Russiýanyň çägindäki yzarlamalaryň gyssagly bes edilmegini döwlet edaralaryndan talap etmegi” haýyş etdi.
Fergana.Ru