Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Turkmenistanyň adam hukuklary barada hasabat ýaýratdy.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Turkmenistanyň adam hukuklary barada hasabat ýaýratdy.

Konstitusiýa laýyklykda, Türkmenistan iş ýüzünde dünýewi döwlet bolmaly, ýone Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we onuň ýaranlary tutuş ýurda gözegçilik edýär.

Geliň, türkmen raýatlarynyň hukuklarynyň iň gödek bozulmalaryny gysgaça sanap geçeliň. Olara şular girýär: esassyz tussag etmek; Polisiýada we türmelerde gynamalar; Türmeleriň agyr we durmuş üçin howply şertleri; syýasy tussaglaryň bolmagy; Aýallara garşy zorluk üçin jogapkärçiligiň bolmazlygy; Regime garşy çykýanlary ýurduň daşynda yzarlamak; Kazyýetiň garaşsyzlygy bilen baglanyşykly çynlakaý meseleler; Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi bilen häkimiýetleriň esassyz gatyşmagy; Habar beriş serişdelerinde we internetde söz azatlygynyň çäklendirilmegi; Parahatçylykly ýygnak azatlygynyň bolmazlygy; Din azatlygynyň çäklendirilmegi; Hereket azatlygynyň çäklendirilmegi; Adalatly saýlawlar arkaly häkimiýeti parahatçylykly üýtgedip bilmezlik; Syýasy gatnaşyga çäklendirmeler; Korrupsiýa; Jyns taýdan diskriminasiýa; Adam söwdasy; Erkekleriň arasyndaky bir jyns gatnaşyklary üçin jenaýat jogapkärçiligi; Işçileriň birleşmek azatlygynyň çäklendirilmegi; Mejbury we çaga zähmeti.

22 shypadan ybarat Hasabat barada has giňişleýin maglumaty ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň web sahypasynda tapyp bilersiňiz.

Rejimiň türkmen raýatlarynyň hukuklarynyň berjaý edilişi barada hasabat çap etmeýändigine üns beriň. Mundan başga-da, Konstitusiýanyň we Kanunyň gödek bozulmalaryny ykrar etmek üçin rejimiň hiç syýasy erki ýok. Türkmen halkynyň hukuklarynyň bozulmagy üçin jogapkär adamlar degişlilikde jezalandyrylanda ýekeje-de waka bolmady. Türkmen işgärleri halkara ýygnaklarynda yzygiderli çykyşlarynda kabul edilen we bar bolan kanunlary we düzgünleri regimiň uly üstünligi hökmünde görkezjek bolup synanyşýarlar. Kämahal turkmen çinownikleri özleriniň habarlarynda bulaşyp, halkara arenasynda masgara bolýarlar.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy bilen baglanyşykly açyk hat.
Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň...
Права и свободы TуркменErkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч2
Права и свободы TуркменErkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч2
Права и свободы Tуркмен/Erkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak-hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч1
Права и свободы Tуркмен/Erkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak-hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч1
Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.
Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.
Azatlyk Radiosy: „Azatlygyň Türkmenistandaky öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow aradan çykdy“
Azatlyk Radiosy: „Azatlygyň Türkmenistandaky öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow aradan çykdy“