Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Nähäk gan ýerde galmaz!

 Nähäk gan ýerde galmaz!

15 ýyl mundan owal Ogulsapar Muradowa, Annagurban Amangylyjow we Sapardurdy Hajyýew içalylykda aýyplanyp tussag edilipdi we olar 6 we 7 ýyl galp jenaýat maddalary bilen azatlykdan mahrum edilipdi.

Myradowa öz pikirdeşleri, dogany Hajyýew we aktiwist Amangylyjow bilen bilelikde saklandy we ilki içalylykda, soňra bolsa bikanun ok-ýarag saklamakda aýyplandylar.

Üns beriň, ilki häkimiýetler olary “içalylykda” aýypladylar. Prokuror Atajanowa we prezident Nyýazowyň özi muny aç-açan aýtdylar. Daşary ýurt habarçylarynyň we Fransuz, Iňlis ilçihanalarynyň işgärleriniň atlary hem agzalypdy. Bularyň hemmesi döwlet telewideniýesinde görkezilipdi. Şeýlelik bilen, häkimiýetler, birinjiden, raýat jemgyýetini gorkuzmak, ikinjiden, olary iň ýokary möhlet bilen ýazgarmak islediler. Emma üstünlik gazanyp bilmediler. Sebäbi ähli hukuk goraýjylar we ilçihanalar bu aç-açan aldawy ret etdiler. Şonuň üçin soň “içalyçylyk” diýlip görkeziljek bolnan mesele aýyplamadan aýrylypdy.

2006-njy ýylda Muradowa tussag edilenden we syýasy sebäplere görä kazyýet işinden birnäçe gün soň gözenegiň aňyrsynda aradan çykdy.

Fransiýanyň Galaxie-Presse kompaniýasynyň Türkmenistan barada taýýarlanan dokumental filmi (Turkmenistan: welcome to Nyazovland) efire bermegi bilen, aktiwistlere bildirilen aýyplamalaryň durşuna toslamadygy, türkmen häkimiýetleriniň “içaly” ýa “duşman” edip görkezjek bolan raýatlarynyň bar günäsiniň raýat aktiwligi bolandygy, olaryň hiç bir kanuny bozmandygy we fransuz žurnalistlerine ýurtda bolýan gündelik zatlar barada film taýýarlamaga kömek edendigi belli boldy – diýp Azatlyk Radiosy bu güne bagyşlanan reportažynda belledi.

Türkmen rеžimi bu mesele boýunça gepleşiklerden gaça durmak üçin dürli usullar bilen synanyşdy. Emma žurnalistler, aktiwistler, adam hukuklaryny goraýjylar, ýuristler we aklawçylar ellerinde bolan faktlar bilen bu aýyplamalaryň manysyzdygyny subut edip bildiler. 2018-nji ýylda BMG-niň Adam Hukuklary Komiteti Türkmenistan hökümetini adam hukuklaryny goraýjy Ogulsapar Muradowanyň gynalmagyna we ölümine jogapkär hasaplady.

Şu sebäpli Human Rigts Watch adam hukuklaryny goraýan guramanyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Reýçel Denber "Netijede, Türkmenistan hökümetiniň Ogulsapar Muradowanyň elhenç gynamalary we ölümi üçin jogapkärçiligini abraý bilen ykrar etdik" -diýdi.

“Muradowa syýasatçy ýa-da oppozisiýaçy däldi. Ilkinji nobatda, adam hukuklary bilen meşgullanmak kararyna gelip, Azatlyk radiosy bilen hyzmatdaşlyga nädip başlady? –diýen soraga Turkmen Helsinki Fondynyň başlygy Tajigul Begmedowa şeýle jogap berdi:

“Ol raýatlaryň käbir hukuklarynyň bozulýandygyny görüp, biperwaý galmaýan adamlaryň biridi. Ol entek student wagty talyplaryň hereketlerine işjeň gatnaşypdy. Soňra aýallar geňeşine, kärdeşler arkalaşygyna işjeň gatnaşypdy. Bir wagtlar hatda kärdeşler arkalaşygy komitetine-de işiniň gapdalyndan jemgiýetçilik esasda ýolbaşçylyk edipdi. Oz wagtynda Köşide bolan ýüz töweregi aýallaryň nägilelik hereketi barada material berendigini bilýärin. Ol bize türmelerdäki agyr şertler, bikanun iş kesilen adamlar hakda maglumat iberipdi. Mysal üçin “2002-nji ýylyň 25 sanjaryň” işi barada. Şeýle hem Bilim ministrliginde (ýurt 9 ýyllyk bilime geçende) başlanan eden-etdilikleri hakda. Myradowa örän mert zenan bolansoň ol köp adamlara kömek ederdi, maslahat bererdi, dogry ýoly salgy bererdi. Ol Aşgabatda ýerleşýan ÝHHG we ösen ýurtlaryn Ilçihanalaryna kän ýuzlenerdi, olardan iş etmekligi talap edýardi.

Ogulsapar barada, onuň çagalary, kärdeşleri barada has doly näme aýdyp bilersiňiz? Olar bilimli – sowatly adamlarmydy?

Begmedowa: Bu üçlik tussag edilende Ogulsaparyň çagalary hem tussag edildi. Myradowa, çagalary, jigisi Sapardurdy, olaryň dosty Annagurban – hemmesi ýokary bilimli turkmen raýatlarydy. Ýöne olaryň hiç biri dyza çökmedi, etmedik jenaýatyny öz-özine boýun almadylar, TW-de çykyş edip ötünç soramadylar, resmi gazýetlere makala ýazmadylar. Нiç biri.

Bu aktiwistleriň pozisiasyna düşunip bolýar: Eger sen kanuny bozmadyk bolsaň – onda näme üçin sen ötünç soramaly? Eger prokuror, MHM işgarleri Kanunyň ýerinde ýokardan gelýan buýrugý başlaryna täç edýan bolsalar, onda olaryň günäsini nämeüçin başga birleri boýun almaly? Eger bir ýerde bikanynçylyk bar bolsa, оlar ýorganyň aşagynda ýatýanlardan – däldi. Diýmek, olar mert, raýat pozisiasy aktiw turkmen gahrymanlary. Ýene bir sorag: BMG Muradowa barada 2018-nji ýylda Karar çykardy. Hajiýew bilen Amangylyjowyň bikanun tussag edilendii barada-da karar çykaryldy. Indiki ädim nähili?

Begmedowa: Adalat üçin hiç wagt giç däl. Indi häkimiýetler Ogulsaparyň ölümine gatnaşanlaryň hemmesini anyklamaly we jogapkärçilige çekmeli.

Dogrydanam, aslynda demokratik ýurt bolsa onda hökümet olaryň adyny aklamaly, rebialitasia etmeli, kompensasia bermeli. Ýone Turkmenistan režimiň ony etmýage berk syýasy gaýraty ýok. Turkmenistana name uçin diktator rejim diýilýär?

Ine edil şular ýaly mysallar sebäpli. Edil şular ýaly ýalňyşlary režimiň boýun alyp bilmeýandigi üçin.

Siz häzirki aktiwistlere näme maslahat berip bilersiňiz?

Begmedowa: Biz Muradowa ýaly mert adamlardan görelde almaly. Eger aglabamyz şeýle bolan bolsadyk, onda diktator režim kök urmazdy.

Häzir hem mert oglan-gyzlar bar, olara biz goldaw bermeli, öz hak-hukuklaryny nädip talap etmelidigi öwretmeli. Bu aňsat iş däl, muňa hemme taraplaýyn böwetler bar. Ýone biz oňa seretmezden dogry ýoldan sowulmaly däl.

Diktator režime işleýan, watana duşman bolanlara ýa-da olara ynanýan, “mankurt” bolan, sowatsyz töhmetçilere seretmeli däl. Ahyrsoňunda olar özlerine zyýan ýetirýarler. Biz bolsa öz halal ýolumyzdan gitmeli.

Onda kimiň-kimdigini nädip tanamaly?

Begmedowa: “Ýatan öküze iýim ýok”. Okaň, seljeriň, öwreniň, Häzir internet, google ýaly köp mümkinçilikler bar. Biri size taýýar demokratiýany getirer diýp garaşyp ýatmaly däl. Eger çynyň bilen öz watanyňa, ýurdyňa, nesile kömek etjek bolsaňyz iň bolmasa aktiwistlere böwet bolmaň, o-da siziň goşandyňyz bolar. Häzir ýäşlaryň aglabasy internede girip başlady. Olar Arkadag-tomaşany seretmäne owrenen ýaşlar, şonuň üçin töhmet, aýýplama berýän saýtlara dogrumyka, hakykatmyka dyýyarler, şol saýtlara abuna bolýarlar.

Ýone kem-kemden olar indi hakykatlary owrenip başladylar. Ynha şu bize ynam, güýç berýär. Görşuňiz ýaly täze toparlar döreýar, täze atlar çykýar, bular hökman bolaýmaly zatlar. Bu täze Türkmenistanyň bir taryhy sahypasydyr, biz mundan mertebämizi peseltmän, başymyzy dik tutup geçmeli.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar