ÝHHG-nyň ministrler geňeşiniň Lodzdaky mejlisi hakynda.
1-nji dekabrda Polşanyň Lodz şäherinde ÝHHG-nyň ministrler geňeşiniň 29-njy ýygnagy geçirildi.
Ministrler ýygnagynyň açylyşynda Polşanyň prezidenti Andjeý Duda açylyş çykyşy bilen çykyş etdi.
Soňra duşuşygy häzirki Başlyk, Polşanyň Daşary işler ministri we ÝHHG-nyň häzirki wekiliZbignew Rau açdy. Z. Rau: “Russiýanyň Ukraina garşy agressiýasy sebäpli deňi-taýy bolmadyk krizis bilen ýüzbe-ýüz bolýarys, men we meniň başlyklyk edýän wekiliýetimiň topary ÝHHG-nyň prinsiplerini, ýörelgelerini we emläklerini, edaralaryny, işlerini taslamalary we has wajyp, üstünliklerini… goramak jogapkärçiligini öz üstümüze aldyk.
Men başga ýoly saýlap bilmedim.
Biz Helsinki şertnamasynyň ruhy bilen ugrukduryldyk we ugrukdurylýarys "-diýdi.
ÝHHG-nyň mejlisiniň prezidenti Margareta Söderfelt: “Biz adalatsyzlyga boýun bolup bilmeris" diýip belläp geçdi. Bu ÝHHG ministrler geňeşi Russiýa Federasiýasynyň Ukraina ýetiren zyýanyny öwrenmek üçin ýokary derejeli gurama döretmek üçin çäreleri görmeli,
Russiýa jogapkärçilige çekilmeli. Russiýa bu urşy başlady we ol Ukraina ýetiren zeperleri üçin öwezini dolmaly.
ÝHHG-nyň Baş sekretary Helga Mariýa Şmitt: “Russiýanyň urşy Ukraina we onuň halkyna täsiri diýseň agyr. Goňşularyňyza hem. Bu weýrançylygyň öňünde ÝHHG tarapyndan maliýeleşdirilýän hem doly donor goşmak bilen Ukrainany goldamagyny, Ukraina üçin goldaw maksatnamalary dowam etdirýär, şeýle hem Moldowa, Merkezi Aziýa we Günorta-Gündogar Ýewropa ýaly beýleki ýurtlara berýän goldawy, ÝHHG-nyň özboluşly tejribesi bu möhüm işi dowam etdirmek üçin bizi öz öýi hasap edýän 1,3 milliard adama bergimiz bar diýip hasaplaýaryn”.
Soňra wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna söz berildi.
Olardan birinjisi Ukrainanyň Daşary gatnaşyklar ministri Dmitriý Kuleba boldy, olprezident Wladimir Zelenski tarapyndan teklip edilen "Parahatçylyk formulasynyň" 10 punktyny agzap geçdi:
- Radiasiýa we ýadro howpsuzlygy;
- Azyk howpsuzlygy;
- Energetika howpsuzlygy;
- Tussaglykdaky tussaglary we deportasiýa edilenleri boşatmak;
- BMG Tertipnamasynyň ýerine ýetirilmegi we Ukrainanyň we dünýäniň territorial bitewiligini dikeltmek sargydy;
- Rus goşunlarynyň yza çekilmegi we söweşleriň bes edilmegi;
- Adalaty dikeltmek;
- Ekoside garşy göreş;
- Eskalasiýanyň öňüni almak;
- Urşuň gutarandygyny tassyklamak.
Soňra beýleki delegasiýalara söz berildi. Ýygnak 2 gün dowam etdi.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.