Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistandaky raýatlaryň din azatlygy hukugyna hormat goýýulmazlygy. (Warşawanyň adam ölçeg konferensiýasyndan-2023)

Türkmenistandaky raýatlaryň din azatlygy hukugyna hormat goýýulmazlygy. (Warşawanyň adam ölçeg konferensiýasyndan-2023)

30-njy awgustda dini sebäplere görä watanynda yzarlanan türkmen bosguny Aşyrbaý Bekiýew Moskwadan Aşgabat şäherine deportasiýa edildi. Ol häzirki wagtda Daşoguzyň deslapky tussaghanasynda saklanýar.

Aşyrbaý Bekiýewiň beýleki dogany Täçmyrat hem Türkmenistana ekstradisiýa edilmegine garaşýar. Doganlaryň günäsi, Sankt-Peterburgdaky 12 türkmen talybyna maddy goldaw berendigi we olara Yslam dinini öwredendigi. Täçmyrat terrorçylyga gatnaşmakda we jenaýat jemgyýetini döretmekde günäkärlenýär; Türkmenistanyň Jenaýat kodeksine laýyklykda 10 ýyldan 25 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilmek howpy abanýar.

Başga bir dini ynançly Ahmet Jumadurdyýew hem AHÝK-nyň (Adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýeti) 39-njy düzgüniniň kararyna garamazdan, Türkmenistanyň haýyşy boýunça Russiýadan ekstradisiýa edilmegine basyş edilýär.

Bir aýdan gowrak ozal Türkmenistanda häkimiýetler Balkan welaýatynyň Şarlawuk obasyndan Ýakup atly dini ynançly bir ýigidi diňe Gurhanyň esaslaryny öwredendigi sebäpli tussag etdi. Häkimiýetler ony "Wahhabi" diýip bellediler we Wahhabi toparynyň agzasy hökmünde 6 ýyl azatlykdan mahrum etmek bilen haýbat atdylar. Tussag edilende Ýakuba 15 günläp namaz okamak gadagan edildi.

Ýakynda Azatlyk radiosy: "Türkmenbaşy şäherinde we şol bir sebitde hökümet işgärleri Yslam dinine uýýan raýatlaryň öýlerine gelýär, gözleg geçirýär we Gurhandan başga dini edebiýatlary ellerinden alýarlar" diýdi. Bu habar çeşmelerimiz tarapyndan tassyklandy.

Wagtyň çäklidigi sebäpli teklipleriň diňe bir bölegini belläp geçeýin: Türkmenistan, gol çekilen halkara şertnamalara we Konstitusiýa laýyklykda raýatlaryň din azatlygy hukugyna hormat goýmalydyr. Häkimiýetleri bu mowzuga bolan garaýyşlaryna täzeden garamaga we bu meselede has düşünjeli bolmaga çagyrýarys.

Üns bereniňiz üçin sag boluň.

Annadurdy Hajyýew,

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...