Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmen studenti Türkiýede janyna kast edip aradan çykdy.

 Türkmen studenti Türkiýede janyna kast edip aradan çykdy.

Stambulda bir türkmen studenti öz janyna kast etdi. Çeşmämiziň habaryna görä, 23 ýaşly Ýazdurdy Ýazdurdyýew 27-nji fewralda Stambulyň Maltepe etrabynda aradan çykdy.

“Oglum 3-nji fewralda Stambulda ýitirim boldy. 5-nji fewralda sagat 23:00-da Türkiýeden bir türkmen aýal bize jaň etdi diýip”-ejesi habar berýär. Ol Ýazdurdynyň Türkmenistanyň raýatydygyny öwrenenden soň, öýüne getirip, iýdirip içirendigini aýtdy. Ýazdurdynyň ýeke-täk bilen zady ejesiniň telefon belgisini bermekdi. Onuň el telefony, iýmäge çöregi, elinde puly we ýatjak ýeri ýokdy. 4 gün daşarda ýagyşda ýaşady. “Ogluňyz meniň ýanymda, ýöne ony goldamaga mümkinçiligim ýok "-diýip, aýal Stambuldaky Haýdarpasa keselhanasynyň 112-nji bölümine jaň etdi.

“Meniň oglum Aşgabat şäheriniň Berkaralyk etrabynyň Ç.Aşyrow köçesiniň 58-nji jaýynyň ýaşayjysy Ýazdurdyýew Ýazdyrdy 1998-nji ýylyň 12-nji dekabrynda doglan. Sizden haýyşym Allanyň haky üçin oglumy Istanbul şäherinden öz ýurdumyza dolanmak üçin kömek bermegiňizi haýyş edýärin we oglumuň saglygyny we maddy ýagdaýyny özüm çekip boýnuma alýaryn” diýip Ýazdyrdynyň ejesi Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrliginiň Orunbasaryna ýazan arzasynda görkezýär.

21-nji fewralda Ýazdurdynyň ejesi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasaryndan arzasynyň kabul edilendigi barada jogap aldy. 23-nji fewraldaÝazdurdynyň saglygynyň ýaramazlaşmagy sebäpli ejesi ikinji gezek ýüz tutdy. Ýazdurdurdynyň ýagdaýynyň agyrdygyny düşündirdi we Ýazdurdynyň öz janyna kast etme howpunuň bolandygy sebäpli Daşary işler ministrligini gysga wagtda kömek bermäge çagyrdy. Gynansagam, bu gezek hiç hili jogap gelmedi.

2020-nji ýylyň oktýabr aýynda Ýazdurdy Türkiýäniň Tokat şäherindäki Gaziosmanpaşa uniwersitetine kabul edildi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistandan gelen talyplar üçin bank geçirimleri 50 dollara çenli azaldyldy we şonuň üçin Stambulda iş gözlemeli boldy. Pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli okuw jaýy ýapyldy.

Pandemiýa sebäpli serhetleriň ýapylmagy, käbir ýurtlardaky ykdysady krizis we türkmen häkimiýetleriniň talyplara maliýe kömeginiň çäklendirilmegi türkmen ýaşlaryny we esasanam talyplary durmuşda kyn ýagdaýa saldy. Şol bir wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri bolup geçýän wakalara göz ýumýarlar. Häkimiýetleriň türkmen ýaşlarynyň sesini eşitmekleri üçin umytsyz ädimler ädilýär.

Ynsan hukuklaryny goraýjy aktiwistler daşary ýurtly türkmen ýaşlarynyň ýagdaýyny görkezmek üçin türkmen häkimiýetlerine ýüz tutmaga synanyşdylar.

Ýazdurdanyň jesedi Stambuldaky Ýenibosna morgyna äkidildi. Şu gün öýlän türkmen deň-duşlary we aktiwistleri Ýazdurdynyň jesedini Kilyos gonamçylygynda jaýlarlar. Gynansagam, merhumyň ejesi deslapky gezek kömek soranda, Türkmenistanyň häkimiýetleri utanç biriji ýagdaýda dymdylar.

Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary