Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistanyň hukuk goraýjy güýçleri tarapyndan azyk ýetmezçiliginde zeýrenýän halka basyş güýçlenýär

 Türkmenistanyň hukuk goraýjy güýçleri tarapyndan azyk ýetmezçiliginde zeýrenýän halka basyş güýçlenýär

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde un, çörek, towuk budy, şeker we ösümlik ýagy ýaly esasy iýmit önümleriniň ýiti ýetmezçiligi bilen ýagdaý hasam erbetleşýär. Bu aralykda, hukuk goraýjy edaralar azyk ýetmezçiligi barada köpçülikleýin şikaýat edýän raýatlara basyş etmegı güýçlendirýär.

Aşgabatdaky Azatlyk radiosynyň habarçysy paýtagtyň döwlet dükanlarynyň birinde 14-nji aprelde ösümlik ýagyny, towuk buduny we şeker satýan ýagdaýy beýan etdi. Onuň aýtmagyna görä, bu harytlary satyn almak üçin 200-den gowrak adam dükanyň öňünde ýygnandy. Habarçy nobatyň uzynlygyny ädimler bilen ölçedi.

Adamlardan düzülen nobat 3 hatardan ybarat bolmak bilen 72 ädime uzady - diýip habar berdi . Howpsuzlyk şertleri sebäpli Azatlyk radiosy bu döwlet dükanynyň nomerini we ýerleşýän ýerini mälim etmeýär.

Habarçynyň aýdyşy ýaly, mähelläniň esasy köçeden görünmezligi üçin dükanyň arka tarapynda haryt satylýar we alyjylar şol ýerde nobata düzülýär hatara “Ösümlik ýagy, towuk budy we şeker satuwy irden sagat 8-de başlandy. Sagat onuň ýary töweregi ýagny bir ýarym sagadyň içinde ösümlik ýagy gutardy . Soňra towuk aýaklary hem gutardy, iň soňunda hem şeker gutardy "-diýip habarçymyz habar berdi.

Onuň sözlerine görä, azyk üpjünçiligi günden güne erbetleşýär, nobatda duranlaryň arasynda dawa-jenjel bolýar. Azatlyk radiosynyň başga bir habarçysynyň aýtmagyna görä döwlet dükanlarynda her bir adam iki çörekden artyk çörek almana gadaganlyk girizilenini duýdurdy . Çorba üçin niýetlenen sygyr etiniň süňkleriniň bahasy 38 manada deňdir .

“Azatlyk radiosynyň ýenede bir habarçysy Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde, çörek ýetmezçilik kynçylygy uly gerimlerde möwj alýandygyny habar berdi. Habarçy: "Tejen şäheriniň azyk döwlet dükanlaryna günüň dowamynda bir gezek çörek getirilýär" -diýdi. Onuň sözlerine görä, her gün irden şäheriň çörek bişirilýän edaranyň öňünde adamlardan düzülen uzyn nobatlar nobatlar ýygnanýar. Habarçynyň aýtmagyna görä "Çörek hususy dükanlarda satylanda, ol ýerde 3-5 manat gymmatdygyna garamazdan çalt satylýar" -diýdi. Onuň sözlerine görä, Tejen şäherinde hususy eýeçilige degişli bolan çörek we çörek önümlerini bişirýän adamlar has hem meşhur boldylar. Ýerli häkimýetleriň görkezmesi esasynda çörek bişirilýän edaranyň öňünde çörek satmagy gadagan etdi" -diýip habarçymyz habar berýär.

Mart aýynyň ahyrynda Azatlyk radiosynyň habarçysy şeýle habar berdi . Ýerli ýaşaýjylaryň pikirine esaslansak, döwletiň azyk üpjünçilik babatynda düýpli krizise girendigini habar berdi. Döwletde azyk ýetmezçiligi barha erbetleşýärkä, Türkmeniň prezidenti Gurbanguly Berdymukhammedow 3-nji aprelde söwda pudagyndaky jogapkär özüniň orunbasary Çary Gylyjowa berk käýinç berdi. Emma ýurduň döwlet habar beriş serişdeleri azyk ýetmezçiligi barada hiç hili habar bermeýär. Şeýle hem bu wagtlar , hukuk goraýjy edaralaryň azyk ýetmezçiliginden zeýrenýän raýatlara edýän basyşynyň artýandygy barada habarlar bar. Habarçy ygtybarly çeşmelere salgylanyp: "Türkmen hökümeti prokuratura we Milli howpsuzlyk ministrligine raýatlaryň un we ýag ýetmezçiligi baradaky arzalaryny diňlemezligi tabşyrdy" .

Azyk üpjünçilik meselesinde ýagdaý gaty agyr . Şu gün Farap şäherinde ýüzden gowrak aýal un berilmegini haýyş edip , ýerli häkimlige bardylar . Ýöne döwlet tarapyndan hiç hili goldaw görmediler . Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, arz edýänler arz-şikaýatlaryny bes etmeseler, 15 gün tussag edilip bilinjekdigi duýduryş berildi.

Azatlyk Radiosy

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi