Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Gurnama jenaýat sebäpli aýyplanýan ýurist, wagtlaýyn tussaghana geçirildi.

Gurnama jenaýat sebäpli aýyplanýan ýurist, wagtlaýyn tussaghana geçirildi.

Balkanabatdan gelip gowşan habarlara görä, 8-nji sentýabrda,şenbe güni köçe çaknyşygy geçenden soň, şäher polisiýasynyň sülçisi Kümmet Ylýasow 48 ýaşly ýurist Pygambergeldi Allaberdiýewiň tussag edilmelidigi barada buýruk berdi. (09/07/2020 metbugat beýanatymyza serediň).

Geçen hepde ýurist birnäçe günläp gözegçilik edildi. Türkmenistanyň ýörite gullugy oňa protest hereketine gatnaşyjylar bilen arabaglanyşygy güman edip, duşenbe güni Aşgabat şäherine äkitmegi meýilleşdirdi. Emma waka köpçülige aýan bolansoň, başda göz öňünde tutulan meýilnamalar üýtgedi.

8-nji sentýabrda öýlän Allaberdiýew henizem ýerli wagtlaýyn tussaghanady Ýöne, şäher prokuraturasynyň Allaberdiýewi tussag edilmegine rugsat berip, kazyýetden öňki tussaghanada saklanmagyna rugsat berendigi barada bize habar berildi. Tutulan adam 108-nji madda (bilgeşleýin saglyga ortaça zyýan ýetirmek) we Türkmenistan Jenaýat kodeksiniň 279 (huligançylyk) boýunça jenaýat etmekde günäkärlenýär. Wakanyň şaýady bu aýyplamany bilkastlaýyn toslama diýip atlandyrýar.

Allaberdiýewiň garyndaşlary aklawçy Şyhmyrat Myratjanow bilen adwokat hyzmatlary barada şertnama baglaşdylar. Emma, aklawçy adwokat müşderisi bilen entek duşuşyp bilmedi. Haryt geçirmäne we görüşmäne entäk rugsat berilenok.

Allaberdiýewiň tussag edilmeginiň sebäbi, sosial medialarda dartgynlygyň ýokarlanmagy we oppozisiýanyň Türkmenistanda protest geçirmek çagyryşynyň fonunda ýüze çykdy. 7-nji sentýabrda turkmen.news -yň

Habar bermegine görä, Balkanabadyň 200-e golaý ýaşaýjysy, bankomatlardan pul çekmek üçin köp sagatlap garaşypdyrlar. Ilat şäher merkezlerine baryp, hökümet edaralaryndan bu meseläni çözmek üçin çäreleri görmegini islediler. Balkanabatdaky bu hereket barada maglumat garaşsyz çeşme tarapyndan tassyklandy. Turkmen.news-yň ýazyşy ýaly, ertesi gün häkimiýetleriň görkezmesi bilen bank adminstrasiýasy bankomatdan pul çekmek isleýänler üçin talonlary hödürledi, bu bolsa iş ýüzünde bir gezekde çekilýän puluň mukdaryny 800 manada getirdi. (takmynan 34 Amerikan dollaryna deň) Edilen tagallalara seretmezden nobatlar henizem dowam edýär.

Bellik: 09/07/2020 senede çap edilen press-relizde tussagyň adynyň - Pygamberdi adynyň ýazylyşynyň gysgaldylan görnüşini ulandyk.

Täjigül Begmedowa Ynsan haklary barada Türkmen Helsenki Gaznasy

Witaliý Ponamarýow Memorial adam hukuklar merkezi.

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.