Ynsan hukuklaryny goraýjylar Türkmenistanda adam hukuklary ýagdaýy barada umumy hasabat maglumatyny taýýarladylar.
Adam hukuklary boýunça Türkmen başlangyjy we Adam Hukuklary üçin Halkara Hyzmatdaşlyk guramalary Türkmen hökümetiniň COVID-19 ýokanç keseli barada we beýleki krizislere berýän jogaplary hakynda öz analizleri barada umumy hasabat taýýarlady we neşir etdi. Çap edilen hasabatda ýurtdaky hakyky ýagdaý barada, maglumatlary gizlemek, jemgyýetçilik gyzyklandyrýan temalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň öňüni almak we raýatlaryň arasynda başgaça pikirleri basyp ýatyrmak maksady bilen ýaşaýjylary gözegçilik etmek we gorkuzmak barada aýratyn nygtalýar.
“COVID-19 koronawirus dünýä epidemiýasynyň öňüni almak we garşysyna göreşmek hakynda edilýän işler barada, ýaňy-ýakynda ýurtda bolup geçen tebigy hadysanyň weýrançylykly täsirleri barada, şeýle hem garyp düşen ilatyň azyk ýetmezçiliginde ejir çekýänliginiň esasy sebäbi häkimiýetleriň alyp barýan syýasyty bolup durýar "-diýip hasabatda bellenilýär.
Türkmenistanyň hökümeti şu wagta çenli COVID-19 ýokanç keseli bilen keselläp, hasaba alnan ýekejede adamyň ýokdygyny nygtap gelýär. Şol bir wagtyň özünde, türkmen hökümeti Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenlerini ýurdyň içindäki koronawirus bilen ýagdaýy öwrenmek üçin saparyny guramak üçin ýeterli derejede goldaw bermedi. Türkmenistanyň hökümeti ilat arasynda howsala düşmezligi üçin koronowirus bilen baglanyşykly temalaryň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň öňüni almak üçin aktiw iş alyp bardy. Netijede, köpçülikleýin ýerlerde COVID-19 koronowirus bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga synanyşandyklary üçin yzarlanmalar bilen haýbat atylýan raýatlar tussag edildi.
Mundan başga-da, 2020-nji ýylyň aprelinde ýurduň käbir welaýatlarynda bolup geçen tebigy hadysanyň weýrançylykly täsirlerini, şeýle hem esasy azyk önümleriniň ýetmezçiligi bilen baglanyşykly ýagdaýyň ýaramazlaşmagynyň dowam etdirýändikleri gizli ýagdaýda saklanylyp gelinýär. Döwlet tarapyndan döwletiň abraýyna howply maglumatlaryň daşara çykmagynyň öňüni almakda güýçli depginde çäreler alnyp barylýar.
“Ýurduň häkimiýetleri, döwlet habar beriş serişdelerine berk gözegçilik etmek bilen, halkara maglumat çeşmelerine girmäne mümkinçiliginiň , öňüni almak ugrunda uly tagallalar edilýär. Hökümediň alyp barýan syýasatyny tankytlamak, pikiriňi erkin beýan etmek r we başga-da birnäçe meselelerden habarly bolmazlygy üçin elinden gelenini edýärler- diýlip hasabatda giňden bellenilýär. Häkimiýetler, öz pikirine görä, daşary ýurt habar beriş serişdelerine material iberen ýa-da türkmen režimini tankytlaýan petiklenen internet sahypalaryna girmek üçin ýörite gözegçilikden geçiş gurallaryny ulanmak bilen, raýatlary gözegçilikde saklamak we gorkuzmak işleri bilen aktiw ýagdaýda meşgullanýar. Bütin dünýäde koronowirus ýokanç keseliniň möwj almagyna seretmezden, türkmen häkimýetleri gurnalan köpçülikleýin çärelere halkyň gatnaşmagyny zor bilen talap etmegini dowam etdirýärler.
Hasabat, TIHR we IPHR tarapyndan 2020-nji ýylyň iýun aýynda onlaýn konferensiýa arkaly geçiriljek Türkmenistan-EUB adam hukuklary gepleşikleri üçin taýýarlandy.