Human Rights Watch Adam hukuklaryny goraýjy halkara adam hukuklary guramasy (HRW) Türkmenistanyň häkimiýetlerini Altymyrat Annamyradowyň ölüm ýagdaýlaryny derňemäge çagyrdy.
A. Annamyradow häzirki wagtda Şwesiýada ýaşaýan žurnalist we Şwesiýanyň raýaty, “Azatlyk” radiosynyň we başga-da birnäçe garaşsyz habar beriş serişdeleriniň öňki işgäri Çary Annamyradowyň dogany, ol 2016-njy ýylyň iýul aýynda Türkmenleriň haýyşy boýunça Belarusiýada tussag edildi we Ç. Annamyradowyň Türkmenistana mejbury gaýdyp gelmegini häkimýetler talap etdi.
Bu pursatdan peýdalanyp, Human Rights Watch guramasy beýannama ýaýratdy, hususan-da Belarus we Türkmen häkimiýetleriniň Şwesiýanyň raýatyna garşy sanksiýalary ulanmaga ýol berilmejekdigini görkezdi we şeýle hem, Annamyradowyň Türkmenistana gaýdyp gelse, hökmany suratda eden-etdiligiň pidasy boljakdygy nygtaldy.
Minskdäki deslapky tussaghanada iki aý geçensoň, Ç. Annamyradow boşadyldy we Şwesiýa gaýdyp geldi.
HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça müdiriniň orunbasary Reýçel Denber: "Altymyrat Annamyradowyň ölümi, häkimiýetleriň sürgünden şahsyýeti alyp bilmedik syýasy ar almagy ýaly şübheli görünýär" -diýdi. "Türkmen häkimiýetleri Çary Annamyradowy we maşgalasyny ençeme ýyl bäri yzarlaýarlar, indi bolsa doganynyň meşhur dissidenti ekstradisiýa etmek synanyşygy bilen baglanyşykly halkara dawa-jenjeliň pidasyna öwrülen ýaly görünýär."
R.Denber: "Biz Altymyrat Annamyradowyň maşgalasynyň ykbaly barada aladalanýarys" -diýdi. "Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary Aşgabat şäherine bu maşgala bilen ýakyndan gözegçilik etjekdiklerini we hökümetden howpsuzlyk kepilliklerini talap etmelidigini gönüden-göni aýtmalydyrlar."