Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Rusiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Teke bazaryň we Orusbazaryň maglumatlaryna ynanýar.

Rusiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Teke bazaryň we Orusbazaryň maglumatlaryna ynanýar.

11-nji iýunda Rusiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Aleksandr Blohin, 12-nji iýunda Russiýa Federasiýasynyň döwlet baýramçylygy bolan Rusiýa gününe bagyşlanan ýerli we daşary ýurtly žurnalistler üçin duşuşyk gurady.

Habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň soraglaryna jogap beren rus diplomaty, beýlekiler bilen bir hatarda COVID-19 koronawirus pandemiýasynyň meselelerine we Türkmen häkimiýetleriniň Türkmenistanyň çäginde bu wirusa ýokaşma ýagdaýynyň mümkin däldigini öňe sürdi.

Hökümediň tarapdary hökmünde Türkmenportal ady bilen tanalýan metbugatda çap edilen çykyşyna ünsümizi çekeliň.

A. Blohin: " resmi maglumatlara görä Türkmenistanda koronawir ýok, biz muny gytaklaýyn alamatlar bilen görýäris" -diýdi. - Bir zat bar bolsa, beýle maglumatlary saklamak mümkin bolmazdy. Aşgabadyň Tekebazarynda ýa-da Orusbazarynda resmi metbugata garanyňda beýle habar has çalt ýaýrardy. Emma şu günki gün beýle maglumat ýok. Şol sebäpden, biz türkmen häkimýetleriniň resmi maglumatyna ynanýarys. Şeýle bolsada hiç kim 100 göterim kepillendirip bilmez, esasanam epidemiýa ýaly ýagdaýda. Türkmen häkimiýetleri her iki hepdede maslahat geçirýärler, diplomatik wekillerine ýagdaý we görülýän çäreler barada hasabat berýärler. Görülýän çäreler talaplara laýyk bolmak bilen beýleki ýurtlardakylar bilen deňeşdirende uly netijelere eýedir . "

Rus diplomat: şeýle hem, Türkmenistanyň söwda dolanyşygynyň ösüşi we ilaty azyk bilen üpjün etmek barada kynçylyklaryň ýokdugyny belläp geçdi.

“ Eger haryt talaplary ösýän bolsa, diýmek bu haryt akymlarynyň hereket edýändigini aňladýar. Şeýle hem dükanlara seretmek ýeterlik. Harytlaryň hemmesi tekjelerde. Elbetde, döwlet nyrhy hakynda gürrüň etsek, bu başga mesele bolup durýar. Käbir habar beriş serişdeleriniň Türkmenistanda açlyk diýen ýaly bardygyny ýazmagy manysyz, ýöne beýle zat ýok. Men bolup geçýän wakalara obýektiw ýagdaýda seretmäne çalyşýaryn "-diýip Rusiýa federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçisi aýtdy.

Şeýle-de bolsa, Blohiniň eden çykyşyna üns bermek bilen, Hronika Türkmenistan şulary bellemek isleýär. “2015-nji ýylda ýurtda ykdysady krizis başlamagy bilen, un, çörek, ýumurtga, ýag, şeker ýaly esasy azyk önümleriniň döwlete degişli bolan dükanlarda gaty seýrek satylýandygyny bellemelidiris. Hususy söwda nokatlarynda welin, önümler elmydama bar . Seýrek ýagdaýlarda bu ýerde-de wagtal-wagtal ýetmezçilik bolýar. Şeýle-de bolsa, olaryň bahasy döwlete degişli bolan dükanlar bilen deňeşdirende birnäçe esse gymmat bahada satylýar.

Ozal habar berlişi ýaly 8-nji iýunda Rusiýanyň Federasiýasysynyň prezidenti Wladimir Putin A.Blohine "Russiýa Federasiýasynyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmäge goşan uly goşandy we köp ýyllyk döwlete eden gullugy" üçin Hormat ordenini bermek baradaky karara gol çekdi.

GÜNDOGAR

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi