Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkiýedäki türkmen migrantlary pasport meseleleriniň çözülmeginiň gözlegi uğrunda ykballaryna terk edildiler.

Türkiýedäki türkmen migrantlary pasport meseleleriniň çözülmeginiň gözlegi uğrunda ykballaryna terk edildiler.

Köpçülikleýin işsizlige sebäp bolan awtoritar Türkmenistanyň öňüni görüp bolmaýan ykdysady we jemgyýetçilik syýasatlary sebäpli köp sanly türkmen raýaty gowy durmuş gözlemek we eklenç etmek üçin beýleki ýurtlara gidip başlady. Şeýle ýurtlaryň biri Türkiýe Respublikasydy.

Karantin girizilenden soň, COVID-19 bilen baglanyşykly serhetleriň ýapylmagy bilen, köp sanly türkmenleriň resminamalarynyň möhleti gutardy, türkmen konsullyklary täze pasport bermekden ýüz öwürdi we olaryň uzaldylmagy migrantlaryň köpüsiniň meselesini çözmedi. Bu ýagdaý, türkmen migrantlarynyň Türkiýedäki ýagdaýyny hasam erbetleşdirdi.

Şeýle hem, Türkiýäniň özi tarapyndan Migrasiýa syýasatynyň berkidilmegi we wiza girizmek barada ikitaraplaýyn şertnamanyň kabul edilmeginiň türkmen häkimiýetleriniň haýyşy boýunça bolandygyny bellemelidiris. Ýene-de ykdysady kynçylyklar, korrupsiýa we Türkmenistanda gutulgysyz syýahat gadaganlygy sebäpli köp sanly türkmen täze pasport almak üçin öz watanyna dolanmakdan ýüz öwürýär.

Türk häkimiýetleri tarapyndan migrasiýa syýasatynyň güýçlendirilmegi on müňlerçe türkmeniň tussag edilmegine we ýurduň dürli künjeklerindäki deportasiýa merkezlerine iberilmegine sebäp boldy. Netijede, köp sanly türkmen migranty birnäçe aýdan bir ýyla çenli deportasiýa merkezlerinde bolýarlar.

Diňe ýaňy-ýakynda halkara hukuk goraýjylaryň basyşy bilen türk häkimiýetleri türkmen migrantlaryna garşy has ýumşak syýasat alyp barmaga başlady.

Türkiýäniň prezidenti tarapyndan iş güni däl diýlip yglan edilen Remezan aýynyň 10 günlük baýramçylygy sebäpli, migrantlaryň Türk Migrasiýa gullugynda arzalaryna garamak işi 10 gün yza süýşürildi. 7-nji aprelden başlap türk migrasiýa bölümleri işine täzeden başladylar we migrantlary kabul edip başladylar.

a

Içerki çeşmämiziň pikiriçe, dynç alyşdan soň Türkiýäniň ähli migrasiýa edaralaryna köp sanly adamlar ýygnandy. Mysal üçin, 7-nji aprelde sowuk we ýagyşly howa garamazdan, müňden gowrak migrant Stambulyň Kumkapy migrasiýa merkezine ýygnandy. Merkeziň töweregindäki nobat şeýle bir uludy welin 1,5 km çenli uzaýardy. Nobatda duran migrantlaryň umumy sanynyň ep-esli bölegi türkmen raýatlarydy.

a

Çeşme olaryň birnäçesi bilen gürrüňdeş boldy. "Bu ýerde duranlaryň segsen göterimi deportasiýa merkezlerinden boşadyldy we yzygiderli hasapda durandygyny tassyklatmak we gol çekmek üçin geldi" - diýip, nobatda duran M. gürrüň berdi. Beýleki adamlara goşmaça berlen soraglar onuň sözlerini tassyklady.

a

Kumkapy migrasiýa gullugynda nobata duran üç ýigit tussag edilenden soň boşadylan müňlerçe türkmeniň arasyndan birnäçesidi. Olaryň biri deportasiýa merkezinde bir ýyldan soň, ikinjisi 8 aýdan, üçünjisi 6 aýdan soň boşadyldy. Üç dostuň hemmesi Stambulda geçirilen reýd wagtynda (pasportlarynyň möhletiniň gutarandygy sebäpli) tussag edildi. Soňra bolsa Malatýa şäherdäki deportasiýa merkezine äkidildi. Ýigitleriň sözlerine görä, ol ýerde köp sanly türkmen raýaty saklanypdyr. Hatda tussag edilip, ol ýere äkidilende, olar Türkmenistana ugraýas diýip düşündiler.

Deportasiýa merkezinde olar dostlaşdylar we mümkin boldugyça birek-birege kömek etdiler. "Merkezdäki şertler oňaýsyzdy, köplenç aç galýardyk, gyşda sowuk we tomusda yssydy. Arassaçylyk ýokdy we merkez adamdan doludy. Düşek ýeterlik däldi, nobat bilen ýatmaly bolýardyk. Ýöne, Hudaýa şükür, ol günler geçdi. Häzirki wagtda iň möhüm zat, Türkiýede kanuny ýagdaýda galmak üçin meseläni çözmek. Mundan başga-da, türk hökümeti biziň ýaly adamlar üçin galmagyň şertlerini gowşatdy, şonuň üçin indi her hepde migrasiýa gullugyna gelip, migrasiýa hasabatyna gol çekmeli. Biz bosgun statusyny almak üçin aklawçy hakyna tutduk.Eger işimiz şowly bolaýsa, bu ýerde galmagymyzy kanunlaşdyrarys we bu ýerde gazanç etmegi dowam etdireris. Türkiýede işlemek, watanymyzdaky maşgalalarymyza maddy kömegi bermäge mümkinçilik berýär. Eger biz gitsek, özümiz we ýakynlarymyz watanymyzda aç galarys" - diýdiler.

Içerki çeşmämiz gürleşip duran wagty, nobatdaky adamlaryň arasynda tolgunyşyk başlandy. Nobatyň çalt uzaýandygyny gören Kumkapy migrasiýa merkeziniň işgärleri polisiýa çagyrdylar. Polisiýa köçede duran adamlara ýüzlenip: "Siziň araňyzdan kimde-kim hasabata gol çekmek üçin gelen bolsa, islendik gün iki hepde içinde gelip bilersiňiz, bu gün kabul edişlik bolmaz"- diýdi. Ol ýerde duranlaryň käbiri gaharlandy we eýýäm şeyle hem bir hepde gijä galandyklaryny aýtdylar.

Polisiýanyň bildirişini wideo düşürip alan migrantlar hem bardy. "Polisiýa meni ýolda saklasa, men bu wideony görkezerin, ýogsam meni hasabat gol çekmek üçin gijä galandygym üçin tussag edip bilerler..."- diýip, olaryň biri bu hereketini çeşmämize düşündirdi.

a

Bu bildirişden soň nobatda duran migrantlaryň ýarysyndan gowragy gitdi. Söhbetdeşleriň biri "Bular deportasiýa merkezinden boşadylan türkmen migrantlarymyz"-diýdi. "Hemişe bolşy ýaly, konsullyk meselelerimizi çözmekden saklanýar. Konsullyk Türkmenistanyň Migrasiýa gullugyna salgylanýar. Kanuna hormat goýulmasa, her kim islän zadyny edýär we başgalary günäkärleýär ... "

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.