2022-nji ýylyň 24-nji martynda Türkiýede ýaşaýan bir türkmen raýaty, Azatlyk radiosynyň türkmen gullugynyň öňki habarçysy 36 ýaşly Rüstem Ýusupow maşgalasy bilen bosgun statusy üçin ýerli häkimiýetlere ýüz tutdy. Iýun aýynyň 1-de maşgalanyň türk aklawçysy migrasiýa gullugyndan bu işiň has içgin öwrenilmelidigi barada jogap aldy, sebäbi bu migrantlaryň bu arzany gözden geçirmek üçin ikinji synanyşygydy.
21-nji iýulda Stambuldaky Migrasiýa gullugyna söhbetdeşlik üçin Rüstem, 35 ýasly aýaly Mähri we kämillik ýaşyna ýetmedik 3 çagasy çagyryldy. Ol ýerde lukmançylyk barlagyndan geçdiler we ertesi gün maşgala deportasiýa merkezlerine iberildi: Rustem - Tuzla şäherine, aýaly, 8, 6 we 3 ýaşly üç çagalary bolsa Silivri şäherindäki ("Selimpasha") deportasiýa merkezlerine ugradyldy. 23-nji iýulda Rüstem Ýusupow Afyon şäheriniň migrasiýa gullugynyň polisiýa bölümine geçirildi.
2016-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli Türkiýä göçüp gelen türkmen raýaty Ýusupow Rüstem, Arslan lakamy bilen Azatlyk radiosynyň türkmen gullugy bilen hyzmatdaşlyga başlady. 2018-nji ýylyň ahyryndan bäri türkmenleriň ýörite hyzmatlary Türkmenistandaky garyndaşlaryna basyş edip başlady. Şondan soň, Rüstemiň adam hukuklaryny goraýjylara aýdyşy ýaly, Azatlyk radiosy arkaly türkmen häkimiýetlerine garyndaşlaryna basyş etmegi bes etmeklerini aç-açan haýyş etdi.
“2019-njy ýylyň 23-nji ýanwaryndan hakyky adym bilen aç-açan çykyş edip başladym. 2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň daýhan birleşiginde ýaşaýan ene-atama jaň etdim. Etrap prokuraturasynyň we Aşgabat şäherinden hukuk goraýjy edaralaryň birnäçe işgäri 66 ýaşly ejem Şeker Ýusupowanyň öýune geldiler. Umuman aýdanyňda, olar öýe 2 gezek barypdyrlar, 4 gezek bolsa ýerli polisiýa merkezine çagyrypdyrlar, şol sanda meniň inim 33 yaşly Altyny we aýalymyň aýal doganyny hem. Häkimiýetleriň ähli talaplary: "Rüstem Azatlyk radiosynda gürleýär, agzyny ýum diýiň, ýogsam nädip dymdyrmalydygyny biz bilýäris".
Rüstemiň aýaly Mähri, türkmen aktiwistleriniň onlaýn çekişmelerine yzygiderli gatnaşýar. Internet söhbetdeşligine gatnaşyjylar onuň teswirlerini hemişe gyzyklanma bilen diňleýärler.
Aklowjylaryň we aktiwistleriň utgaşdyrylan işi netijesinde Rüstem Ýusupow 26-njy iýulda öýüne gaýdyp geldi, aýaly we üç çagasy 29-njy iýulda Deportasiýa merkezinden boşadyldy. Maşgala gaçybatalga arzasynyň gözden geçirilmegini talap edýär.
Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.