Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Taganowa: “ Nesip bolsa, tiz wagtdan görüşeris”

Taganowa: “ Nesip bolsa, tiz wagtdan görüşeris”

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasynyň başlangyjy bilen Dursoltan Taganowanyň ýüzlenmesiniň audio ýazgysyny almak başartdy. Türkmen aktiwistleri ýazgyny internetde ýerleşdirdiler.

Aklawçy D.Taganowanyň pikiriçe, kazyýet işine garamak gaty haýal bolsa-da, türk kanunlaryna laýyklykda hereket edýär. Onuň beren iki şikaýat arzasy boýunça derňew häzirki wagt hem dowam edýär. Mundan başgada, Taganowa gaçybatalga bermek baradaky arzasynyň kabul edilendigini we "ähli resminamalar bilen birlikde şol resminany hem papkanyň içinde bardygyny gördüm" diýip Taganowa habar berýär.

Dursoltan 19-njy iýuldan bäri Stambulyň deportasiýa merkezinde saklanylýar. Ol Türkmenistanyň geljegi üçin bu öwrülişik pursatynda bendilikde saklanyp, ýurduň içinde we daşynda türkmen halkynyň hukuklaryny giňden bozýan türkmen režimine garşy herekete gatnaşyp bilmeýändigini gaty gynanýar.

"Men bu ýola kynçylyk çekýän aýal-gyzlarymyza goldaw bermek üçin çykdym. Mysal üçin Türkmenabadly Gulnara, garyp ýaşaýşy sebäpli ölüp howpunda agyr syrkaw ýatan çagasyna kömek edip bilmeýär . Öz nägileligiň alamaty hökmünde ol awtomobil ýolunyň çatrygynda alaçsyz oturdy! 10-15 ýyl bäri çagalaryny görmedik aýallaryň hatyrasyna döz gelmän, iň bolmanda ýeterli bilim bermek, çagalaryny aýak üstünde goýmak üçin Türkmenistanyň daşynda işlemäge mejbur bolan zenanlarymyzy goldamak üçin çykdyk. Daşary ýurtlar da bilim alan, ýöne watanynda iş tapyp bilmedik talyplaryň haky üçin . Ähli watandaşlaryň haky üçin. Adamlar näsag halatynda derman tapyp bilmeýärler, tapsalar-da, satyn almana pullary ýok . Ençeme ýyllaryň dowamynda adamlar daşary ýurtlarda maşgala eklemek üçin mejbur bolýarlar .

Mende diňe bir mesele bardy - Türkiýede wiza alyp bilmedim. Birnäçe gezek edilen synanyşyklara garamazdan , kanuna laýyklykda türkmen häkimiýetleri maňa resminama bermelidiler.

Stambul şäherindäki Türkmen konsullygy nägilelik ýörişine gatnaşan 6 adama garşy şikaýat etdi. Meniň adym hem olaryň arasynda bar. Aýdylyşyna görä, hamana men prezidenti kemsidenmişim we oňa garşy çykyş edenmişim. Ýok, men ony kemsitmedim, öz pikirimi aýtdym, hakykatlary aýtdym . Halk açlyk çekýär, şol bir wagtyň özünde-de prezident balyk tutmakda, welosipedde gezmek, DJ-lik edip hezil edýär. Bize öz halky hakda alada etmeýän prezident gerek däl ... Berdimuhamedow! Sen biziň Arkadagymyz däl, sen biziň prezidentimiz däl!

Türkmenistanyň howpsuzlyk güýçlerine ýüzlenýärin, biz siziň duşmanyňyz däl. Näme üçin bize garşy beýle hereket edýärsiňiz? Biz hak hukugymyz üçin bu ýola çykdyk. Näme üçin garyndaşlarymyzy yzarlaýarsyňyz? Siz daşary ýurtlarda zähmet çekýän watandaşlarymyzyň garşylaşýan kynçylyklaryndan hiç hili habaryňyz ýok. Olaryň ýagdaýy gaty agyr. Şol sebäpli bu herekete başladyk . Biziň bir sany duşmanymyz bar , oda Berdimuhamedowdyr. Özi öz hereketleri bilen öz halkyny özüne duşman etdi.

Seni tussag etmek bilen, meni gorkuzarsys öýdüp pikir etdiňizmi? hawa, häzirki ýagdaýa gaharym gelýär. Emma, men durmaryn . Çykan günümden başlap, türkmen hökümetiniň alyp barýan syýasatyna garşy nägileligini aýdyp bilýän, ähli watandaşymyzy goldaryn. Elbetde biz Berdymuhamedowdan dynarys . Indi biz şu wagt näme etmeli? Bäş welaýat agzybir bolup birleşmeli . Ildeşler, hemmäňize üstünlik arzuw edýärin . Men siziň üçin dileg edýärin we meniň üçin dileg edýänlere minnetdarlygymy bildirýärin. Ýakyn wagtda görüşeris diýip umyt edýärin. "

Bellik: Birnäçe ýyl bäri ýüzlerçe müň türkmen raýaty daşary ýurtlardaky türkmen konsullyklarynda pasportlaryny täzeläp bilmedi.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy

Iň soňky habarlar

«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
«Хроника Туркменистана»:“Ачилова: остался ли хоть один аксакал, способный выйти вперед?“
Ölüm bilen gutaran wakadan  1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
Ölüm bilen gutaran wakadan 1,5 ýyl soň, ýaş gyzyň maşgalasy türkmen Ombudsmeninden jogap aldy.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
С. Нуримбетова продолжит учебу в Турции/Aktiwistiň gyzy Türkmenistandan çykyp bildi.
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi – THF
Azatlyk Radiosy: Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat...
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.
Aktiwist Hamida Babajanowanyň gyzyna Stambulda okamak üçin Türkmenistandan gitmäge rugsat berildi.