Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türk deputaty ýiten türkmen blogerleriniň ykbaly barada alada bildirdi

 Türk deputaty ýiten türkmen blogerleriniň ykbaly barada alada bildirdi

Fewral aýynda Türkiýäniň deputaty Ömer Faruk Gergerlioğlu Mejlisiň başlygyna ýüzlenip, Türkiýäniň adalat ministri Akyn Gürlekden ýiten türkmen blogerleri A. Sahatow we A. Orusow baradaky iş boýunça maglumat talap etmek barada yüzlenme bilen yüz tutdy.

a

Resminamada ministrligiň 2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkiýäniň Konstitusion kazyýeti tarapyndan bu ýaşlaryň deportasiýasyny wagtlaýyn togtatmak baradaky kararynyň ýerine ýetirilişine degişli gözegçiligi nähili üpjün edendigi anyklanylmalydygy aýdylýar. Şeýle hem bu karar barada degişli edaralaryň habarly edilip-edilmändigi soralýar.

Mundan başga-da, görkezilen şahslaryň “mejbury görnüşde” ýa-da “hasaba alynmazdan” öz watanyna yzyna iberilen (deportasiýa edilen) bolmagy mümkin diýen maglumatlaryň barlanmagy teklip edilýär.

Şeýle hem deputat aýratyn nygtaýar: Konstitusion kazyýetiň üpjün ediş çäreleriniň köplenç ýagdaýda dolandyryş edaralary (esasan hem deportasiýa merkezleri) tarapyndan aslynda täsirsiz edilýändigi baradaky şikaýatlaryň artýan şertlerinde kazyýet edaralary bu merkezlerde nähili derejede gözegçilik amala aşyrýar?

Ahyrsoňunda deputat A. Sahatow we A. Orusow boýunça jenaýat işiniň gozgalandygyny ýa-da gozgalmandygyny hem-de derňewiň häzirki ýagdaýynyň nähilidigini resmi taýdan anyklamagy soraýar.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.