"Reýter" habar gullugynyň habaryna görä, Türkmenistanyň baştutany Saparmyrat Nyýazowyň jaýlanyşyna gatnaşmak üçin gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Riçard Bauçer bu ýurduň häkimiýetlerine gatnaşyklarda täze döwre başlamagy teklip etdi.
“ Men ABŞ-dan, Waşingtondan, Türkmenistanyň halkyna gynanç bildirmek we täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna umyt baglamak üçin geldim” diýip, Bauçer ýurduň ýerine ýetiriji prezidenti Gurbanguly Berdymuhammedow bilen bolan duşuşygyndan soň žurnalistlere aýtdy.
ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary, prezident Nyýazow barada näme diýseler-de, Türkmenistanyň halkynyň näbellilik döwrüni başdan geçirýändigini belläp, “Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň täze gatnaşyklar gurmak üçin açykdygyny” habar bermegi möhüm hasaplady.
Şol bir wagtyň özünde Bauçer, Türkmenistanyň wagtlaýyn hökümetiniň ABŞ-a nähili jogap berjekdigi barada netije çykarmagyň entek irdigini aýtdy.
ABŞ Nyýazowy 21 ýyllyk dolandyryş döwründe adam hukuklarynyň depelenmegi üçin tankytlady, ýöne prezident ölenden soň iki ýurduň arasynda täze gatnaşyklaryň döräp biljekdigini habar gullugy belleýär.
Ýekşenbe güni Aşgabatda 21-nji dekabrda ýüreginiň durandygy sebäpli aradan çykan Prezident Nyýazow üçin resmi hoşlaşyk dabarasy geçirildi.
RIA habarlary.