Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

“Towşana dogduk depe - adama doýduk depe”.

“Towşana dogduk depe - adama doýduk depe”.

Yza gaýdyp gelmegiň kepilligiň gerekligini bize ýene de bir türkmen tassyklady. Özini Rowşen diýp tanadan bir Tňrkmenistanyň watandaşyň beren gurruňini siziň dykkatyňyza hödürleýarys:

„Ýurdumyzda emele gelen ykdysady krizisiň ýetirýän täsirlri netijesinde, daşary ýurda gazanç edinmek ýola düşmegi maksat edindim. Has dogrusy beýleki tanaýanlarym ýaly Türkiýe döwlet ine işlemäne gitmegiň ugruna çykdym. Elbetde erkek adam hojalygyň başynda bolmagy gerek. Emma “gerek deregi ýykar“ - diýlişi ýaly, günden güne barha güýç alýan azyk gytçylygy, işsizlik, parahorlyk, gymmatçylyk meni mähriban ojagymdan, çagalarymdan, maşgalamdan aýrylmak ýoluna iterdi.

Türkiýe döwletine gitmek üçin uçar bileti arzan däldigini bilýärdim. Üssesine wizany hem gymmat nyrhda oňartmaly. Iň esasy meni ikirleňjirýän mowzuk: Türkmenistanyň milli walýutasy türkmen manady bolsada, näme üçindir wiza üçin tölegleri Amerikan dollarynda amala aşyrmaly? Dünýäniň ähli döwletlerinde hem birinji orunda öz milli walýutasy bolmak bilen, alternatiw wariantda daşary ýurt walýutasy ulanylyp biliner. Emma biziň Türkmenistanda döwlet tarapyndan ykrar edilen edara hem “Amerikan dollarynda tölemeseň - bolanok“ diýýärler. Bilşimiz ýaly döwlet nyrhynda dollar edinmek mümkin däl. Şol sebäpden boldugyça maşgalamda tygşytlylyk tutmaly boldum. Çagalarymyň ösüş döwründe endamynyň bekemegi üçin, dürli hilli witaminli iýmitleri iýmelidigini bilsemde, alaçsyz şol iýmitlerden kesmeli boldum. Pulumy kynlyk bilen jemledim. Ýakynlarymdan karz hem almaly boldym. Wiza almak üçin sanawda görkezilen resminamalary taýýarlap, degişli bolan edara ýüz tutdym.

Wiza üçin töleg 380 Amerikan dollary. Arada durup, işiňi oňaryp berýäne tölemeli para möçberi 500 Amerikan dollary. Şol para berilmese wiza çykanok. Aşgabatdan Stambul aralygyndaky uçar biletiniň nyrhy 4960 manat .

Bu çykdaýjylardan soň işiň bitäýjek ýaly. Emma, ýok bitenok. Hökümet işinde işleýän we aýda 2000 manatdan girdeýjisi az bolmadyk kepil bolup biljek adam tapmaly. Şeýle talaplara gabat gelýän bir garyndaşymy yrdym . Hojalygymyň hor ýagdaýda bolanyna nebsi agradymy , nämemi , umuman sözümi ýykmady . Işleýän edarasynyň hasap (buhgalteriýa) bölüminden hat alyp berdi. Şeýle kadalary berjaý edip , talaplary ýerine ýetirip wiza almany başardym. Türkiýe döwletine geldim. Maňa berlen wizanyň esasynda 30 gün galmana hukugym bar. Ol möhletden artyk Türkiýe döwletiniň çäginde resmi ýagdaýda galmana mümkinçiligim ýok. Hojalygymy eklemek üçin bikanun (gaçak) ýagdaýda galmana men mejbur. Edil meniň ýaly müňlerçe ildeşlerimiz bar. Dürli bahanalar bilen eline wizasyny alyp bilmeýän watandaşlarymyzyň hem sany sajagy ýok. “Towşana dogduk depe” - diýseler hem, adama doýduk depe ekeni”.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi