Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Stambul: Türkmenistanyň konsullygynda ýenjilen türkmen we türk aktiwistleri prokuratura ýüzlendiler.

 Stambul: Türkmenistanyň konsullygynda ýenjilen türkmen we türk aktiwistleri prokuratura ýüzlendiler.

16-njy awgustda Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň çäginde ýenjilen türkmen aktiwistleri, Türkiýäniň raýatlary we türk aklawçysy diplomatik missiýanyň işgärlerine garşy Baş prokuratura şikaýat etdiler. Arzçylar türkmen prezidentine niýetlenen haty diplomatlara gowşurjak bolan parahatçylykly aktiwistlere edilen hüjümden başga-da, ýaralanan aktiwistleriň kadaly medisina barlagyny geçirmäge borçly lukmanyň we bu işe sereden polisiýa wekilleriniň hereketsizliginden şikaýat etdiler.

Türkmenistanyň bäş raýaty, Türkmenistan konsullygynyň çägine fiziki hüjüme sezewar edilenden soň, Meçdiköý etrabynda ýerleşýän Çaglaýan baş prokuraturasyna şikaýat etdi. Mundan başga-da, olaryň adyndan türk raýatlary, aklawçy Gulden Sonmez, "Özgür der" jemgyýetçilik guramasynyň baş sekretary Musa Uze we jemgyýetçilik guramasynyň agzasy Mehmet Emin Kaçmaz arz etdiler. Bu barada 18-nji awgustda adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondy" habar berdi(THF).

Ýatlatsak, 16-njy awgustda türkmenler, türk aklawçysy we adam hukuklary boýunça iş layp barýan iki sany türk aktiwisti Stambuldaky türkmen konsullygyna baryp, prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýazylan açyk haty gowşurmaga synanyşdylar. Olar hatyny wezipeli adamlara tabşyrjak bolanda konsullygyň binasyndan çykan birnäçe adam tarapyndan ýenjildi.

Aktiwistleriň biri Atamyrat Saparow ilçihananyň territoriýasynda bolan ýagdýalar barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi:

- Gapyda duran, gözegilik edýän ýaş türkmen raýaty 'meniň dokumentasiýa işlere hakym ýok, meniň wezipäm pes' diýdi. 'Onda sen birine habar et, gelsin, alsyn'. Şol ortada gepe güýmediler, arka tarapdan daşymyzy gurşadylar, biziň habarymyz ýok, biz gapa seredip otyrys. Biziň ýanymyzda Türkiýäniň 'Özgür der' diýen ynsan haklaryny goraýan edaradan wekil bardy. Ilki bilen ony içeri aljak boldular, elini arkasyna gaňryp, içeri saljk boldular. Bizem şoňa garşylyk görkezdik. Men özüm elini gaňyranlaryň elini aýyrmak bilen, ol ýerde uruş zat ýok, araçy bolmak hökmünde elini aýyrmak maksady bilen ara girdim. Edil şol ýagdaýda maňlaýymdan urgy geldi".

Atamyrat Saparowyň sözlerine görä, aktiwistleriň ilçihana gowşurjak bolan hatynyň mazmunynda türkmen prezidentinden howa gatnawlaryny ýola goýmak we pasport almakdaky kynçylyklary çözmek ýaly raýatlar üçin wajyp meseler gozgalýar.

- Haýyşnama diýsek ýalňyrmarys. Ýagny, iki ýyldan bäri ýollaryň ýapyklygy netijesinde döredilen kynçylyklar, emeli ýagdaýda döredilen kynçylyklar. Biziň öz raýatlarymyz Stambulyň halkara aeroportunda sowuk betonyň üstünde ýatyp-turup ýörler, içinde çagalar bar, garrylar bar. Ýollary açsaňyz ýa-da goşmaça reýsleri goýsaňyz diýlip, hatyň mazmunynda bar. Onsoň Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynda nobat diýseň, adam sany kän. Şulara goşmaça personal, ýagny hünärmen işgär ugratsaňyz, ýagny halk kösenmese. Onsoňam halky pasportlaşdyrmak meselesin. Watandaşlarymyz nelegal ýagdaýda galany üçin, medisina hyzmatlary ýa-da beýleki problemalar bilen ýüzlenende kynçylyk çekýärler diýip, ol meseleler boýunça-da haýyş etdik.

Türkmen aktiwistleriniň konsulhana baranlarynda ýenjilmeginden soň aktiwistler Dursoltan Taganowa, Atamyrat Saparow we adam hukuklaryny goraýjy türk guramasynyň agzasy ýerli polisiýa tarapyndan tussag edilip, Alibeýköý polisiýa bölümine äkidildi.

"Gynansagam, bu polisiýa merkezi bu waka bir taraply garady: subutnamalary alandan soň polisiýa işgärleri pidalaryň arzasyny kabul etmekden ýüz öwürdi, emma konsullygyň baran adamlaryň terrorçylyk hereketleri baradaky arzasyny derrew kabul etdi" diýip, THF belleýär.

Adam hukuklaryny goraýjy gurama adwokatlaryň Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylygyna göni ýüz tutmaga mejbur bolandygyny belleýär. "Netijede, ýerli aklawçylar we adam hukuklaryny goraýjylar tutanýerlilik görkezip, olara metbugatda çykyş etjegini aýdansoň, ejir çeken aktiwisteriň arz-şikaýatlary hasaba alnypdyr, dokumetleri yzyna berlipdir we öýlerine goýberlidir.

TDH-nyň habaryna görä, ýenjilen aktiwistler birinji lukmançylyk barlagyndan Eýýüp döwlet keselhanasynda geçende aktiwist Atamyrat Saparowda rehimsiz urulmagynyň yzlarynyň we Dursoltan Taganowanyň bedenindäki gan öýmeleriniň bardygyna garamazdan, doktor tarapyndan gol çekilen lukmançylyk hasabatynda "ownuk şikesler" görkezilipdir. Aklawçylar alternatiw barlag geçirilmegini talap edipidr.

THF-nyň habaryna görä, şol gün ýaralanan türkmen aktiwistleri başga bir klinikada ikinji gezek doly lukmançylyk barlagyndan geçende bu gezek lukmanlar obýektiw netijä gelipdir, oňa görä ýaralanan Atamyrat Saparowa, Dursoltan Taganowa, Zarina Ahtyamowa (kellesine şikes) we onuň 4 ýaşly gyzy Eminäniň gözüne ýeten şikesler doly hasaba alnypdyr.

Adam hukuklaryny goraýjy gurama, türk raýatlarynyň hem "diplomatik wekilhananyň wekilleriniň Türkiýäniň raýatlaryna garşy el galdyrmagyna biperwaý garaýan polisiýanyň hereketsizliginden nägilelik bildirendigini" belleýär.

17-nji awgustda adwokatlar birleşiginiň "Afyonkarahisar" web sahypasynda çap bolan maglumatda "Türkiýede ýaşaýan türkmen doganlarymyzyň Türkmenistanyň prezidentine ýazan hatyny çap edýäris we goldawymyzy bildirýäris" diýlip ýazylypdyr.

"Her gezek türkmen migrantlary häkimiýetlere ýüz tutmaga synanyşanlarynda konsullyk işgärleri öz raýatlarynyň hereketlerini terrorçylykly diýip häsiýetlendirýärler" diýlip THF-nyň habarynda bellenýär.

16-njy awgustda bolan waka, Türkmenistanyň Stambuldaky konsullygynyň binasynda türkmen raýatlarynyň ýenjilmegi bilen bagly ilkinji ýagdaý däl. 2021-nji ýylyň 1-nji awgustynda türkmen aktiwisti Farhat Durdyýew näbelli adamlar tarapyndan zor bilen konsullyk binasyna äkidilip, birnäçe sagatlap şol ýerde saklanypdy we ýenjilipdi. Türkiýäniň polisiýasynyň kömegi bilen boşadylan aktiwist kömek soramak üçin türk häkimiýetlerine ýüz tutmaly bolupdy.

Azatlyk Radiosy.

Iň soňky habarlar

Прочь Угнетатели Народа! Sürünsin Bu Halka Zulum Edenler! (Автор-Джерен из Туркменистана).
Прочь Угнетатели Народа! Sürünsin Bu Halka Zulum Edenler! (Автор-Джерен из Туркменистана).
Myhmançylykda gowy. Türkiýe bilen wizasyz rejimiň ýatyrylmagy sosial partlamalara sebäp bolup biler.
Myhmançylykda gowy. Türkiýe bilen wizasyz rejimiň ýatyrylmagy sosial partlamalara sebäp bolup biler.
 Türkmenistanyň abort gadaganlygy parahorlyga ýol açýar.
Türkmenistanyň abort gadaganlygy parahorlyga ýol açýar.
Türkiýe Türkmenistan bilen ýönekeýleşdirilen wiza düzgünini ýatyrdy.
Türkiýe Türkmenistan bilen ýönekeýleşdirilen wiza düzgünini ýatyrdy.
Iki sany Garakalpak dissidenti Daşkentiň haýyşy boýunça Gazagystanda tussag edildi.
Iki sany Garakalpak dissidenti Daşkentiň haýyşy boýunça Gazagystanda tussag edildi.