Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

BMG: Türkmenistanyň prezidenti gynamalardan ýüz öwürmeli.

BMG: Türkmenistanyň prezidenti gynamalardan ýüz öwürmeli.

"Reýter" habar gullugynyň 7-nji dekabrda beren habaryna görä, Türkmenistan gynamalardan ýüz öwürmeli diýip, BMG komitetiniň tussaglara garşy zorlugyň ýagdaýyny we syýasy aktiwistleriň ýitirim bolmagyny aýyplaýan beýanynda aýdylýar.

“Gynamalara garşy komitet giňden ýaýran gynamalara we tussaglara zulum edilýändigi baradaky yzygiderli aýyplamalar bilen aladalanýar. Şol sanda ýenjilmegi we boýun aldyrmak üçin ulanylýan beýleki güýçli sorag ediş usullary"- diýip beýanatda aýdylýar.

Geňeş prezident Gurbanguly Berdimuhammedowy “Türkmenistanda gynamalaryň ulanylmajakdygyny aç-açan beýan etmäge” çagyrdy.

Mundan ozal Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi hökümetiň adam hukuklary, şol sanda jeza çäresinde halkara guramalary bilen ýakyndan işleşýändigini mälim etdi.

Ýewropaly adam hukuklary aktiwistleri Türkmenistanda syýasy şahsyýetleriň ýitip gitmeginden alada galýarlar. Şeýlelik bilen 2002-nji ýylda öňki Daşary işler ministri Boris Şyhmyradow we öňki ilçi Batyr Berdiýew ýitirim boldy. Bular iň ýokary derejeli ýitirimler, ýöne ýeke-täk däl.

Türkmenistan Gyzyl Haç ýaly guramalara jenaýatçylaryň saklanýan ýerlerine gözegçilik etmäge rugsat bermeýär. BMG hünärmenlerine-de ýurda girmäge rugsat berilmeýär.

https://regnum.ru/

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...