Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

YNSAN HAKLARYNY GORAÝJY TÄJIGÜL BEGMEDOWA TÜRKIÝEDEN DEPORT EDILDI. OŇA 5 ÝYL TÜRKIÝÄ GIRIŞI GADAGAN.

YNSAN HAKLARYNY GORAÝJY TÄJIGÜL BEGMEDOWA TÜRKIÝEDEN DEPORT EDILDI. OŇA 5 ÝYL TÜRKIÝÄ GIRIŞI GADAGAN.

Bolgariýadaky Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasyna ýolbaşçylyk edýän tanymal adam hukuklary goraýjysy Täjigül Begmedowa 22-nji noýabrda Warna (Bolgariýa) deportasiýa edildi. Türk häkimiýetleri giriş gadaganlygyny “milli howpsuzlyga howp” - diýip düşündirýärler.

21-nji noýabrda Begmedowa Stambula uçdy we birnäçe günden soň adam hukuklary baradaky “Bir Duýno - Gyrgyzystan 2023” atly dokumental filmleriň halkara festiwalyna gatnaşmak üçin Bişkek şäherine uçmagy meýilleşdirdi.

Günortan Stambulyň täze howa menzilinde pasport gözegçiliginden geçip barýarka, ony sakladylar we “garaşmagyny” talap etdiler. Takmynan sagat 15:00-da ony Türkiýä girmek gadagan edilen ýolagçylar üçin niýetlenen otaga alyp gitdiler. Begmedowa, serhetden girmäge rugsat bermezligiň sebäbi näme diýip soranda, işgärleriň biri: “Siz has gowy bilmelisiňiz” diýip jogap berdi. Aktiwistiň barmak yzy alnyp surata düşürildi, hemme zady barlandy, şeýle hereketleriň sebäpleri barada maglumat bermegi haýyş edilende: "Soňurrak bilersiňiz" diýdiler.

Täjigül tussag edilen ýeke-täk adam däldi. Bu ýerde 20-den gowrak erkekler we aýallar bardy, gijä çenli olaryň sany 50 adamdan geçdi. Aýratynam Dagystandan, Täjigistandan, Özbegistandan, Rumyniýadan, Moldowadan, Saud Arabystandan, Marokkodan we Beýik Britaniýadan ýolagçylar köpdi. Olaryň käbiri üstaşyr (tranzit) bilen Türkiýäniň üsti bilen öýlerine dolanýardylar. Tutulanlaryň hajathana ulanmagada mümkinçilikleri ýokdy, oturar ýaly oturgyç hem ýokdy, howa çalşygy pesdi, awiakompaniýa diňe agşama dogry azyk bilen üpjün etdi.

Şol gün öýlän sagat 17:00 töweregi adam hukuklaryny goraýja ertesi gün sagat 09:15-de Bolgariýa deportasiýa ediljekdigi barada sebäbi görkezilmeýän resminama berildi.

22-nji noýabrda ir sagat 6:00 töweregi bolsa başga bir resminama gowşuryldy, resminama laýyklukda 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türk Migrasiýa gullugy Begmedowanyň 5 ýyl Türkiýä girmegini gadagan etmek kararyna gelipdir. Türkiýedäki häzirki tejribä laýyklykda aktiwiste milli howpsuzlyga abanýan G-82 kody berildi. Howpsuzlyga has çynlakaý howp abanan halatynda gadaganlyk ýene 10 ýyl uzaldylyp bilner.

Irden Begmedowa uçara äkidildi we “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň uçuşynda Warna deportasiýa edildi, goş-golamlary bolsa birnäçe gezek ýatladylmagyna garamazdan oňa gowşurulmady.

Begmedowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen Helsinki Adam Hukuklary Gaznasy, Türkmenistanyň raýatlary bilen işjeň işleýän türkmen dissidentleri tarapyndan döredilen esasy guramalardan biridir. Gaznanyň web sahypasy türkmen migrantlarynyň Türkiýedäki kynçylyklary we Türkmenistanda adam hukuklarynyň bozulmagy barada materiallary yzygiderli çap edýär. 2023-nji ýylyň ýazynda THF BMG-nyň ähliumumy döwürleýin hasabatlara garamagynyň çäginde Türkmenistan we Türkiýe barada alternatiw hasabatlary taýýarlamaga gatnaşdy.

Şeýle hem gazna, şu ýyl türkmen migrantlarynyň hukuklaryny goraýan adam hukuklary guramasy “Hak Нukuga Daýanç” guramasynyň Türkiýede hasaba alynmagyna kömek etdi, bu bolsa Aşgabadyň gaty negatiw täsirini döretdi.

Ondan öň, 2022-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda, Begmedowa aktiwistler bilen duşuşmak üçin Bolgariýadan awtobus bilen Türkiýä girjek bolanda, şuňa meňzeş ýagdaýa duş gelipdi. Şol wagt hem türk häkimiýetleri “Jemgyýetiň howpsuzlygyna abanýan howp” we Daşary ýurt döwlete degişli bolmadyk jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylygyna salgylandylar. Ynsan hukuklaryny goraýjy bu hereketleri şikaýat etdi, netijede 2023-nji ýylyň 8-nji martynda kazyýet tarapyndan gadaganlyk ýatyryldy we şondan soň ýene Stambula baryp bildi. Düýn aktiwist bu kazyýetiň kararyny türk serhetçilerine habar berdi. Elektron maglumatlar bazasynda köne gadaganlygyň ýatyrylmagy barada maglumatlaryň bardygyny tassykladylar, emma, indi olaryň aýdyşyna görä, Begmedowa garşy täze gadaganlyk girizildi.

Ähtimal, Aşgabadyň haýyşlaryndan ruhlanan, Türk häkimiýetleriniň hereketleri, bu ýurtlaryň diplomatlarynyň BMG-nyň 44-nji adam hukuklary sessiýasynda Ženewada Türkmenistan barada Ähliumumy Döwrebap Synyna garamak baradaky çykyşlary bilen gapma-garşy gelýär. Bu çärede Türkiýäniň we Türkmenistanyň resmi wekiliýetleriniň wekilleri raýat jemgyýetini ösdürmegiň we adam hukuklaryny goraýjylar bilen hyzmatdaşlygyň möhümdigini aýtdylar.

Geçen hepde türkmen häkimiýetleriniň garaşsyz jurnalist Soltan Açilowanyň adam hukuklary aktiwistleri üçin Martin Ennalsyň baýragy gowşurylyş dabarasyna Aşgabatdan Ženewa gitmegini gadagan edendigini ýatladalyň.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy bilen baglanyşykly açyk hat.
Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň...
Права и свободы TуркменErkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч2
Права и свободы TуркменErkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч2
Права и свободы Tуркмен/Erkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak-hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч1
Права и свободы Tуркмен/Erkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak-hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч1
Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.
Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.
Azatlyk Radiosy: „Azatlygyň Türkmenistandaky öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow aradan çykdy“
Azatlyk Radiosy: „Azatlygyň Türkmenistandaky öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow aradan çykdy“