Bir aýdan gowrak wagt öň, häkimiýetler Balkan welaýatynyň Şarlawuk obasyndan Ýakup atly (familiýasy anyklanylýar) bir imanly adamy diňe Gurhan öwredendigi sebäpli tussag etdi. Obanyň imanlylary ony oňyn tarapdan häsiýetlendirýärler. (Ene-atalar çagalaryny dynç alyş wagtlarynda amal edýän imanlylaryň ýanyna Yslamy öwrenmek üçin "Hüjüre" diýilýä n ýere iberýärler).
Bu 15 günüň dowamynda Ýakuba namaz okamak, daşardaky garyndaşlaryndan posylka almak gadagan edildi. Häzirki wagtda ol oňa "Wahhabi" diýip at beren häkimiýetleriň hemişe üns merkezinde. "Nädogry hereketi" gaýtalansa, Wahhabi toparynyň agzasy hökmünde 6 ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner”- diýip Türkmenistandan çeşmelerimiz gürrüň berýär.
“Türkmenbaşy şäherinde we Balkan welaýatynyň ady belli sebtinde häkimiýetleriň wekilleri raýatlaryň öýlerine gelýärler, käbiriniň pikirine görä, Yslam däplerine aşa yhlas bilen gözegçilik edýärler, gözleg geçirýärler we Gurhandan başga dini edebiýatlary ellerinden alýarlar” – diýip, Azatlyk radiosy mundan ozal habar beripdi.
Häkimiýetler yslam taglymatyny ýaýradandygy üçin imanlylary yzarlamagy dowam etdirýärler. Buny bize ejir çekenleriň garyndaşlary ýene bir gezek tassykladylar. Awtoulagda dini ýazgyly CD-leriň tapylandygy sebäpli 15 gün tussaglykda tutulýan ýagdaýlary hem boldy.
Şeýle hem, bu mesele diňe bir dini edebiýatyň, wagyz ýazgyly diskleriň paýlanmagy bilen çäklenmän, eýsem metjitleriň ýa-da häkimiýetler tarapyndan gözegçilik edilmeýän ýerleriň daşyndaky Gurhany öwrenmek bilen baglanyşyklydyr. Mundan başga-da, ýaňy-ýakynda Akdaş koloniýasynyň başlygy mukaddes kitap Gurhanyň birnäçe nusgasyny tussaglara daşardan geçirmegi gadagan etdi.
Aşgabat şäherinden köp ýyllap yslam dinine uýýan K.S. paýlaşdy: "Metjitlerdäki ymamlaryň häkimiýetler tarapyndan bellenýändigi we aslynda Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň adatdan daşary işgärleridigi türkmenler üçin syr däl."
Daşary ýurda haja zyýarat etmek isleýänler ymamlardan rugsat almaly. “Birnäçe ýyl bäri Mekgä haja gitmek üçin döwlet bahasy takmynan 20 müň manat. Emma bu bahadan diňe ymamlaryň ýakynlary we tanyşlary haja gidýärler. Başga hemmeler üçin bahasy 80-den 200 müň manata çenli. Emma bu mukdar bilen hem her welaýatdan gidip bilmezler, sebäbi kwotalaryň köpüsi meniň welaýatym Ahal welaýatyndaky imanlylara bölünýär "-diýip K.S. gürrüň berý.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.