Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Pandemiýadan Adamlar gyrylýarlar…kim günäkär?

 Pandemiýadan Adamlar gyrylýarlar…kim günäkär?.

Türkmenistanyñ Konstitutsiyasynda:

Her bir adam saglygynyñ goralmagyna we keseller hakynda maglumat almaga we paýlaşmaga haky bardyr.

Iş ýüzinde Türkmenistan Koronowirus bilen bagly ýagdaýlarda a dam hukuklaryny gödek bozýandygyny ýene bir gezek subut etdi.

Bize Türkmenistanyñ Raýat Demokratiki Birleşiginden gelen habarlarda ýurduñ häkimýetleri Karonapandemiýa döwrinde halkyñ saglygyna jenaýatçylykly geleñsizlik, äsgermesizlik bilen seredip hiç-hili aladalanmaýanlygyny görkezdi.

Häkimýetiñ ýalan maglumat syýasaty we hakyky ýagdaýy gizlinlik bilendymmagy Türkmenistan halkyny ölüm howpa sezewar etdi.

Bize gowshan Material diýseñ uly siz bu hakda biziñ we Türkmenistanyñ RDB-niñ saýtlaryndan okap bilersiñiz.

Häzir bolsa siz ondan gysgaça bölekleri diñläp bilersiñiz.

Şeýlelikde: Karonawirus Pandemiýasy Türkmenistanda soñy belli bolmadyk agyr- PAJYGA.

Dünýäde pandemiýanyñ başlamagy bilen Türkmenistan-da mydama iñ gowy başarýan işi bolan raýatlarynyñ erkin hereketini has-da çäklendirdi,şübheli gören raýatlaryny yrsaramak bilen barlady-izolirledi.

Karonawirusyñ göz-görtele faktlarynyñ barlygyna seretmezden häkimýet öz halkyna we Halkara jemgyýetine ýalan maglumatlar bilen sapalañ atyp ýalana berdi.

Ýurdyñ içinde we Dünýä arenasyna Türkmenistanda karonawirus ýokda Dem alyş ýollarynyñ ýiti gaýnaglama keseli diýip ykrarlady.

Käri boýunça lukman bolan Prezident ÝÜZÄRLIK-(Гармала обыкновенная) ulanmak we ajyly un aş içmek maslahatberdi.

2020-njy ýylyn Iyun aýynyñ soñuna COVID-19 pandemiýasy ýurda ýiti aralaşdy-emma ýurt ýylyñ ahyryna çenli ýalanyñ garañkysyna gaplandy.

2021-njy ýylyñ başynda Bütin Dünýä Saglygy goraýyş guramasynyñ Ýewropa bölüminiñ başlygy- Türkmenistanyñ Prezidentiniñ we daşary işler ministri R.Meredowyñ Awgust aýynda söz berendiklerine seretmezden ;Türkmenistandan COVID-iñ biomateriallaryny garaşsyz ekspertiza anyklaýyş geçirmek üçin berip bilmediklerine gynanç bilen belledi.

DIÝSEÑ GABAHAT-sebäp ýurdyñ Prezidenti we Daşary işler ministri ÝALANÇY çykdylar.

Bu ýalan maglumatlaryñ bahasy bolsa Karonawirusyñ pandemiýasyndan heläkçilikli ölen müñlerçe BIGÜNÄ adamlar.

Bu Jenaýatçy geleñsiz jenaplaryñ günäsi bilen Aprel -Iýun aýlar aralygynda ýurdyñ ähli serişdelerini pandemiýa garşy gönükdirmän eýse halky we Dünýä jemgyýetini aldawa saldylar.

Köpçilik Türkmenistanda COVID- dan ölenleriñ sanawyny soraýar ?

Jogaby aýlyganç- busany anyk bilýän ýok!!! Dürli internet-serişdelerinde habarlar anyk däl !!!

Türkmen häkimýeti obýektiw maglumatlary, hususanda Raýat ýagdaýynyñ namalar ýazgy bölüminden (RÝNÝB)-(ЗАГС) berilýän ölüm kepilnamasyny çuññur gizleýärler.

Türkmenistanyñ RDB-niñ maglumatlary esasynda Ýewropa bileleşiginde karonawirus ýokuşan halkyñ sany 25-35 % ýetip biler.

Türkmenistanda karonawirusdan ölenleriñ sany 262-315-müñ barabar.

Bu bolsa GDA-ýurtlarynyñ arasynda COVID -19 pandemiýasynyñ ýokary betbagtçylykly netijesidir.

Şeýlelikde Türkmen häkimýetiniñ gyrgynçylykly aldawy we gaýragoýulmasyz ýagdaýlarda iş başarmazlygy, awtoritar döwlet gurluşy netijesinde: Arkadagyñ özini ähli halkdan naýbaşy görýän duýgysynyñ subutnamasydyr.

Iş ýüzinde görnüşi ýaly Bejeriş işi dogry gurnalanda kesel ýokaşan näsaglaryñ ölümçilik derejesini uly möçberde gysgaldyp bolýar.

Türkmenistany nazara tutsak on müñlerçe halas edilen janlar. Saglygy goraýyş ulgamynda parahorlyk, medisina işgärleriniñ ýeterlik tejribesiniñ ýoklugy, şahsy goranyş serişdeleriniñ ýetmezçiligi, jenaýatçylyk bilen gurnalan geleñsizlik, hötjetlik bilen karonawirusy boýun almazlyk, pandemiýa döwrinde köpçilikleýin çäreler, wirusa garşy peýdasyz maslahatlar netijesinde ýüź müñlerçe bigünä adamlaryñ ölmegi - G.Berdimuhamedowyñ we häkimýetiñ göniden - göni günäleri diýip hukuk goraýjylar hasaplaýarlar.

Prezident G. Berdimuhamedowyñ şahsy jogapkärçiliginden başgada ýüz müñlerçe bigünä adamlaryñ öliminde daşary işler ministri R.Meredow günälidir. Sebäbi hut Meredow Dünýä jemgyýetine ýalan maglumat bermek toparynyñ başyny çekdi.

Şeýdipde karonawirusly näsaglary bejermekde, adamlary halas etmekde halkara kömegi almak mümkinçilikden Türkmenistany mahrum etdi diýip gurama ýazýar.

2021-nji ýylyñ 18-nji Ýanwarynda Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniñ arasynda birinji bolup «SputnikV» waksinasyny bellige aldy.

Näme üçin Türkmenistan-da karonawirus ýok bolsada waksina bellige alynýar???

Şu wagt Türkmenistan ýalan maglumatlaryñ yene-de bir täze sahnasyny ýazýandygyny - Gurama belläp geçýär!!!

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar