Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Gyssagly! Blogçy Farhat Meymankuliýew (Durdyýew) Türkiýeden Türkmenistana deportasiýa edildi?

Gyssagly! Blogçy Farhat Meymankuliýew Türkiýeden Türkmenistana deportasiýa edildi.

UPD. Çeşmämiziň habaryna görä, 19-njy maý, anna güni agşam türk polisiýasy tarapyndan tussag edilen Farhat Meýmankulyýew (Durdyýew) 20-nji maý, şenbe güni Türkmenistana deportasiýa edilen bolmaly. Ýerli aklawçy aktiwistlere: "Muny Türkiýäniň bitewi kompýuter ulgamynda görmek bolýar, tussag edilenler barada ähli maglumatlar girizilýär" -diýdi.

Ol gün Stambuldan Aşgabat şäherine iki reýs amala aşyryldy: 17:40-da “Türkmenhowaýollary” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary, 20:30-da bir “Türkhowaýollary” awiakompaniýasynyň howa uçary.

Durdyýewiň ynamdar adamy, “Ýunus” ady bilen tanalýan ýoldaşy şu günler anyk maglumat berip bilmeýändigi sebäpli, alternatiw türk aklawçysyny gözlemeli bolduk.

Gynansagam, dynç günleri Türkiýede aklawçylaryň tussag edilenler barada maglumat almak mümkinçiligi çäklidir. Aklawçy diňe şu gün maglumatlar bazasy arkaly blogçynyň ykbalyny aýdyňlaşdyrmagy başardy. Häzirki wagtda tussag edilmegiň sebäplerini we deportasiýa ýagdaýlaryny derňeýär.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

P. Allaberdyýew öz hak-hukuklaryny talap etmegini dowam edýar/Юрист продолжает требовать свои права.
P. Allaberdyýew öz hak-hukuklaryny talap etmegini dowam edýar/Юрист продолжает требовать свои права.
Pygambergeldy Allaberdiýew syýahat gadagançylygyny ýatyrmaga we işini gaýtadan dikeltmäge synanyşýar.
Pygambergeldy Allaberdiýew syýahat gadagançylygyny ýatyrmaga we işini gaýtadan dikeltmäge...
“Gaçybatalga gözleýänleri meýletin gaýdyp gitmek baradaky beýana gol çekmäge mejbur edýärler”
“Gaçybatalga gözleýänleri meýletin gaýdyp gitmek baradaky beýana gol çekmäge mejbur edýärler”
Türkmenistanlylar türk deportasiýa merkezlerindäki 'ýaşaýyş şertlerine çydaman', watana dolanmaly bolýarlar
Türkmenistanlylar türk deportasiýa merkezlerindäki 'ýaşaýyş şertlerine çydaman', watana dolanmaly...
Daşoguz welaýatynyň howpsuzlyk işgärleri 7 ýolagçynyň ölmegine sebäp bolan awtoulag heläkçiligi baradaky maglumatlary gizlemäge synanyşýarlar.
Daşoguz welaýatynyň çinowniklary 7 ýolagçynyň ölmegine sebäp bolan awtoulag heläkçiligi baradaky...