Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Azatlyk Radiosy:Türkmenistanda tussag edilen aktiwiste geçmişdäki 'etmişler' esasynda iş kesilipdir

Azatlyk Radiosy:Türkmenistanda tussag edilen aktiwiste geçmişdäki 'etmişler' esasynda iş kesilipdir

Iki ýyl mundan öň azatlykdan mahrum edilen türkmen aktiwisti Allamyrat Körhanowa kesilen iş ençeme ýyl ozal bolup geçen konfliktlere esaslanypdyr. Garaşsyz "Turkmen.news" neşiriniň habaryna görä, elýeterli bolan suduň karary 2021-nji ýylda dört ýyl azatlykdan mahrum edilen aktiwiste garşy gozgalan işiň toslanyp tapylandygyny tassyklaýar.

Körhanow jenaýat işiň gozgalmagyndan ýedi ýyl öň bolandygy aýdylýan ýakalaşyk sebäpli suda çekilipdir diýip, "Turkmen.news" neşiri 6-njy iýunda habar berdi.

"Bellemeli ýeri pida bolan konfliktiň jikme-jikliklerini ýadynda hem saklamaýar we göwnüne degleni üçin bireýäm bagyşlaýar. Aktiwistiň edendigi aýdylýan ýene bir jenaýaty Türkmenistanyň gizlin gulluklary tarapyndan islenmeýän adamlar babatynda köp ulanylýan jenaýat kodeksiniň hilegärlik maddasy" diýlip, maglumatda bellenýär.

1973-nji ýylda doglan Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy Allamyrat Körhanowyň Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 108-nji maddasyna laýyklykda “Adamyň saglygyna bilkastlaýyn orta derejeli zyýan ýetirmekde” aýyplanyp, dört ýyl azatlykdan mahrum edilendigi habar berlipdi.

Adam hukuklaryny goraýjylar aktiwistiň DWT oppozisiýa hereketine wideo iberendigi üçin onuň garşysyna iş gozgalandygyny habar beripdi.

"Turkmen.news”-yň habar berşi ýaly, redaksiýanyň eline düşen suduň hökümi Allamyrat Körhanowyň garşysyna gozgalan işiň galpdygyny ýene bir gezek tassyklaýar.

Habara görä, Mary welaýatyň Garagum etrap kazyýetiniň çykaran kararynda 2014-nji ýylyň awgust aýynyň başynda (takyk senesi agzalmaýar) Körhanowyň dogduk ýeri Garagum etrabynyň Erez obasynda dosty Tagan Goturowdan 60 manat mukdarda beren karzyny üzmegi talap edilendigi aýdylýar. Goturow mal bakmak üçin özüne berilmeli 100 manady alansoň puly berjekdigini aýdypdyr. Bu Körhanowyň gaharyny getirip, ol bergidary urupdyr. Deňewiň çykaran netijesinde Goturowyň şikes alandygy aýdylýar.

Mundan başga-da, iş materiallaryna görä, Körhanow ýaralanan dostuny öz öýüne getirip, ejesinden Goturowa kömek bermegini haýyş edipdir. Ejesiniň sudda aýtmagyna görä, Tagan özüniň ýykylandygyny aýdypdyr. Zenan oglunyň ýakalaşygy barada diňe 2021-nji ýylda geçirilen derňew wagtynda bilip galypdyr. Goturow şonda lukmanlara-da, polisiýa-da ýüz tutmandyr.

Türkmen.news diňe 2021-nji ýylyň iýulynda, ýagny wakadan ýedi ýyl soň sud-medisina barlagy geçirilip, Goturowyň süňkünde biten döwük yzlarynyň bardygyny anyklandygyna ünsi çekýär we şol wakanyň bir gün jenaýat işi üçin esas bolup biljeginiň hiç kimiň göz öňüne getirmändigini we Goturowyň sudda Allamyrat Körhanowy bir eýýäm bagyşlandygyny aýdandygyny belleýär.

Türkmenistanda özara dawalar bilen bagly ýagdaýlar häkimiýetleriň halamaýan raýatlary jenaýat jogapkärçiligine çekmegi üçin köp ulanylýar. Häkimiýetleriň esassyz saklanan raýatlaryň tussaglygyny kanunlaşdyrmak üçin köp ulanýan aýyplamalarynyň ýene biri jenaýat ködeksiniň galplyk baradaky maddasy.

"Turkmen.news" neşiriniň çap eden habarynda Körhanowa galplyk barada bildirilen aýyplama boýunça hem käbir maglumatlar berilýär.

2020-nji ýylyň ýanwar aýynyň başynda B. Ýazmuhamedowa atly zenan Körhanowyň ýanyna baryp, pul gazanmak üçin Türkiýä gitmek isleýändigini aýdyp, Körhanowyň kömek edip biljek bir tanyşynyň hyzmaty üçin 14 müň manat beripdir, ýöne syýahat başa barmandyr. Ýazmuhammedowa Körhanowdan puly yzyna gaýtaryp bermegini isläpdir, ýöne ol oňa bary-ýogy 2,2 müň manady gaýtaryp beripdir. Şonda zenanyň Körkanowyň üstünden arza ýazandygy, onuň garyndaşlarynyň soň puluň galan mukdaryny oňa gaýtaryp berendigi aýdylýar.

Garaşsyz neşir “Turkmen.news” Allamyrat Körhanowa garşy jenaýat işiniň Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Ministrligi tarapyndan amala aşyrylandygyny öňe sürýär.

Türkmen aktiwistleri 2021–nji ýyldan bäri güýçli basyşa sezewar bolýarlar. Soňky ýyllarda Türkiýede we Russiýada birnäçe türkmen aktiwisti dereksiz ýitdi, käbirleriniň zor bilen Türkmenistana äkidilendigi we tussaglykda saklanýandygyny belli boldy.

Adam hukuklaryny goraýjy guramalar türkmen aktiwistleriniň yzarlanmagy we ýitirim edilmegi bilen baglylykda alada bildirýärler.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar