"Forum 18" Norwegiýa habar gullugynyň habaryna görä, 2-nji martda dönüklikde aýyplanyp, Türkmenistanyň öňki müftüsi Nasrullah ibn Ibadullah 22 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Möhletiň ilkinji 5 ýyly iň ýokary howpsuzlyk türmesinde saklanar. Kazyýet diňlenşigi 2 gün dowam etdi.
"Forum 18", Türkmenistandaky teswirçilere salgylanyp, müftä garşy edilýän repressiýalaryň asyl sebäbiniň, häkimiýetleriň talap edişi ýaly metjitlerde häkimiýetleriň musulman jemagatyna aşa gözegçilik etmegine we Nyýazowyň "Ruhnama" kitabynyň beýgeldilmegine garşydygyna ynanýar.
Şol "Forum 18"-de öňki ministr Gurbangeldi Wolmyradowyň 15 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi habar berildi.
Iki höküm resmi türkmen metbugatynda entek yglan edilmedi.
Forum 18.