Türkmen häkimiýetleri Lebap welaýatynda bolup geçen tebigy betbagtçylyga bir aýdan bäri dymyp gelýärler.
Lebap welaýatynyň ilaty kömege mätäç bolsa-da, 30-njy aprelde, Oraza aýynyň başlanmagy bilen, döwlet baştutany gumanitar kömek hökmünde Owganystana azyk önümlerini iberdi ...
Soňky 10 ýylyň içinde iň güýçli harasatlaryň biri Türkmenistanyň Lebap we Mary welaýatlarynda bolup geçdi. Lebap welaýatynyň merkezi hasaplanýan Türkmenabat şäherine we onlarça obalara zeper ýetdi. Uly ýaşly adamlar, şol sanda kiçi çagalar hem öldi. Welaýatyň ýaşaýjylary öz hasabyna ýaşaýan jaýlaryny dikeldýärkä, polisiýa tebigy betbagtçylygyň netijeleri barada garyndaşlaryna surat we wideo iberýän adamlary tussag edýärdi. Häkimiýetler bu bolup geçen tebigy hadysany äsgermezlik etmäne näçe synanyşsalarda, daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary ejir çeken watandaşlaryny goldamak üçin elinden gelenini edýärler.
Ýel öwüsdi
Bularyň hemmesi 27-nji aprelde agşam, Lebap velaýatynyň merkezi bolan Türkmenabatda güýçli şemalyň öwüsmegi bilen başlandy. Uly tozan göterilip, soňra jaýlaryň üçeklerini ýykyp, sputniki antenleri, elektrik sim-agaçlary we ösüp oturan agaçlary ýykmana başlady. Harasadyň ýetiren weýrançylygy zerarly şäherde we ýakyn obalarda elektrik togy kesildi we dolulygyna aragatnaşyk ýitdi. Şeýle hem elektrik enrgiýanyň ýoklugy sebäpli, agyz suw edarasynda suw nasoslaryň işlemeýänligi sebäpli adamlar suwsyz galdylar. Edil şuňa meňzeş hadysalar goňşy Mary welaýatynda hem bolup geçdi.
Betbagtçylykdan iki gün öň, “Meteožurnal” neşiri 26-27-nji aprelde Lebap we Daşoguz welaýatlarynda güýçli şemalyň bolmagyny, ýyldyrym çakyp we ýagyşyň ýagjakdygy barada habar berlipdi. Soňra ol neşirýat gullugy tupanyň emele gelmeginiň sebäplerini düşündürip, bu sebitlerde şeýle güýçli tupanlaryň her 5-10 ýyldan bir gezek ýüze çykýandygyny belläp geçdiler.
Şeýle-de bolsa, häkimiýetler ýetip gelýän betbagtçylyk barada ilata duýduryş bermedi. Edil weýran bolan şäherdir, obalar hakda, ölenler hakda habar bermeýişleri ýaly.
Tebigy betbagtçylykdan dessine polisiýa gullugy Mary bilen Lebap welaýatlaryny birleşdirýän ýollary, şol sanda gumuň içinden geçýän ýollary ýapdy. Tebigy harasadyň bolup geçen wagty, dürli sebäpler bilen Lebap welaýatynyň çäginden daşynda galan ýaşaýjylarda içerä girip bilmediler. Beýleki welaýatlarda ýaşap, Lebapda ýaşaýan ýakynlarynyň ykbalyny bilmek isleýän garyndaşlary-da ol ýere baryp bilmedi.
Otuz adam öldümi ýa-da üç ýüz adam?
Bolup geçen harasadyň ýetiren zyýanyny kesgitläp bolanok. Adam pidalarynyň sany barada hem doly maglumat ýok, Tassyklanylmadyk habarlarda takmynan ýigrimi golaý adam öldi diýilýär.
Azatlyk radiosy Lebapda we Maryda azyndan 30 adamyň ölendigini habar berdi. Türkmen new-yň paýalşan habarlarynda azyndan 300 adamyň ölendigi habar berilýär. Olaryň çeşmelerine görä, morglardaky jesetleriň sanynyň köplügi zerarly hatda polda-da ýatyrdy we “ölüler Türkmenabadyň her kiçi etrabyndan diýen ýaly jaýlandy”.
“Hronika Türkmenistan”-yň habarçylarynyň aýtmaklaryna görä, dürli şikesler bilen hassahanalaryň dolandygyny we dereksiz ýiten adamlar, esasanam şäherden uzakda mal bakýan çopanlardygyny aýtdylar.
Umumy äsgermezlik
Türkmen döwleti we hökümetiň gullugynda bolan metbugatlar bolup geçen wakalara düýbünden üns bermedi. Habarlar prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Daşary işler ministri Reşit Meredowyň duşuşyklaryna bagyşlandy.
Bir hepde geçensoň, Lebap welaýatynyň neşiri “Jeyhun” tupan we onuň netijeleri barada däl-de, eýsem ýerli häkimiýetleriň zeper ýeten jaýlary dikeltmäge başlandygy barada ilki habar ýaýratdy. Neşir zyýanyň köpüsi ýerliýaşaýjylaryň ýaşaýyş jaýlaryna ýetendigini belläp geçdi. Harsadyň bolup geçen alamatlaryny ýok etmek üçin ýörite edara çalt döredildi we mümkin boldugyndan şäheriň köçelerinde çaşyp ýatan kerpiç bölekleridir, şifer parçaşaryndan arassalamana başlady. Üçekleri we elektrik liniýalaryny bejermek işine ýörite hünärmenler girişdi. Bu ýetirilen habaryň ikiside bir gün geçenden soň aýrylyp, ýok edildi.
Lebapyň ilaty kömege mätäç bolsa-da, 30-njy aprelde, Oraza aýynyň başlanmagy bilen, Türkmenistanyň prezidenti gumanitar kömek hökmünde goňşy Owganystan döwletine azyk önümlerini iberdi.
Azyk we senagat önümleri, şeýle hem dokma we gurluşyk materiallary “hoşniýetlilik alamaty hökmünde” maý aýynyň başynda koronawirusyň täsirine sezewar bolan Rossiýanyň Astrahan şäherine hem iberildi. Berdimuhamedow muňa jogap edip Rossiýanyň daşary işler ministrliginden minnetdarlyk hatyny aldy.
Hiç kim Lebap we Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryna hiç hili kömek ugratmady.
Ýerli ilatyň öz hasabyna ýaňadan dikeldiş.
Ýerli häkimiýetleriň we prezidentiň bolup geçen betbagtçylyga düýbünden biparh seretmegi sebäpli ýaşaýjylar öz dertleri bilen özleri ýeke galyp, öýlerini we beýleki ýykylan desgalary özbaşdak dikeltmeli boldular. Transformatorlar üçin obalarda ýaşaýjylardan pul jemlenildi. Welaýat merkezinde hem gaz geçirijisini abatlamak üçin ilatdan pul jemlenildi.
Ýerli häkimiýetler adamlara kömek etmekden ýüz öwürdiler. 29-njy aprelden bäri Türkmenabat we onuň töweregindäki obalaryň ýaşaýjylary kömek sorap, öz obalarynyň kethudalaryny we ýaşulularyny welaýat häkimligine ugratdylar. Ýaşulylaryň isleglerini diňlän häkimligiň resmi işgärleri ýeten zyýan we ýitgiler barada maglumatlary ýygnamagy tabşyryp, kömek babatynda hiç zat wada bermediler. Mundan başga-da, nägileligini güýçli depginde beýan edýän we kömek soraýanlar barada maglumat bermegini ýaşulylara tabşyrdylar.
14-nji maýda, Železnodorožnyý etrapçasynyň ýaşaýjylary, häkimiýetleriň hereketsizligine çydap bilmän, ahyrsoňy häkimligiň jogapkär wezipeli adamlary bilen duşuşmagy başardylar. Resmiler hususylaşdyrylmadyk jaýlaryň döwlet hasabyna dikeldiljekdigini boýun aldylar. Hususylaşdyrylan jaýlaryň ýaşaýjylaryna, şeýle hem hususy howluly jaýlaryň eýelerine ýykylan jaýlaryny dikeltmek üçin döwletden karz pul , şeýle hem döwlet nyrhynda gurluşyk materiallaryň satyljakdygyna wada berdiler.
Bu häkimiýetleriň halka edip biljek ýeke-täk täsiridi. Bu aralykda, Lebaplylar üçin pul Türkmenistanyň raýatlaryndan ýygnalýar. Bu betbagtçylykdan birnäçe hepde soň, Aşgabatdaky döwlet edaralarynyň işgärlerine Lebap welaýatynyň dikeldilmegi üçin aprel aýynyň zähmet hakyndan 200-300 manat aýyryljakdygy habar berildi. Soňra Türkmenabatdaky edaralaryň we guramalaryň işgärleriniň iki aýlygyndan 270 manatyň hem saklanjakdygy belli boldy.
Surat üçin türme tussaglygy
Ýerli polisiýasy gullugy hem ilata kömek bermedi. Munuň tersine, işgärleri tupanyň netijeleri barada beýleki adamlara surat we wideo iberýänleri gözleýärdiler. Netijede, telefonlarynda şeýle materiallar tapylan 66 adam tussag edildi. Bu adamlaryň köpüsi sorag edilenden soň boşadyldy. Emma kanuny ýene bozsalar, has agyr jeza, şol sanda azatlykdan mahrum ediljekdiklerini duýdurdylar.
Telefon barlagynda saklanylan bir zenan maşgalanyň işi oňuna bolmady.Ol özüniň harasat zerarly ýykylan jaýynyň suradyny daşary ýurtda ýaşaýan gyzyna kömek soramak maksady bilen ugradandygyny boýnuna aldy. Derňewi alyp barýan sülçi jenaýat işini ýapmak üçin para sorady. Para bermekden ýüz öwüren soň ol zenan maşgala Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň 192-nji maddasy esasynda jenaýat işi gozgaldy. Häzirki wagtda onuň ykbaly barada hiç hili maglumat ýok.
Dünýäniň dürli künjeginden goldaw.
Halkara jemgyýetçiligi bu betbagtçylyga ünsüz goýmady. 4-nji maýda Human Rights Watch guramasy "ýaşaýjylar ölenleri jaýlamaga we jaýlary abatlamaga synanyşýarka, döwlete degişli bolan we hökümet bilen baglanyşykly hususy habar beriş serişdeleri dymmagyny dowam edýärler" -diýdi.
Harasat hakynda tema, adam hukuklary guramasy “Adam hukuklary üçin türkmen insatiwasy” tarapyndan taýýarlanan, adam hukuklary ýagdaýynyň indiki synynda gozgaldy. Şeýle hem TIHR resmi türkmen metbugatynyň bu wakany äsgermezlik edendigini we häkimiýetleriň tupanyň netijeleri barada maglumat ýaýradandygy üçin ýurduň raýatlaryny yzarlaýandyklaryny belläp geçdi.
Daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary biperwaý galmadylar.
2-nji maýda birnäçe adam Waşingtondaky türkmen ilçihanasynyň ýanynda ýygnandy. Ýaş ýetginjekler tebigy betbagtçylyk sebäpli ölenlere gynanç sözleri aýdyp gül desselerini goýdular.
Soňra, 11-nji maýda Demirgazyk Kiprde ýaşaýan türkmen raýatlary nägilelik bildirip, türkmen häkimiýetlerinden tupandan ejir çeken Lebap we Mary welaýatlarynyň ýaşaýjylaryna kömek berilmegini soradylar.
Üç günden soň Türkmenistanyň 20-den gowrak raýaty ýurduň Türkiýedäki konsullygynyň öňünde demonstrasiýa geçirdi. Demonstrasiýa ýygnananlar türkmen häkimiýetleriniň bolup geçen tebigy hadysany inkär edýändiklerine nägilelik bildirdiler we hökümetden ejir çekenlere kömek berilmegini soradylar.
20-nji maýda, bu gezek geçen gezekgä seredende has köp adam ýygnanyp Demirgazyk Kiprde demonstrasiýa geçirdiler. Aktiwistler prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň işinden aýrylmagyny talap etdiler.
Erbet oýunda erbet mina.
Türkmenistanyň häkimiýetleriniň haýsydyr bir problemany “çözmegiň” uniwersal usuly bar - oda şol problemany äsgermezlikdir. Bu usul ähli ugurlarda giňden ulanylýar. Adam hukuklary babatynda, ykdysadyýetde, bilim, lukmançylyk we beýleki adatdan daşary ýagdaýlarda giň gerimde ulanylýar. Abadan şäherinde bolup geçen betbagtçylygy hem häkimiýetler biparh goýdular. Ýarag saklanýan harby ammarda ýangyn zerarly partlama bolup ençeme adamlar wepat bolanda hem, türkmen häkimýetleri biparhlyk metodyny ulandylar.
Edil şonuň ýaly-da, häkimiýetler koronawirus epidemiýasyny äsgermezlik etmäge synanyşdylar. Emma pandemiýa global meselä öwrülensoň, käbir çäreleri geçirmäne mejbur boldular.
Logiki tarapdan seredende, döwlet baştutanyny öwmek bilen onda bar bolan kemçilikleriň inkär edilmegine getirýär. Buda döwlet baştutanynyň iş başarjaňlygynyň pesdigini görkezýär. Emma tebigy betbagtçylyklar ýa-da şuňa meňzeş hadysalarda onuň ökde tankytçylary hem bu ugurda söz açmasa gerek.
Ýüzlerçe hatda müňlerçe adama täsir eden tupan, edil haltanyň içinde temeni ýatladýar. Internet ulgamynyň ösen döwründe smartfonlaryň gündelik durmuşda giňden ulanylýan döwründe türkmen häkimýetleriniň şeýle ýagdaýlara biparh garamagy elbetde paş ediljekdir. Türkmenistan bilen az tanyş bolan daşary ýurtly okyjylar üçin bolup hadysa gyzykly bolman, häkimiýetleriň oňa bolan reaksiýasy bolup durýar.
Kira Kramer
Hronika Turkmenistana.