Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

BMG-nyň Baş sekretary: Adam hukuklaryny goraýjylar BMG-sy bilen hyzmatdaşlygy üçin barha repressiýa edilýär.

BMG-nyň Baş sekretary: Adam hukuklaryny goraýjylar BMG-sy bilen hyzmatdaşlygy üçin barha repressiýa edilýär.

Dünýädäki aktiwistler BMG-sy bilen adam hukuklary meselesinde hyzmatdaşlyk edendigi üçin yzygiderli jezalara sezewar bolýarlar. Bu barada BMG-nyň Baş sekretarynyň çarşenbe güni çap eden täze hasabatynda aýdylýar.

Resminama, şahsyýetiň we adam hukuklary guramalarynyň hereket azatlygyny çäklendirmekden, aktiwleri doňdurmakdan, tussag etmekden ýa-da gynamakdan başlap dürli çärelere sezewar edilen ýagdaýlary kesgitleýär.

Baş sekretaryň kömekçisi Endrýu Gilmor Ženewadaky Adam Hukuklary Geňeşinde hasabaty hödürläp, adam hukuklaryny goraýjylary güýç bilen dymdyrýançalar “zyndanda batyrgaý aýdym aýtmagyny dowam etdirýän guş” bilen deňeşdirdi. BMG bilen hyzmatdaşlyk edýän aktiwistleriň alnyp gaçylandygy we kazyýet işi bolmazdan tussag edilendigi, olara garşy gynamalaryň hem ulanylýandygy barada gürrüň berdi.

Hasabatda şuňa meňzeş ýagdaýlar bolan 29 ýurt sanalandyr. Bu, öňki hasabatdakydan sekiz ýurt köp. Sanawda beýlekiler bilen birlikde Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan bar.

Hasabatda beýan edilen ähli ýagdaýlar 2016-njy ýylyň maý aýyndan 2017-nji ýylyň maý aýyna çenli bolup, BMG bilen adam hukuklaryny goramak ugrunda hyzmatdaşlyk edýän aktiwistlere we guramalara degişlidir. Hasabatyň awtorlary munuň ýurtlaryň beýle hyzmatdaşlygyň öňüni almak synanyşygydygyna ynanýarlar.

BMG hünärmenleri hökümetleri repressiýalary haýal etmän bes etmäge, bu wakalaryň hemmesini derňemäge we geljekde şuňa meňzeş hadysalaryň öňüni almak üçin çäreleri görmäge çagyrýarlar.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...