Duşenbe, 10-njy aprelde Türkiýäniň Wan şäheriniň deportasiýa merkezinde saklanýan türkmen migrantlary ýenjildi. Bu habar bize birnäçe garaşsyz çeşmeden geldi.
“Bu ýerde saklanýan 130 türkmeniň 100-e golaýy türk žandarmalary tarapyndan ýenjildi. Köpüsi ownuk we agyr ýaralandy. Diňe türkmenler nyşana alnyp bilgeşleýin ýenjildiler, netijede kellelerine zeper ýeten, ynjylan döwülen, bedeninde ýara yzlary peýda bolanlar boldy. Bu wakanyň sebäbi türkmenleriň öz watanyna zor bilen deportasiýa edilmeklerine garşylyk boldy" diýip, şaýatlaryň biri gürrüň berdi we kömek sorady. Şeýle hem, bu wakadan soň 2 gün jaň etmek hukugyndan mahrum edilendigini aýtdy.
Biz degişli edaralara habar beren türk adam hukuklary aktiwistlerine ýüz tutduk.
Şyňa meňzeş waka mundan öň hem Ankaranyň Çankyry deport merkezinde hem bolupdy.
THF agzasy Annadurdy Hajyýewiň pikiriçe: “Türkmen işgärleri hünärsizligi sebäpli emeli usulda kynçylyklary döretmegi dowam etdirýärler we soňra beýleki döwletleriň egnine geçirýärler. Muny daşary ýurtly türkmen talyplarynyň ene-atalarynyň okamak we ýaşamak üçin pul serişdelerinden kesilen ýagdaýynda gördük.
Biz muny häzirem konsullyklar watandaşlarymyz üçin pasport çalyşmakdan ýüz öwürenlerinde-de görýäris. Raýatlarynyň ýenjilmegi barada habar alansoňam, türkmen diplomatlary hiç zat bolmadyk ýaly, giň köpçülige ýetirmän başyndan sowarlar".
Ondan öň türk deportasiýa merkezleriniň ýolbaşçylarynyň türkmen diplomatlary bilen "habarlaşmaga" synanyşýandyklary habar berildi. Şeýle-de bolsa, olaryň edýän tagallalary raýatlaryny tanamakdan we olara pasport bermekden ýüz öwürýän konsulluk işgärleri bilen gapma-garşy bolýarlar.
Şol sebäpli türk häkimiýetleri müňlerçe türkmen migrantyny uzak wagtlap deportasiýa merkezlerinde saklamaly bolýarlar, ol ýerde bolsa uzak aýlap garaşmak, çaknyşyklar we söweşler, umytsyzlyk, depressiýa hemmeler çydap bilmeýär we öz janyna kast etmek ýagdaýlar hem bar.
Ne Türkmenistanyň häkimiýetleri, ne-de Türkiýedäki diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ne-de resmi metbugat, ne-de Türkmen Ombudsmeni migrantlaryň kynçylyklary barada düşündiriş bermeýär.
Özüni Arslan T. diýip tanadan bir migrantyň sözlerine görä: “Türk häkimiýetlerinden beýle berk çärelere garaşmaýardyk, sebäbi bize hemişe türkleriň doganlarymyzdygy aýdylýar. Görnüşine görä, olaryň hem sabyr käsesi doldy öýdýän."
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.