Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Deportmy? Näme üçin?

 Deportmy? Näme üçin?

Şaýatlaryň beren gurrüňi. 1.

Men, Türkmenistan watandaşy Dursoltan Taganowa, 2020-nji ýylda 85 gün Türkiýedäki deportasiýa merkezinde boldum. Ol ýerde ýüzlerçe Türkmenistanlylara duş geldim. Ilkibaşda, Stambulda 75 gün Silivri deportasiýa m erkezinde we galan 10 güni Kirklareli diýen ýerde geçirdim . Türkmen aýal-

gyzlarynyň köpüsi, ellerinde talaba laýyk resminamalaryň ýoklugy, şeýlede Türkmenistan hökümetiniň öz üstüne alan borçlaryny doly ýerine ýetirmeýänligi sebäpli tussag edilýär. Ýagny watandaşlarymyzyň kanuny statusy ýokdy. Köne türkmen pasporty bilen ýaşamak üçin rugsatnama we iş wizasy almak mümkin däl. 10-15 günüň dowamynda Türkmenistanyň 30-40 raýaty deportasiýa merkezine getirilýärdi. Türkmen raýatlaryny ýollaryň ýapylmagy sebäpli öz watanyna ugradyp bilinmeýärdi. Beýleki ýurtlaryň raýatlary şuňa meňzeş kynçylyklara duçar bolmadylar.

Deportasiýa merkezi üç gatly binadan ybarat bolup, her gatynda takmynan ýüz töweregi aýal saklanýardy. Her gatda umumy hajathana we hammam bar. Hammamda ýuwunmak wagty çäkli däl. Her otagda 8-10 aýal ýerleşýärdi. Krowatlar iki gatlydy.

Deportasion merkeziň özünde lukmançylyk kömegi berilýär, zerur bolan halatynda hatda hassahana äkidilýär. Deportasiýa merkezinde ýörite psiholog lukman bar . Günüň dowamynda lageriň çäginde ýerleşýän söwda dükanyna zerur bolan harytlary almak üçin, 2 gezek baryp gelmäge rugsat berilýärdi. Telefonda gürleşmek sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günleri 20: 00-dan soň, 10 minut rugsat berilýärdi. Jaňlaşmak üçin tölegli çäkli kartoçkalar ulanylýar.

Habarlaşmak üçin kart satyn almaga mümkinçiligi bolmadyk aýal maşgalalara lager işgärleri kartoçkalaryny berýän halatlary hem boldu. Adwokatlaryň baryp görmeli günleri deportasiýa merkeziniň gün tertibine laýyklykda diňe iş günlerinde we iş sagatlarynda gurnalýar.

Deportasiýa merkezinde türkmenleriň ýagdaýy, beýleki döwletleriň raýatlaryndan tapawutlylykda has çynlakaý synaglara sezewar edilýändigine we bularyň hemmesiniň türkmen hökümetiniň biparhlylyk bilen baglanyşyklydygyna göz ýetirdim. Siliwri şäherinde ýerleşen merkezde takmynan 60-65 ýaşly bir garry aýal bardy. Ol ýere 3-4 gezek getirildi. Türkmenistan hökümetiniň ýeterlik eksport uçuşlaryny gurnamaýandygy we ýollaryň ýapyklygy sebäpli, ony deportasiýa edip bilmediler. Şonuň üçin biraz wagt saklandan soň boşadylýar we birnäçe günden soň ýene-de tutup getirýärler. Ol öz huşunda däldi, haýsydyr bir akyl hassalygy bardy . Hatda ol garry aýaly getirende elhenç ýagdaýda bolandygyny hem gördim. Ýagny eşiklerine gusan halda bolýardy. Deportasiýa lageriniň işgärleri ony garrylar öýüne ýerleşdirmäge synanyşdylar, ýöne ol ýerde ýer ýokdygy sebäpli başarmadylar.

Stambulyň deportasiýa merkezinde günde üç gezek ýyly nahar berilýär . Iýmitler kanagatly ýagdaýda. Şol garry aýalyň özi hereket edip bilmänligi üçin iki sany türkmen aýal ony naharhana getirýärdi. Edil şonuň ýaly-da, goltugyndan goldaw berip ony yzyna alyp gidip, düşeginde ýatyrýadylar.

Beýleki ýurtlaryň zenan raýatlary deportasiýa edilmeginden asla alada galmaýardylar. Emma türkmenler gaty gorkýardylar. Sebäbi Türkmenistana gelenlerinde, gitmek üçin gadaganlyk möhüri goýüljagy bilýardiler goýuljagyny bilýärler. Bu ýagdaýda Türkmenistanda iş tapmak mümkin däldigi sebäpli çagalary iýmitsiz galyp biljekdigini bilýärler.

Deportasiýa merkezinde her gün 30 minutlap gezelenç etmek rugsady bardy . Aýal-gyzlar ruhy çökgünlige düşmezligi üçin gezelençde aýdym-saz goýýarlar. Beýleki ýurtlaryň raýatlary hatda bu aýdym-sazda tans edýärdiler. Emma türkmen aýal-gyzlary bir üýşmeleňde ümsüm oturýardylar we ýüzlerinden gaýgy alamaty aýrylmaýardy. Öýlerinden erbet habar gelýän pursatlar hem bolýardy. Käbirleri tussag edilendigi sebäpli maşgalasyna pul iberip bilmeýärdi. Çagalaryň iýmäge zatlarynyň ýokdugyny bilýän eneler has hem umytsyzlyga düşýärdi. Çagalary kesellänleri hem bardy. Şeýle ýagdaýlarda umytsyzlykdan aglaýardylar.

Üç aýyň içinde beýleki ýurtlaryň konsullyklarynyň işgärleri öz raýatlarynyň ýanyna birnäçe gezek baryp gördüler we tussaglykda saklanyş şertleri bilen tanyşdylar. Aklawçy bilen üpjin etmekde uly alada bildirýärler. Türkmenistanyň konsullyk işgärleri bolsa öz raýatlaryndan hiç haçan baryp habar almaýar. Aýal-gyzlar täze gelenlerden Türkmenistan barada habar soraýarlar. Iň ýörgünli sorag “Türkmenistana ýollar haçan açylýar” – diýen sorag bolup durýar.

2021-nji ýylyň sentýabr aýynda, ikinji gezek tussag edilenimde, merkezde takmynan 35-40 türkmen aýal bardy. Ertesi gün boşadyldym. Lagerden çykanymda lager işgärleri şeýle soragy berdiler: “Deportasiýa karary bolan aýallary haýsy ýurda iberip bolýar?” Men şeýle jogap berdim: “, Elinde bar bolan köne pasportlary bilen hiç bir döwlet kabul etmeýär”

Öz watanymyza gerek bolmadyk türkmenler biz. Elbetde, deportasiýa merkezi türme däl we bu ýerdäki tussaglyk şertleri çydamly, ýöne şol bir wagtyň özündede köp bigünä türkmen aýal-gyzlary öz döwletiniň adalatsyz çemeleşýändigini görüp, umytsyzlykdan aglaýardylar. Käte menem aglaýardym.

Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Salam, Dogan!:‘Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar
Azatlyk Radiosy: Salam, Dogan!:‘Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar
Azatlyk Radiosy: Salam, Dogan!: ‘Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar
Azatlyk Radiosy: Salam, Dogan!: ‘Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy...
Azatlyk Radiosy: Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi
Azatlyk Radiosy: Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler...
Династической автократии Туркменистана 2 года/Arkadagly Serdaryň režimine 2 ýyl.
Династической автократии Туркменистана 2 года/Arkadagly Serdaryň režimine 2 ýyl.
О, Аллах, сохрани нас от депортации!/Eý Allam, halal zähmet diýp geldik, deportdan öziň gora!
О, Аллах, сохрани нас от депортации!/Eý Allam, halal zähmet diýp geldik, deportdan öziň gora!