Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Garagalpakstanly syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew has berk tussaglyk rejimi bolan koloniýa geçirildi.

Garagalpakstanly syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew has berk tussaglyk rejimi bolan koloniýa geçirildi.

Dädebaýewiň Nawoýdaky KIN-11 koloniýasyna geçirilmegi barada maglumat alyndy. Bu barada tussagyň kakasy çarşenbe güni habar etdi.

Jumasapar Dädebaýew Garagalpakstandan gelen etniki türkmen bolup, 2022-nji ýylda “ekstremizm” we respublikanyň özygtyýarlylygy ideýasyny onlaýn goldaýanlygy üçin 12 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Ýörite hyzmatlar tarapynadan gurnalan operasiýa bilen 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkiýeden äkidildi. Dädebaýew 2022-nji ýylyň dekabryndan bäri Karşi şäherindäki KIN-3 umumy rejim koloniýasynda hökümini geçirdi. Has berk rejimi bilen tanalýan KIN-11 koloniýasyna geçirilmegine has berk jeza hökmünde garalmalydyr.

Garagalpak protestleriniň lideri Dawletmyrat Tajimyratowyň hökümini KIN-11-de geçirýändigini ýatladýarys. Onuň geçen güýzde bu koloniýadaky tussaglyk şertleri bilen baglanyşykly eden ýüz tutmalary giň seslenme döretdi.

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki gaznasy.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.