Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Hiçden giç ýagşy.

  Hiçden giç ýagşy.

2-nji awgustda türkmen migrantlary Stambulyň howa menzilindäki kassasyna hüjüm edip başladylar. "Türkmenistan howa ýollarynyň" işgärleriniň manipulýasiýalaryna 200 töweregi adam nägileliklerini bildirdiler. Olar her raýata bir petek satmagyň ýerine iki petek satypdyrlar. Türkmen konsullygynyň wekillerine uzyn gün garaşylandygyna garamazdan howa menziline gelmändirler.

1-nji awgustda Stambuldaky Türkmenistan konsullygynyň daşynda 350-500 töweregi adam hobata durdular. Olaryň hemmesi konsul bilen duşuşmak isleýärdiler. Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda beýle nobatlara yzygiderli gabat gelmek bolýardy.

Öýländen soňra adamlar nägilelik bildirip başladylar, käbirleri konsuluň gelmegini talap etdiler, näletler eşidildi. “Biz uzyn gün jakrap duran yssy günüň aşagynda durýarys. Adamlary kösemegi bes ediň! “- diýlen nägilelikler eşidilýardi. Raýatlar gaharlandylar we bu adamlaryň ses çykarýan iň zyýansyz zadydy. Beýlekiler konsullyk işgärleriniň ýaltalygyna nägilelik bildirdiler, başgalary bolsa konsullugyň işgärleri tarapyndan gelýänlere köp ýyllap gödek çemeleşilmegine gaharlandylar.

Ahyrynda kimdir biri binanyň penjiresini döwdi, gan döküldi (kimden anyklamak mümkin bolmady), konsullyk işgärleri polisiýa jaň etdiler we sesini hemmelerden batly çykaran zenan maşgala tussag edildi.

Şaýatlaryň aýdyşlaryna görä, türkmen işgärleri wideo düşürmegi gadagan edipdirler, azyndan iki adam wideo ýazgylaryny telefonlaryndan pozmaga mejbur bolupdyr. Konsullygyň işgärlerinden biri raýatlara iş wagtyndan artyk işlemegi wada berdi: şol gün raýatlary kabul etmek 21:00-a çenli dowam etdi. Konsullugyň käbir işgärleri kadr ýetmezçiligini gelen käbir raýatlara arz etdiler.

Adynyň efirde tutulmagyny islemedik Türkmenstanyň Daşary işler ministrliginiň öňki orta derejeli işgäri bilen bu ýagdaýa düşündiriş bermegini haýyş etdik: “Türkmenistanyň Wise-premýer we Daşary işler ministri Raşid Meredow ähli kynçylyklary bilýär, ýöne muňa ençeme ýyllap ýol berýär . Daşary işler ministrligi dartgynlygy aýyrmak üçin Stambula birnäçe işçi iberip bilýar, ýöne edenok. Beýle tizlikde gitseler hatda üç ýylda-da meseläni çözüp bilmezler, sebäbi Türkiýede birnäçe ýüz müň türkmen raýaty ýaşaýar.

Umuman aýdylanda, bu waka türkmen raýatlarynyň daşary ýurt konsullyklarynda pasportlary, resminamalary almak / täzelemek hukugyny uzak wagtlap äsgermezlik etmegiň, bu hukuklary talap edýän aktiwistleriň ýolbaşçylarynyň yzarlamalarynyň we araçylara howandarlyk edýän işgärleriň açgözlüginiň netijesidir.

Indi nämede bolsa Türkiýedäki ilçimizi çalyşdylar, Türkiýedäki protestleriň güýçliligini azaltmak barada buýruk alnan bolmagy ähtimal, şonuň üçin wagtlaýyn şahadatnama berip başladylar. Ýöne bu "deşikleri ýamamak" meseläni çözmek däl-de, sosial partlamany gijikdirmek. Beýleki ýurtlarda bolşy ýaly, ähli raýatlara pasport bermeli we öňküsi ýaly göwrümli howa gatnawlaryny açmaly.

Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.

Iň soňky habarlar

Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat