“Forum 18”-e görä, 21-nji oktýabrda protestant ruhanysy Ilmyrat Nurlyýew Mary şäher kazyýeti tarapyndan dört ýyl azatlykdan mahrum edildi. Häkimiýetler ony raýatlardan köp mukdarda pul (1600 manat) talap etmekde aýyplaýarlar.
Ruhanynyň aýaly Maýa Nurlyýewa we jemgyýetiň agzalary ony bigünä hasaplaýarlar, aýyplamalar bolsa galplaşdyrylýar. Olaryň pikiriçe, ruhany dini ynançlary üçin yzarlanýar. Ilmyradyň garyndaşlary süýji keselinden ejir çekýän I.Nurlyýewiň saglygy barada alada edýärler.