Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

THF türkmen resmilerini deportasiýa merkezlerindäki türkmenleriň ýagdaýyna üns bermäge çagyrýar.

 THF türkmen resmilerini deportasiýa merkezlerindäki türkmenleriň ýagdaýyna üns bermäge çagyrýar.

"Türkmen Helsinki fondunyň" habaryna görä, Türkiýäniň deportasiýa merkezlerinde ýüzlerçe türkmen raýaty saklanýar. Adam hukuklaryny goraýjy gurama 2-nji fewralda çap edilen maglumatynda deportasiýa merkezinde Türkmenistanyň raýatlaryna garşy fiziki zorluk wakalary barada habar berýär we Türkiýedäki türkmen ilçihanasyny türkmen raýatlarynyň ýagdaýyna üns bermäge çagyrýar.

THF-nyň habaryna görä, Türkiýäniň paýtagtyndan 80 km uzaklykda ýerleşýän Ankaranyň Çankiri deportasiýa merkezinde (Çankiri Gönderme Merkezi) üç sany türkmen migrantyna garşy fiziki zorluk ulanylypdyr.

"Ozal bu migrantlar möhleti geçen resminamalar sebäpli tussag edilipdi. Soňra ol ýerden gaçmagy başardylar, ýöne 31-nji ýanwarda gaçgaklar türk polisiýasy tarapyndan tutulyp, deportasiýa merkezine gaýdyp getirildi. Olaryň sözlerine görä, gaçmagyna erbet şertler sebäp bolupdyr, olar 3x3 metrlik oragda 15 adam bolup saklanypdyr, iýmiti erbet bolupdyr" diýip, THF daşary ýurtly türkmen ýaşlar hereketi ADH, ýagny "Adalat Demokratik Hereketi" atly toparyň maglumatlaryna salgylanýar.

Bu toparyň wekili Eziz Mämmedow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde deportasiýa merkezinden jemi 7 adamyň gaçandygyny aýtdy: "Düýn 7 adam Çankiri merkezinden gaçdy. Tutuldy we yzyna gaýtaryldy. Aýdyşlaryna görä, olar rehimsizlik bilen ýenjildi, olar şol ýerde gaty ezilýär".

Mämmedow, Çankiridäki deportasiýa merkezinde migrantlaryň agyr şertlerde saklanýandygyny aýdyp, şeýle gürrüň berdi: "Iň azyndan 10-11 adam 2x3 metrlik otagda saklanýar. Her bir düşekde üç adam bolup, gezek-gezegine ýatýarlar. Köp adam bize jaň edýär, kyn ýagdaýlary barada aýdýar we kömek soraýar".

Azatlyk Radiosy türk migrasiýa edaralaryndan resmi maglumat alyp bilmedi. Çankiridäki Deportasiýa merkezine jaň edenimizde bize telefon arkaly maglumat berip bilmejekdiklerini aýtdylar.

Bu aralykda, THF-nyň maglumatlaryna görä, beýleki deportasiýa merkezlerindäki şertler hem kyn. Hususan-da, Antalýanyň (Döşemealty) deportasiýa merkezinde 3-4 aýdan gowrak wagt bäri saklanýan Türkmenistanyň 8 raýatynyň çalşylmaga eşigi ýok. Olaryň tussag edilen wagtynda egninde bolan geýimleri doly sandan çykypdyr.

Adam hukuklaryny goraýjy gurama Türkiýedäki türkmen diplomatlarynyň üns bermezliginiň deportasiýa merkezlerindäki türkmen raýatary üçin uly mesele bolup durýandygyny belleýär.

"Biz bilen söhbetdeş bolan onlarça türkmen migranty, deportasiýa lagerlerinde bolan wagtynda türkmen diplomatlarynyň hiç haçan öz ykbaly bilen gyzyklanmandygyny aýtdylar. Deportasiýa merkezleriniň işgärleri türkmen ilçihanasynyň we konsullyk gullugynyň jogabyna birnäçe aýlap garaşmaly bolýandyklaryny migrantlaryň özlerine aýdýarlar. Emma türkmen resmileri öz raýatlaryny ençeme aýlap ykrar etmeýärler, olaryň ýitiren resminamalaryny dikeltmän, aklawçy tapmaga, lukmançylyk kömegini bermäge kömek etmeýärler. Bu meselede türk häkimiýetleri türkmen migrantlaryny 6-9 aýlap izolýasiýada saklamaga mejbur bolýarlar "- diýip, THF habar berýär.

Adam hukuklaryny goraýjy gurama, gürrüňdeşleriniň biri "Kyrklareli" deportasiýa merkezinde bolan A.B. atly türkmenistanlyny sitirleýär: "Daşary ýurtly migrantlaryň hemmesiniň ýanyna konsullyklarynyň aklawçylary geldi, ýöne türkmen diplomatlary hiç birimiziň ýanyna baryp görmedi. Men ol ýerde 6 aýdan gowrak wagtlap boldum".

THF geçen ýyldan bäri türkmen konsullygynyň raýatlaryň pasportlaryny 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyp başlandygyny, emma konsullygyň işini tankytlaýan aktiwistler üçin dokumentleriň uzaldylmaýandygyny belleýär. Şeýle hem maglumatda müňlerçe migrantyň köne pasportlarynyň düýpden täzelenmeýändigi we netijede olaryň Türkiýede kanuny esasdan galmak hukugyndan mahrum bolýandygy aýdylýar. Olaryň köpüsi işini, öýlerini ýitirýär, çagalary mekdebe gatnap bilmeýär, köpüsi saglygyny bejermek mümkinçiliginden mahrum bolýar diýlip maglumatda aýdylýar.

Türkmenistanyň raýatlary üçin wiza düzgüniniň girizilmegi, türkmenistanlylaryň Türkiýedäki ýagdaýyny hasam kynlaşdyrdy. 15 ýyllap ýüzlerçe müň türkmen raýaty üçin meşhur ýurtlaryň birine öwrülen Türkiýede galmak üçin toplamaly resminamalarynyň sany artdy.

Türkiýäniň Migrasiýa Gullugynyň 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda çap eden soňky sanlaryna görä, ýurtda Türkmenistanyň 222 090 raýaty kanuny esasda ýaşaýar. Garaşsyz çeşmelere görä, bikanun migrantlaryň sany birnäçe esse köp.

Azatlyk Radiosy.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary