Hanymlar we jenaplar,
Erkin metbugatyň adam hukuklaryny we esasy azatlyklaryny goramak üçin möhümdigi hemmelere mälimdir. Garaşsyzlygyň 30 ýylyndan bäri Türkmenistan döwleti bu ugurda görlüp-eşidilmedik derejede yza gaýdyp geldi. Häzirki Türkmenistan awtoritar režiminiň 30 ýyllyk propagandasynyň netijesidir.Bu propagandanyň täsiri argumentleriň ynandyryjylygynda däl-de, owadan bezelen daşky guty sebäp bolýar . Owadan guty bilen bezelen prapogandada manysyz we bolgusyz zatlar berilýär. Şonuň üçin köp adam bu warsaky zatlara ynanmaýarlar. Bu prosesiň umumylygyny we yzygiderli häsiýetini göz öňünde tutup, raýat jemgyýetiniň ýoklugyny görýäris. Uzak möhletleýin alternatiw maglumata eýe bolmazlygy sebäpli häzirki wagtda wakalara çynlakaý baha berýän millionlarça türkmenleriň nesliniň ösendigini ýadyňyzdan çykarmaň. Mankurtlar ýaly, başga bir pikiri bolan adamyň watana dönüklik edýändigi kellelerine guýuldy!
Türkmenistan, her ýyl metbugat azatlygynyň reýtinginiň görkezijisinde iň yzky orunlarda ýerini alýar. Gadagançylygy aňladýan “bolonok” sözü iň ýörgünli söz bolup durýar. Printerli çap we elektron habar beriş serişdeleri berk gözegçilikde saklanýar ýa-da döwlete degişli bolup galýar. Internet berk senzurada. Köp web sahypalary we programmalar petiklendi.
Häkimiýetler ähli aragatnaşyk serişdelerine üns bilen gözegçilik edýärler. Sizi köçede, mekdepde, we şuňa meňzeş ýerlerde saklap, VPN hyzmatlaryny ulanyp ulanmaýanlygyňyzy kesgitlemek üçin telefonlary barlaglardan geçirýärler. Häkimiýetler garaşsyz sesleri yzygiderli basyp ýatyrýarlar we daşary ýurt habar beriş serişdeleri bilen maglumat paýlaşýan raýatlary rehimsiz yzarlaýarlar. Azda-kände internetden düşünýän adamlar gorkuzylýar, gözegçilik astynda saklanýar we şugulçy hökmünde zor bilen işe alynýar.
Şol bir wagtyň özünde, hökümete tarapdar blogçylar interneti erkin ulanyp bilerler we aktiwistlere sebäpsiz töhmet atyp bilerler.Türkmen metbugaty tomaşaçylaryna köpçülikleýin hödürleýän maglumatlaryna syn etsek hamana hemme zat gowy, adamlar aýdym aýdyp tans edýärler. Çynlakaý mekdep biliminiň ýerine, birinji synp okuwçylara okuwyň ýerine başlangyç noutbuklar berilýär, okuw döwrü, bilim bermegiň ýerine çaga zähmetinden peýdalanylýan ýagdaýlar hem ýygy ýygydan duş gelýär, talyplary medeni çärelere zor bilen çykarýarlar we şahsyýet kultyna ulanýarlar, jaýlaryň ýerine tomaşaçylara “Potemkin obalary” görkezilýär.
Ýurtda maglumat azatlygy we raýat jemgyýetçiligi düýbinden ýok.Ýene-de bellemeli möhüm bir zat, türkmenleriň wagyz-nesihatlarynyň günbatar jemgyýetçiliginiň pikirine täsiri. Muňa kembaha garamaly däl. Awtoritar hökümet daşary ýurtlarda wagyz etmek üçin millionlarça dollar harçlaýar. Netijede, halkara guramalar türkmen rejimine boýun egýär we Türkmenistanyň ýüzlerçe müň raýaty metbugat azatlygynyň we beýleki konstitusion hukuklaryň bozulmagy sebäpli ejir çekýär.
Türkmenistanyň halky, mysal üçin beýleki ýurtlarda aňsatlyk bilen ýok edilýän käbir durmuş kynçylyklaryna häkimiýetleriň ünsüni çekmek üçin halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyga synanyşýar. Näme etmeli ? Günbatar demokratiýalary bu meseläniň özboluşly çözgüdini tapdylar: hiç zat etmeli däl.
Annadurdy Hajyýew.
Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondy.