Türkmenleriň garaşsyz žurnalisti Gurbansoltan Açylowa Migrasiýa gullugyndan Türkmenistandan gitmeginiň gadagan edilendigi barada resmi ýazmaça jogap aldy. Şu ýylyň 11-nji martynda Açylowa halkara seminara gatnaşmak üçin Aşgabatdan Tbilisä Stambulyň üsti bilen uçmaga rugsat berilmedi. Soňra migrasiýa gullugynyň işgäri žurnalistiň ýurtdan çykmagy gadagan edilendigini aýtdy. Şondan soň, bölüme hat ýazyp, hereketine çäklendirmeleriň girizilmeginiň sebäplerini düşündirmegini haýyş etdi. 16-njy iýulda ýazylan we Migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary I.Ymamberdiýew tarapyndan gol çekilen jogapda hiç hili anyk sebäp ýok.
“03.05.2019-da bize gelen arzaňyzyň gözden geçirilendigini habar berýäris. Mundan başga-da, beýleki degişli guramalardan jogap aldyk. Netijede, ýurtdan çykmak baradaky çäklendirmeler güýje girýär"-diýilýär. Haýsy “degişli guramalaryň” syýahat gadagançylygyny girizendigi we näme sebäpden düşündirilmeýär. Ondan öň žurnalistleri goramak komiteti (ŽGK) Soltan Açylowa goldaw berdi we ýurduň häkimiýetlerinden onuň hereketine girizilen ähli çäklendirmeleri ýatyrmagyny isledi. Gurbansoltan Açylowa Türkmenistanda aç-açan işleýän az sanly garaşsyz žurnalistiň biridir. Hünär işi sebäpli, näbelli adamlar tarapyndan yzygiderli hüjümlere, gorkuzmalara we haýbatlara sezewar edilýär.
https://www.hronikatm.com/2019/07/achilova-travel-ban/