Dünýädäki ýurtlarda demokratiýanyň ýagdaýynyň iň soňky reýtingi, Demokratiýa indeksi, täsirli “The Economist” žurnalyny neşir edýän Iňlis The Economist Group-yň bilermenleri tarapyndan düzüldi.
Reýting düzülende demokratiýanyň derejesi bäş görnüşde seljerilýär:
- saýlaw ulgamy we plýuralizm; - hökümetiň işlemegi; - raýatlaryň syýasata gatnaşmagy; - syýasy medeniýet; - raýat azatlyklary.
10 ballyk düzümde baha berlen netijä görä dünýäniň 167 ýurdy dört topara bölünýär:
1) doly hukukly demokratiýa - 19 ýurt; 2) "kemçilikli" demokratiýa - 57 ýurt; 3) kiçi rejimler - 40 ýurt; 4) awtoritar rejimler - 51 ýurt.
Däp bolşy ýaly, Türkmenistan awtoritar rejimli döwletleriň sanawynda (162-nji ýer). Saýlaw ulgamy we plýuralizm 0 bal, hökümetiň işleýşi - 0,79 bal, raýatlaryň syýasata gatnaşmagy - 2.78 bal, syýasy medeniýet - 5 bal, raýat azatlyklary - 0,59 bal.
“Awtoritar rejimler” kategoriýasyna Türkmenistandan başga-da Ermenistan (120-nji ýer), Belarus (127-nji ýer), Russiýa Federasiýasy (134-nji ýer), Gazagystan (139-njy ýer), Azerbaýjan (148-nji ýer), Özbegistan (158-nji ýer), Täjigistan (161-nji ýer) girýär.
Düzümiň iň soňunda 167-nji ýerde “demokratiýa garşy” - Demirgazyk Koreýa, şeýle hem Türkmenistanyň aşagynda ýerleşýän Ekwatorial Gwineýa, Merkezi Afrika Respublikasy, Çad we Siriýa bar.
Iň demokratik döwletleriň sanawyna Norwegiýa ýolbaşçylyk edýär. Reýtingde Daniýa, Şwesiýa, Islandiýa we Finlýandiýa hem birinji ýerde durýar. Şweýsariýa, Kanada, Awstraliýa, Täze Zelandiýa.
ABŞ, Ýaponiýa, Italiýa, Portugaliýa, Fransiýa, Çehiýa, Günorta Koreýa, Estoniýa, Moldowa, Hindistan, Ysraýyl ýurtlaryň ikinji toparyna girýär.
“Kiçi rejimlere” Gruziýa, Ukraina, Gyrgyzystan, Türkiýe, öňki Ýugoslawiýa döwletleri, şeýle hem “üçünji dünýäden” (Keniýa, Zambiýa, Gonduras, Nepal we ş.m.) girýär.