Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

ÝHHG Türkmenistanda tussag edilen žurnalistiň boşadylmagyny isleýär.

ÝHHG Türkmenistanda tussag edilen žurnalistiň boşadylmagyny isleýär.

WENA, 2015-nji ýylyň 12-nji awgusty - ÝHHG-nyň metbugat azatlygy boýunça wekili Dunýa Miýatowiç şu gün Türkmenistanyň häkimiýetlerini žurnalist Saparmämmet Nepesgulyýewi boşatmaga çagyrdy.

Miýatowiç: "Ofisimize elýeterli maglumata görä, Nepesgulyýew bir aýdan gowrak wagt bäri özüne garşy aýyplama bildirilmezden tussaglykda saklanýar" -diýdi. “Türkmenistanyň häkimiýetleri bilen Ofisimiň arasynda köpden bäri dowam edip gelýän we göni hyzmatdaşlyga esaslanyp, men onuň boşadylmagyny isleýärin”.

Erkin Ýewropa / Azatlyk radiosy we “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” gullugynyň erkin habarçysy Nepesgulyýewiň 7-nji iýulda tussag edilendigi we Türkmenistanyň Balkan sebitindäki wagtlaýyn tussaghanada saklanýandygy habar berildi. Nepesgulyýewiň garyndaşlaryna neşe serişdelerini bikanun saklamakda aýyplanýandygy habar berildi, ýöne entek resmi aýyplama bildirilmedi.

Miýatowiç 29-njy iýulda Türkmenistan häkimiýetlerine ýazan hatynda Nepesgulyýewiň maşgalasynyň ony görmegine rugsat berilmeýändigi we oňa kanuny kömek berilmeýändigi barada alada bildirdi.

ANT tarapyndan terjime edildi http://habartm.org/archives/3438

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.