Adam hukuklary boýunça halkara guramasy “Freedom Now” Türkmenistan hökümetinden žurnalistler Annagurban Amanglyjowy we Sapardurdy Hajyýewi boşatmagyny isledi. “Freedom Now” Prezident Gurbanguly Berdimuhammedowy A. Amanglyjowa we S.Hajyýewe 9-njy maýda-ýeňiş güni mynasybetli amnistiýa bermäge çagyrdy. Gurama ýüzlenmesinde "Şeýle karar Türkmenistanyň döwleti demokratiýalaşdyrmak we adam hukuklary ýagdaýyny gowulandyrmak üçin aýgytly çäreleri görmek isleýändigini tassyklar" -diýdi.
2006-njy ýylyň iýun aýynda Milli Howpsuzlyk Ministrliginiň işgärleriniň Annakurban Amanklyçýowy, Sapardurdy Hajyýewi we "Azatlyk" radiosynyň türkmen neşiriniň habarçysy Ogulsapar Myradowany Türkmenistanda bilim ulgamlary we saglygy goraýyş ýagdaýy barada fransuz dokumental filminiň üstünde işleýän wagtynda tussag edendigini ýadymyza salalyň. Amanglyjow, Hajyýew we Myradowa HDB gurama “Türkmen Helsinki gaznasy” bilen baglanyşyklydy.
Häkimiýetler žurnalistleri “daşary ýurtlular bilen döwleti durnuksyzlaşdyrmak üçin dil düwüşmekde” we Annagurban Amanglyjowy Türkmenistandaky ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmak üçin “maglumat ýygnamakda” aýyplady. Žurnalistler özüne garşy aýyplama bildirilmezden bir aýa golaý türmede saklandy. 2006-njy ýylyň awgust aýynda Amanglyjow we Hajyýew bikanun ok-däri saklandygy üçin ýedi ýyl, Myradowa bolsa alty ýyl azatlykdan mahrum edildi. Kazyýet işi gysga we ýapyk boldy. Kazyýet zalyna garyndaşlaryna we raýat agzalaryna girmäge rugsat berilmedi, gorag üçin şaýatlary çagyrmaga rugsat berilmedi.
Ogulsapar Myradowa düşnüksiz ýagdaýda türmede öldi; garyndaşlary onuň öldürilendigine ynanýarlar; Adam hukuklaryny goraýjylaryň pikiriçe, türmede Myradowa garşy psihotropiki neşe serişdeleri ulanyldy - ol "ters hereketleri" boýun almaga mejbur boldy.
Halkara jemgyýetçiligi Amanglyjowa we Hajyýewe garşy aýyplamalary we kazyýet işini giňden ýazgardy we hökümeti žurnalistleri jezalandyrmak we dymdyrmak üçin ýene bir synanyşykda aýyplady.
2008-nji ýylda Anngurban Amanglyjow we Sapardurdy Hajyýew günäleriniň geçilmegi üçin ýüz tutdy, ýöne prezident G. Berdimuhammedow günäsini geçmekden ýüz öwürdi. Amanglyjow bilen Hajyýewiň işi Warşawada we Wenada geçirilen ÝHHG-nyň adam ölçegleri konferensiýasynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
2010-njy ýylyň noýabr aýynda BMG-nyň esassyz tussag etmek boýunça iş topary 2006-njy ýylda iş kesilmegi we azatlykdan mahrum edilmegi halkara hukugyny bozandygyny kesgitläp, adam hukuklaryny goraýjylary boşatmaga çagyrdy.
“Freedom Now” Annagurban Amanglyjow bilen Sapardurdy Hajyýewiň häzirki wagtda düzediş koloniýasynda azatlykdan mahrum edilýändigini tassyklaýar. Şaýatlaryň sözlerine görä, gynamalar we çydap bolmajak tussaglyk şertleri sebäpli saglyk ýagdaýy erbetleşipdir.
Türkmenistan dünýädäki iň repressiw rejimleriň biridir. “Serhetsiz habarçylar” tarapyndan geçirilen soňky reýtinge görä, 2011-2012-nji ýyllardaky metbugat azatlygy indeksinde Türkmenistan 179 ýurtdan 177-nji orunda durýar. Žurnalistleri goramak komiteti iň berk senzura bolan ýurtlaryň arasynda Türkmenistany öz içine aldy.
Hökümet wekili Türkmenistanda “köp partiýaly ulgamyň döredilmegi jemgyýeti demokratiýalaşdyrmak we uly sosial özgertmeler geçirmek maksadymyza laýyk gelýär” -diýdi. “Türkmenistan hakykatdanam jemgyýeti liberallaşdyrmak üçin çäre görmek isleýän bolsa, hökümet Annagurban Amanglyjowy we Sapardurdy Hajyýewi boşatmaly we halkara jemgyýetçiligine Türkmenistanyň döwlet gurluşyny we jemgyýetini özgertmäge gönükdirilen anyk çäreleri görmäge çynlakaý çemeleşmeli”-diýip, Bütin dünýäde wyždan tussaglaryny azat etmek üçin işleýän we Annagurban Amanglyjow bilen Sapardurdy Hajyýewiň bähbitlerine wekilçilik edýän "Freedom Now"-yň ýüzlenmesinde aýdylýar.
Halkara habar gullugy "Fergana"