Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

NÄHAK GAN ÝERDE ÝATMAZ!

NÄHAK GAN ÝERDE ÝATMAZ!

TÜRKMENISTANYÑ ”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETINIÑ DAŞARY ÝURT BÖLÜMINIÑ RESMI BEÝANNAMASY

Türkmenistany dolandyrýan adamhor rejim ýene-de bir agyr jenaýata ýüz urdy: adam hukuklaryny goraýjy we ”Azatlyk” radiosynyñ ştatdan daşary habarçysy Ogulsapar Myradova tussaglykda kümsüklik bilen öldürildi. Üç çaganyñ enesi, batyr ýürekli ýönekeý türkmen aýaly Ogulsaparyñ öz ajalyna ölmänligini güman etmäge bizde doly esas bar.

1. Tussaglykda öz ajalyna ölen adamynyñ ”öldi” habary onuñ ýakyn hossarlaryna resmi düzgün boýunça öz wagtynda habar edilmeli. Türkmen häkimýetleri Ogulsaparyñ ölümini birnäçe gün gizläp, diñe 14-nji sentýabrda merhumyñ çagalaryna goñşularynyñ üsti bilen ýetiripdirler. Gözli şaýatlaryñ berýän habarlaryna görä, Türkmenistanyñ hukuk goraýjy edaralarynyñ jogapkär işgärleri bu meselede özlerini ýurduñ kanuny häkimýetiniñ wekilleri däl-de, eýse jenaýatçy toparlar ýaly alyp barypdyrlar.

2. Ogulsaparyñ çagalaryny bu iş bilen bagly öýlerinden alyp gidenlerinde häkimýet wekilleri munuñ hakyky sebäbini gizläp, ”sizi polisiýa äkidýäris” diýipdirler. Soñra-da olary morga, meýit saklanýan jaýa eltipdirler. Öz wezipesini dogruçyl ýerine ýetirýän adamlara tilki sapalagyny atmagyñ nämä geregi bar? Tussagyñ ölüminde öz eli ýok edara onuñ maşgalasyna bu ajy habary nämüçin resmi suratda ýetirmeli däl? Tussag – bu grajdan hukuklary elinden wagtlaýyn alnan adam. Hemişelik däl. Eger-de bu jezanyñ häsiýetine görä, Jenaýat kodeksinde göz öñünde tutulmadyk we hökümde ýazylmadyk bolsa, onda tussag ýogalan halatynda häkimýetler muny öz wagtynda merhumyñ ýakyn hossarlaryna habar bermäge we onuñ jesedini-de gep-gürrüñsiz hossarlaryna gaýtaryp bermäge borçly! Emma degişli edaralar Ogulsapar gümürtik ýagdaýda ölenden soñ merhuma goýmaly iñ soñky hormaty goýmandyrlar. Belki-de, öz garaşsyzlygynyñ 15 ýyllygyny bellemäge taýynlanýan Türkmenistanda henize çenli-de türmede ýogalan tussagyñ hossarlaryna bu habary ýetirmegiñ we merhumyñ jesedini hossarlaryna gowşurmagyñ ykrar edilen resmi düzgünleri ýokdur? Beýle bolsa ol nähili döwlet bolýar?

3. Ogulsapar Myradovanyñ aldaw ýoly bilen meýit saklanýan jaýa eltilen gyzlary Maral bilen Sonadan ejeleriniñ jesedini alandyklaryny tassyklaýan resmi hata jesedi görkezmezden gol çekdirmäge synanyşyk edilipdir. Haçanda olar mundan boýun gaçyranlarynda, grajdan eşikdäki adamlar bu kagyza gol çekmeseler onda ejeleriniñ jesedini soñra asla berilmejekligini aýdyp haýbat atypdyrlar. Bu haýbatdan adamzadyñ garşysyna diýlip hasap edilýän iñ aýylganç jenaýatyñ ysy gelýär! Beýle jenaýata ýüz uran rejim, rejimiñ buýrugyny ýerine ýetiren adamlar iru-giç Halkara derejesinde sud edilmäge mynasypdyrlar!

4. Mernumyñ kämillik ýaşyndaky çagalary Maral bilen Sona meýit jaýyna girip, öz ejeleriniñ jesedini gözden geçrenlerinde, onuñ mañlaýynda urgudan galan ullakan ýara yzyny, endamynda urgudan gögeren ýerleri, boýnunda bogulmakdan galan gök tegmilleri we iki sany kesigiñ yzyny görýärler… Hut şu sebäbe görä-de, garaşsyz sud medisina barlagy geçirilmezden, Ogulsapar Myradovanyñ türmede öz ajalyna ölenligine ynanmak kyn.

5. Merhumyñ kämillik ýaşyna ýeten çagalary onuñ jesedini sud medisina barlagyndan geçirmegi we ölüminiñ sebäbini anyklamagy talap edenlerinde, häkimýet wekilleri mundan kes-kelläm boýun gaçyrýarlar. Soñra-da Ogulsapar Myradovanyñ jesedini öýüne zor bilen ugradýarlar.

6. Bu işleri eden hukuk goraýjy guramalaryñ grajdan eşigindäki işgärleri, ýagny häkimýet wekilleri öz atlaryny we wezipelerini aýan etmekden boýun gaçyrýarlar. Häkimýetiñ adyndan hereket edýän adamlaryñ öz atlaryny, wezipelerini gizlemegi häkimýetiñ Ogulsapar Myradovanyñ biwagt ölüminde hökman eliniñ barlygyny subut edýän iñ degerli faktlaryñ biridir!

7. Ogulsapar Myradovanyñ jesedini öýune ugratmaga gatnaşan daşary ýurt ilçihanasynyñ jogapkär işgäri merhumyñ mañlaýynda haýsydyr bir demir predmet bilen edilen urgudan galan ullakan ýara yzynyñ bardygyny tassyklaýar. Agzalan sebäplere görä we adam hukuklaryny goraýjy, jurnalist Ogulsapar Myradovanyñ ilkibaşdan toslama aýyplamalara esaslanyp türme tussaglygyna höküm edilenligini göz öñünde tutup, biz bu merdana aýal tussaghanada Türkmenistanyñ resmi häkimýetleri tarapyndan wagşylyk bilen öldürilendir diýen netijä gelýäris.

Türkmen rejiminiñ Ogulsapar Myradovany tussaglykda öldürmeginiñ ähtimal sebäpleri: 1. Türkmenistanda halkyñ kagyz ýüzünde däl-de, hakykatda nähili ýaşaýanlygyny açmak, bu hakykaty ýurduñ daşyna çykarmak gadagan. Türkmenistanda halkyñ agramly bölegi hor-homsy ýaşaýar, ýurtda iñ ýönekeýje adam hukuklary-da berjaý edilmeýär. Çalasowat diktator tarapyndan baştutanlyk edilýän terrorçylykly aýylganç diktatura häkimýeti elden bermejek bolup, bütin ýurdy tussaghana öwürdi. Ogulsapar Myradova birnäçe ýylyñ dowamynda Türkmenistandaky bu real ýagdaý barada, halkyñ agyr gün-güzerany, adam hukuklarynyñ her ädimde bozulyşy dogruda Halkara guramalara we daşary ýurt metbugatyna batyrgaýlyk bilen yzygiderli habar berip geldi.

2. Toslama aýyplamalar ýöñkelip, tussag edilende, Ogulsapar Myradova ejizlemedi ”namartja olam – sagja olam” etmedi! Ol özüne ýöñkelen toslama aýyplamalaryñ hemmesini ret etdi. Rejimiñ ganhor jellatlarynyñ öñünde dyza çökmedi. Hut şu iki sebäbe görä-de Ogulsapara Myradova başistik türkmen rejimi tarapyndan tussaghanada wagşylarça urlup öldürilendir diýip hasap edýäris. Türkmenistanyñ Demokratik Halk Hereketi ”Agzybirligiñ” daşary ýurt bölümi Ogulsapar Myradovanyñ tussaglykda rehimsizlik bilen gynalyp öldürilmegi bilen bagly Türkmenistanyñ hökümetine we ýokary ýolbaşçylygyna aýgytly protest bildirýär! Eger hukuk goraýjy, jurnalist Ogulsapar Myradovanyñ ganyna galan adamlar tapylyp, olara degişli çäre görülmese, bu işi Saparmyrat Nyýazovyñ hökümetiniñ we onuñ hut özüniñ jenaýaty diýip hasaplajaklygymyzy Türkmen hökümetiniñ dykgatyna ýetirýäris!

TÜRKMENISTANYÑ ”AGZYBIRLIK” DEMOKRATIK HALK HEREKETINIÑ DAŞARY ÝURT BÖLÜMI

Stockholm, Moskva, Istanbul, Washington, Kiev, Montreal, Paris.

Iň soňky habarlar

Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Туркменистан - запрет на выезд/Türkmenistan - syýahat gadagançylygy
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Azatlyk Radiosy:Türkmen aktiwistiniň gyzy Aşgabadyň aeroportynda uçara goýberilmedi
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Ýene-de hereket azatlygynyň çäklendirilmegi. Garyndaşlyga esaslanýan jezanyň türkmen görnüşi.
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirýär
Azatlyk Radiosy:Türk ilçisi: Türkiye “FETO” garşy göreşde goldaw berenligi üçin Türkmenistana...
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar
Syýasy tussag Jumasapar Dädebaýewiň saglyk ýagdaýy baradaky gapma-garşy maglumatlar