Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Azatlyk Radiosy: Salam, Dogan!: ‘Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar

Azatlyk Radiosy: Salam, Dogan!: ‘Eşik düzgüniniň’ zenanlary tabynlyga, dar galyba salýandygy aýdylýar

Türkmenistan, aýal-gyzlaryň metbugatda wagyz edilýän gündelik ‘geýim-eşik’ talaplarynyň daşyndan, mart aýynda 'eşik kody' bilen bagly iki sany uly çäre geçirdi. Olaryň birinjisi “Ýylyň zenany” bäsleşigi diýlip atlandyrylsa, ikinjisi “Iň eýjejik gyzjagaz” ýa-da “Eýjejik gyzjagaz” bäsleşigi diýlip atlandyryldy. Bu bäsleşiklerde, synçylaryň pikiriçe, hökümetiň türkmen aýal-gyzlarynyň milli lybaslary, berk geýim-eşik düzgüni barada edýän uly aladasy "güberçekläp öňe çykýar".

Bolgariýada ýaşaýan hukuk goraýjy, Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjigül Begmedowa bu aladanyň arkasynda diňe aýal-gyzlary däl, erkekleri hem tabynlykda saklamak niýetiniň gizlenýändigini öňe sürýär.

Azatlyga hat ýaz yp, öz pikirini aýdan türkmen pedagogy bolsa, häkimiýetleriň girizen geýim-eşik düzgünleriniň türkmen aýal-gyzlarynyň asyrlar boýy kemala getiren geýim-eşik medeniýetini ‘garyplaşdyrýandygyny’ öňe sürýär.

Birleşen Ştatlaryň Deňiz güýçleri uniwersitetinde, Brute Krulak innowasiýa we uruş sungaty merkezinde işleýän Wiktoriýa Klementiň Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtmagyna görä, türkmen aýallary oňa özleriniň hemişe bu ‘sada köýnegi’ geýmändiklerini gürrüň berendiklerini belläp (bu söhbetdeşligi biz “Salam, Dogan!” gepleşigimiziň indiki sanlarynda eşitdireris – red), türkmen aýal-gyzlarynyň häzirki geýim-eşikleriniň jemgyýetdäki gender bölünişigini, aýal-gzylaryň saýlap-seçmek mümkinçiliginiň azalandygyny görkezýändigini aýdýar.

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.