Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Türkmenistan hökümediniň aktiwistleri yzarlamagy, şübhelenmegi, eden etdiligi we gödekligi.

 Türkmenistan hökümediniň aktiwistleri yzarlamagy, şübhelenmegi, eden etdiligi we gödekligi.

Türkmenistan hökümediniň aktiwistleri yzarlamagy, şübhelenmegi, eden etdiligi we gödekligi.

Soňky wagtlar Türkmenistan häkimiýetiniň düzüminde bolan güýçler tarapyndan internet ulgamynda häzirki hokümediň alyp barýan syýasatyna garşylyk bildirip, öz pikirlerini aýdýan adamlaryň ýakynlaryna basyş edilýär. Esasy belläp geçjek bolýan zadymyz, diňe bir aktiwistleriň ýakynlaryny yzarlamak bilen çäklenmän teswir ýagny komentariýa ýazýanlar hem yzarlanýar.

Şeýlelikde Türkiýe döwletinde ýaşaýan türkmen migranty internet üsti bilen geçirilýän göni ýaýlymlaryň birinde garyndaşlarynyň milli howpsuzlyk gullugy tarapyndan çagyrylyp, olara basyş edilendigi barada gürrüň berdi. Soňra garyndaşlarym men bilen habarlaşyp, Yutub platf ormasyndaky eden çykyşlarymy öçürmegimi we gaýdyp Türkmenistana gelmezligimi tabşyrdylar. Türkmen Helsinki gaznasy bu işi üns merkezinde tutýar.

Soňky üç hepdäniň dowamynda türkmen aktiwistleriniň alyp barýan göni efirlerinde şuňa meňzeş zatlar aýdyldy. Dürli welaýatlarda milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleriniň edýän basyşlary hakda jowrandylar.

Türkmen resmileri tarapyndan daşary ýurtdan gelýän Türkmenistanly raýatlara gözegçilik güýçlendirildi. 2022 - nji ýylyň ahyrynda Türkmenistana dolanyp baran iki çagaly zenan maşgalany howa menziliniň binasynda her hili soraga çekip we ýüklerini barlap 8 sagatlap sakladylar. Ol zenan maşgala Iordaniýaly raýatyň nikaly aýaly. Olaryň bir gyzy we bir ogly bolup, gyzy Türkmenistanyň raýaty. Ogly bolsa Iordaniýa döwletiniň raýaty. Şol zenanyň sözlerine salgylansak Aşgabadyň howa menzilinde adamyň şahsyýetini kemsidiji soraglar berlen. " Näme üçin türkmene dälde - araba durmuşa çykdyň? Ol näme bilen meşgullanýar? Ol terroristmi? Näme üçin paspordy Türkiýe döwletinde oňartmadyň?"

Zenan watandaşymyz şeýle gürrüň berdi:

- Maňa beýle soraglar bermäne olarda esas ýokdy. Elbetde olar öz işini ýada gulluk borjuny edýärler diýjekler bardyr. Emma iki sany çagany görüp durup , ýerliksiz ýere kemsidiji soraglar bilen uçuşdan ýadaw ýagdaýda gelýän adamy 8 sagat güýmemek dogry däl. Başga bir gün iş otagyna hem çagyryp bilerdiler. Men çagalarymy garyndaşlaryma tabşyryp barardym. Emma edenoklar. Sebäbi esasy maksatlary halky gorky astynda saklamak bolup durýar.

2023 - nji ýylyň 13 - nji ýanwarynda bolan gürrüňleri ýadymyza salalyň. Ol gürrüňde Türkiýe häkimiýetleri türkmen konsullygynyň aktiwistleriň üstünden ýazan arzasyna seretmejegi we derňemejegini mälim edipdi. Türkmen konsullygynyň elinde hiç hili subutnamasy bolmasa-da Türkmenistanda ýyllaryň dowamynda endik bolan usuly ulanjak boldular. Töhmet bilen adamy jenaýata çekmek, öz islegine görä derňewi alyp barmak we şol esasda resmileşdirmek usullary belki Türkiýe döwletinde hem ýöreýändir diýip pikir eden bolmaly.

Türkmen konsullygynyň Türkiýe döwletiniň prokuraturasyna 3 aktiwistiň üstünden arz etmegi, elbetde öz üstünden aktiwistlere topulmagy we ýençmegi hakda edilen arza garşylyklaýyn edilen arzadyr.

Bu habarlary köpçülige paýlaşanymyzdan soň , şuňa meňzeş hadysalar hakda göni efirde konsullyk işgärleriniň eden etdiligi hakynda gürrüň berýän adamlar köpeldi. Olaryň Türkmenistan raýatlary bilen ulumsy gürleşýändigini, korrupsiýa üsti bilen işiň bitýändigini we uçar biletlerini öz resmi nyrhyndan birnäçe esse gymmat satýandyklary barada aýdylýar. Bu hadysalar ýyllar boýy dowam edip gelýär.

Adam hukuklary barada TÜRKMEN HELSINKI GAZNASY.

Iň soňky habarlar

Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň yzygiderli bozulmagy bilen baglanyşykly açyk hat.
Türkmenistanyň prezidentine türkmen raýatlarynyň hereket/syýahat etmek azatlygy hukuklarynyň...
Права и свободы TуркменErkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч2
Права и свободы TуркменErkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч2
Права и свободы Tуркмен/Erkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak-hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч1
Права и свободы Tуркмен/Erkin Syýahat, Bilim Almak we beýleki hak-hukuklarymyzdan mahrum etmeklik Ч1
Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.
Gyssagly! Aşgabatda türkmen blogçysynyň kazyýet işi başlaýar.
Azatlyk Radiosy: „Azatlygyň Türkmenistandaky öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow aradan çykdy“
Azatlyk Radiosy: „Azatlygyň Türkmenistandaky öňki habarçysy Hudaýberdi Allaşow aradan çykdy“