Bosgunlar baradaky Döwlet gullugynyň başlygynyň Bolgariýa Ministrler Geňeşiniň 2004-nji ýylyň 10-njy martynda çykaran karary bilen Türkmen raýaty Annadurdy Hajyýewe we maşgalasyna Bolgariýa Respublikasynda ynsanperwerlik statusy berildi.
Agentlik “Türkmenistanda adam hukuklarynyň berjaý edilmeginiň juda pes derejededigini we bu ugurda çynlakaý hukuk bozulmalarynyň dowam edýändigini aýdýar. Türkmen häkimiýetleri syýasy we raýat azatlyklaryny berk çäklendirdi. Söz azatlygy, metbugat azatlygy ýok. Derňew wagtynda we azatlykdan mahrum edilenlere gynamalar we adamkärçiliksiz ýa-da kemsidiji beýleki görnüşler bilen çemeleşýärler. Kazyýet tarapyndan Adalat ulgamy işlerinde çynlakaý hukuk bozulmalary barada ygtybarly maglumatlar bar."
Agentlik kararyny ýokardakylary göz öňünde tutup we Bolgariýa Respublikasynyň Halk Mejlisi tarapyndan 1992-nji ýylyň 22-nji aprelinde tassyklanan Jenewa bosgunlar konwensiýasynyň we Bosgunlar baradaky kanunyň 26-njy maddasyna salgylanyp esaslandyrýar.
OPD "WATAN".