Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Watana dolanmagyň täsin şerti.

 Watana dolanmagyň täsin şerti.

İstanbul howa menzilinde öýüne gitmek isleyan 70 toweregi raýat uçara garaşýarlar. Aprel aýynyň 4-de İstanbul howa menzilinde Türkmenistana Ukrainada n gelen talyplary we käbir kesel adamlary alyp giden uçara minmek üçin 500-e golaý adam toplandy. Ol günden bäri ýene uçar bolar umydy bilen 70-e golaý adam howa menzilinde garaşýarlar.

Howa menziline baryp garaşýan raýatlar öň birnäçe gezek Türkmenistanyň konsolluguna ýüz tutupdyrlar, ýöne olaryň jogaby garaşyň bolupdyr. Sonky aprel aýynyň 4-ne bolan gatnawda diňe konsollugyň beren sanawynyň daşynda hiç kimi uçara almandyrlar.

Raýatlaryň aýdyp bermegine görä, İstanbul howa menzilinde işleýän bir adam 20-sinden bärde uçar bolmajakdygyny, ýöne 200 adam toplansa Türkmenistan bilen habarlaşyp Türk howa ýollarynyň bir uçaryny goýup biljekdigini aýdypdyr.

Türkmenistan 2020-nji ýylyň martyndan bäri halkara uçuşlary ýatyrdy we öz ýurdunyň raýatlary üçin serhetlerini petikläpdi. Şol sebäpli raýatlar çet ýurtlardan iki yyldan bäri watanyna dolanyp bilmeýärler

Türkmenistanyň Istambuldaky konsulhanasy wagtal-wagtal ýörite uçar gatnawlaryny guraýar.Ýöne olar dolanmak isleýänleriň ählisi üçin asla ýeterlikli däl.

Türkmen Helsinki Fondy .

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции
Хроника Туркменистана: Солтан Ачилова о запрете на выезд из Туркменистана и насильственной изоляции