11-nji awgustda türk adam hukuklaryny goraýjy gurama “Mazlumder” öz edarasynyň binasynda A. Orusow we A. Sahatowyň ykbaly barada metbugat ýygnagyny geçirdi.
Hormatly metbugat wekilleri, hormatly wekiller we gatnaşyjylar!
Abdylla Orusow we Alişer Sahatowyň ykbaly boýunça metbugat ýygnagymyza hoş geldiňiz.
Türkiýede her geçen gün migrantlar we bosgunlar bilen bagly täze meseleler ýüze çykýar. Biz isleýäris, bu meseleler parahatçylykly we kanuny ýollar bilen çözülsin. Ýöne gynansak-da, deportasiýa merkezlerinde bolup geçýän wakalar barada açyk we düşnükli maglumat almakda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarys.
Bar bolan maglumatlara görä, 24-nji iýulda Abdylla Orusow bilen Alişer Sahatow deportasiýa merkezine ýerleşdirilipdir. Şondan bäri olaryň nirededigi barada resmi maglumat alyp bilmedik. Migrasiýa işleri edarasam, Içeri işler ministrligine degişli Howpsuzlyk Baş edarasy hem bu barada düşündiriş bermeýär.
Biziň ýurdumyza gaçybatalga sorap gelen her bir bosgunyň ömri we howpsuzlygy üçin döwlet jogapkärdir. Döwlet bu jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge borçludyr. Gynansak-da, geçmişde biz birnäçe gezek tussag edilen adamlaryň «boşadyldy» diýlip yglan edilendigine, emma metbugat beýannamalaryndan soň olaryň polisiýa binasyny terk etmeýändigine şaýat bolduk.
Şonuň üçin biz şu iki adamyň ykbalynyň döwlet edaralaryna mälimdigine we olaryň häzir başga ýerlerde saklanyp, dürli soraglara çekilýändigine ynanýarys. Biziň talabymyz aýdyň: Abdylla Orusow bilen Alişer Sahatowyň nirededigi barada jemgyýete anyk maglumat berilsin we olaryň saklanmagyna kanuny esas ýok bolsa, dessine azat edilsin.
Ýatladýarys, olaryň ikisem öýlenen we çagalary bar. Häzir biz Sinop şäherinden wideo arkaly gatnaşýan Alişer Sahatowyň aýaly Güllala Hasanowany baglanyşdyrarys. Ol çykyş edip, başdan geçirýän psihologiki kynçylyklary barada gürrüň berer.
Sag boluň.
Ali Öner “Mazlumder” guramasynyň direktorynyň orunbasary
----------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------
Alişer Sahatowyň aklawçysynyň çykyşyndan:
Gysgaça maglumat bermek isleýärin. Biziň müşderimiz Alişer Sahatow mundan öň konsullyga meseleleri boýunça ýüzlenipdi. COVID-19 pandemiýasy döwründe ýurduň daşarky serhetleriniň doly ýapylmagy sebäpli ol maşgalasy bilen Türkiýede galmaga mejbur boldy. Şol döwürde onuň ömrüne uly howp abanýandygy üçin goldaw berdik. Müşderimiz öz ýurdunyň kararlaryny tankytlapdy we ölüm howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny aýdypdy.
Şu sebäpli Konstitusion kazyýet onuň daşary ýurda ýa-da gelip çykan ýurduna deportasiýa edilmegini gadagan edýän wagtlaýyn çäre girizdi.
24-nji iýuldan bäri biz aklawçylar hökmünde ony gözläp başladyk. Edirne, Sinop we zerur halda Stambuldaky deportasiýa merkezlerini barladuk, emma häzirki güne çenli anyk maglumat alyp bilmedik.
Şonuň üçin biz Alişer Sahatowyň ýurduna deportasiýa edilse, onuň ömrüne howp abanýandygyna we gynama edilip bilinjekdigine ünsi çekýäris. Bu barada Türkiýäniň Adam hukuklary we deňlik institutyna, Türkiýe Mejlisiniň Adam hukuklary komissiýasyna we beýleki degişli guramalara ýüz tutduk.
Biziň talaplarymyz:
Eger ol Türkmenistana ugradylsa, ömrüne howp abanýar we gynamalara sezewar ediler.
Eger ol Türkiýede we Migrasiýa işleri edarasynyň garamagynda saklanylýan bolsa, bize dessine resmi maglumat berilsin we ol azat edilsin.
Eger ol howpsuzlyk güýçleriniň elinde bolsa, bize anyk maglumat berilsin we ol azat edilsin.
Arife Gökkaya Dinç Gülden Sönmez aklawçylyk edarasy wekili
---------------------------------------------------------------------------------------------------------------------
Halkara gorag prosesi boýunça beýannama
Ilki bilen şuny belläp geçýäris, biziň müşderilerimiz halkara gorag almak üçin ýüz tutan dalaşgärlerdir. Olaryň ýüz tutmalary boýunça diňlenişikler geçirilipdir; emma diňlenişik tapgyrynda olara hiç hili maglumat berilmändir we özleriniň gorag hukugyny amala aşyrmak mümkinçiligi döredilmändir. Geçirilen diňlenişikleriň netijesinde çözgüt çykarylypdyr we biz bu çözgütlere garşy, hem Samsun Administratiw kazyýetinde, hem-de Stambuldaky degişli kazyýetlerde kazyýet işlerini gozgadypdyk.
Konstitusion kazyýete ýüz tutmak döwründe, Edirnedäki deportasiýa merkezinde bolan Alişer Sahatow we başga bir merkezde bolan Abdylla Orusow bilen bagly wakalar ýüze çykdy. 14.07.2025 senesinde Konstitusion kazyýet olaryň deportasiýasyna garşy wagtlaýyn çäre girizmek kararyna geldi. Emma şol günden bäri müşderilerimiziň nirededigi barada hiç hili maglumat alyp bilmedik.
Biziň habarymyza görä, olaryň azat edilendigi aýdylýar. Emma azat edilmegine degişli resmi resminama, azat etmegiň buýrugy ýa-da degişli protokol bize tabşyrylmady. Edirne şäherindäki deportasiýa merkezine birnäçe gezek resmi ýüzlenme bermegimize garamazdan, degişli anyk maglumat berilmedi. Diňe “ýol rugsatnamasy” resminamasy berildi, emma bu resminama prosesi tamamlamak we ýagdaýy dolulygyna anyklamak üçin ýeterlik hasap edilip bilinmez.
Biziň talaplarymyz:
Eger müşderilerimiz hakykatdan hem azat edilen bolsa, resmi resminamalar we protokollar berilsin.
Eger azat edilmedik bolsalar, olaryň nirededigi we kanuny statusy anyklansyn.
Islendik ýagdaýda jemgyýetçilik aç-açan habarly edilsin.
Müşderilerimiziň ömri entegem howp astynda bolup biler. Şonuň üçin ähli resmi edaralary borçlaryny ýerine ýetirmäge, howpsuzlygy üpjün etmäge we adam hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almaga çagyrýarys.
Kader Sevimli A. Sahatowyň we A. Orusowyň aklawçysy
--------------------------------------------------------------------------------
Assalamu aleýkum,
Kader hanymyň we Arife hanymyň beren maglumatlaryna geçmezden ozal, aşakdakylary belläp geçmek isleýärin:
Gynansak-da, soňky döwürde Türkiýe migrantlar üçin, aýratyn hem Müsür ýaly ýurtlardan we şeýle hem Türkmenistandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen türkmen doganlarymyz üçin meseleleriň ýiti ýüze çykýan ýerine öwrülýär. Biz geçmişde käbir türkmen aktiwistleriniň başdan geçirýän kynçylyklary barada gürrüň etdik. Gynansak-da, şol wagt aýdylan basyşlar we yzarlamalar häzirki gün hem dowam edýär.
Türkiýe biziň doganlarymyz üçin «howpsuz duralga» derejesini ýitirdi. Geçmişde biziň hukuklaryny gorap çykyş eden käbir türkmen aktiwistleri, bu ýerde howpsuzlygyň galmandygy sebäpli, Ýewropa ýurtlaryna gaçybatalga almaga mejbur boldular.
Näme üçin howpsuz däl, näme boldy? Çünki Türkmenistanyn döwleti Türkiýäniň çäginde dürli görnüşli habarlylyk işlerini, şol sanda fiziki yzarlamalary, kynçylyk çekmezden amala aşyryp bilýär. Syýasy sebäpler bilen bu ýerde ýaşaýan, öz watanyndaky adam hukuklarynyň bozulýandygyny açyk aýdýan türkmen raýatlary yzarlamalara, gorkuzmalara we mejbury yzyna gaýtaryş synanyşyklaryna sezewar bolýarlar.
Bu maksat bilen türkmen häkimiýetleri hem resmi ýörite gulluk işgärlerini, hem-de başga ýerli ygtyýarlyklary ulanýarlar, aragatnaşyk kanallary arkaly adamlary yzarlaýarlar, fiziki gözegçilik edýärler we basyş edýärler.
Gynansak-da, käbir türk resmileri bu zatlara göz ýumýarlar ýa-da göni ýa-da gytaklaýyn goldaw berýärler. Netijede, türkmen doganlarymyzyň Türkiýede howpsuz ýaşamaga mümkinçiligi elinden alynýar.
Biziň bu ýagdaýy başdan geçiren iň aýdyň mysalymyz 2022-nji ýylda boldy. Şonda birnäçe jemgyýetçilik guramalarynyň goldawy bilen biz Göktürkdäki Türkmenistanyň konsullygynyň öňünde Türkmenistandaky adam hukuklarynyň bozulmagyna garşy protest aksiýasyny geçirdik. Şol gün Türkmenistanyň konsullygynyň işgärleri we wekilleri örän gödek hereket edip, diňe öz raýatlaryna däl, eýsem türk jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerine-de hüjüm etdiler. Bu diplomatik kadalaryň we kanunyň gödek bozulmagy boldy.
Gynansak-da, şol wakadan soň eden ähli kanuny ýüz tutmalarymyz netije bermedi. Bu hem garşydaş taraplaryň näderejede howply we jezasynyň ýokdugyny ýene bir gezek görkezdi.
Şonuň üçin biz Türkiýe döwletini şeýle hereketlere çydam etmezlige, öz abraýyny hem-de bu ýerde gaçybatalga gözleýän adamlaryň howpsuzlygyny goramak üçin zerur kanuny we diplomatik çäreleri görmäge çagyrýarys.
Umit Gudbay Mazlumder guramasynyň aklawçysy
----------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------------
Assalamu aleýkum we hoş geldiňiz.
Şu gün men size awgust aýynyň başynda taýýarlanan metbugat beýannamasyny okap berjek.
Biziň müşderilerimiz, halkara gorag sorap Türkiýä ýüz tutan wagtlarynda, Göç işleri edarasynyň administratiw tussaglyk karary boýunça deportasiýa merkezine ýerleşdirildi. Konstitusion kazyýet olaryň gaçybatalga ýüzlenmeleriniň esaslaryny göz öňünde tutup, wagtlaýyn çäre girizdi.
Administratiw tussaglyk kararlaryna garşy gozgalan kazyýet işleri dowam edýär. Migrasiýa işleri edarasynyň beýanatyna görä, Abdylla Orusow we Alişer Sahatow 24-nji iýulda deportasiýa merkezinden «kazyýete gatnaşmak şerti» bilen azat edilipdir.
Emma Migrasiýa işleri edarasynyň beýanatlaryna garamazdan, şol günden bäri olaryň ykbaly barada hiç hili maglumat ýok. Bu ýagdaý olaryň gizlinlikde Türkmenistana deportasiýa edilendigine ýa-da resmi däl ýagdaýda polisiýa ýa-da ýörite gulluklaryň elinde saklanylýandygyna uly şübhe döredýär.
Maşgalalarynyň we adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň çagyryşlary jogapsyz galýar, aklawçylaryň ýüz tutmalary netijesiz bolýar. Bu çaklamalaryň öňe sürlenden bäri köp wagt geçendigine garamazdan, nämälimlik dowam edýär.
Bu ýagdaýda diňe müşderilerimiziň özi däl, olaryň maşgalalary hem agyr ýagdaýda. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda bosgunlaryň hukuklarynyň bozulmagyna bolan duýgurlyk we üns azalýar.
Abdylla Orusow we Alişer Sahatow 6458-nji sanly «Daşary ýurtlular we halkara gorag hakynda» kanunyň deportasiýa gadagan edilen adamlar sanawyna girýär. Olar Türkmenistana deportasiýa edilse, olaryň ömrüne howp abanýar.
Häzirki wagtda Türkmenistan — adam hukuklarynyň gödek bozulýan ýurdy, gynama adaty ýagdaýa öwrülen we syýasy tussaglara ýeňiljek sebäpler bilen agyr hökümler berilýär. Türkiýeden Türkmenistana deportasiýa edilen Farhat Durdyýew ýaly aktiwistleriň ykbaly barada hem hiç hili habar ýok.
Biz, ilkinji nobatda Içeri işler ministrliginden we ähli degişli edaralardan, Abdylla Orusow bilen Alişer Sahatowyň ykbaly barada dessine anyk maglumat berilmegini talap edýäris. Eger olar resmi däl ýagdaýda saklanylýan bolsa, dessine azat edilmeli, olaryň howpsuzlygy üpjün edilmeli we deportasiýa edilmejekdigine kepillik berilmeli.
Yasin Dywrak Mazlumder guramasynyň aklawçysy
--------------------------------------------------------------------------------------------------------------
Alişer Sahatowyň aýaly — Güllala Hasanowanyň çykyşyndan:
Men — Güllala Hasanowa, Stambulda ýaşaýaryn. Adamym Alişer Sahatow we dosty Abdylla Orusow bilen bilelikde 24-nji iýulda ýitdiler.
24-nji iýul sagat 19:57-de adamym maňa Edirnedäki deportasiýa merkezinden jaň etdi. Ol: «Bu gün telefonlarymyzy aljaklar, şonuň üçin birnäçe sagatlap saňa jaň edip bilmerin» — diýdi. Bu meniň onuň bilen göni gepleşen soňky pursadym boldy.
25-nji iýul sagat 11:12-de şol ýerde onuň bilen bile bolan tanyşy maňa jaň edip, Alişeriň başga ýere geçirilendigini aýtdy. Görnüşinden, adamym göçürülmek üçin taýýar edilipdir. Şondan bäri ondan hiç hili habar almadym.
Aklawçylarymyz birnäçe gezek resmi edaralara ýüz tutup, onuň nirededigini anyklamaga synanyşdy. Bize käwagt «ol başga ýere geçirildi» diýýärler, käwagt bolsa «ol azat edildi» diýýärler. Ýöne haýsy ýere geçirilendigi ýa-da dogrudanam azat edilip-edilmändigi barada şu günki güne çenli hiç zat aýtmaýarlar.
Men polisiýa resmi ýagdaýda ýitirim adam hökmünde ýüz tutdum. Polisiýanyň maglumatyna görä, adamym serhedi geçmändir we Türkiýeden çykmandyr. Şeýle-de bolsa, Konstitusion kazyýet adamyma we onuň dostuna degişli deportasiýany wagtlaýyn duruzdu. Bu karar döwlete olaryň howpsuzlygyny üpjün etmegi borç edýärdi.
Men entegem adamymyň Türkiýede olduğyna ynanýaryn. Ol hiç haçan bikanun hereket etmedi we Türkiýä howp salmaýan adamdy. Ol diňe başgalarynyň hukuklaryny gorap çykyş edýän adamdy.
Men şu gün diňe bir aýal däl, eýsem dört çaganyň ejesi. Çagalarym birnäçe günden bäri: «Biziň kakamyz nirede?» — diýip soraýarlar, emma men olara jogap berip bilemok. Olaryň aladaly gözleri bize uklamaga mümkinçilik bermeýär. Bu nämälimlik her pursat maşgalamyza ýatdan çykmajak agyry berýär.
Men häkimiýetlere ýüzlenýärin: siziň öňüňizde hakykaty gözleýän adamlar bar. Näme bolup geçendigini düşündiriň. Nämälimlik — adam üçin iň agyr synag. Biz indi garaşmak islemeýäris, biz bilmek isleýäris. Kanunyň we adam hukuklaryny goraýjylaryň talaplaryny ýerine ýetiriň. Bu synag diňe biziň maşgalamyz üçin däl, eýsem adalat ulgamynyň özi üçin hem synagdyr.
Ýalwarýan, adamymy öýe gaýtaryň.
Men Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogana ýüzlenýärin: 2025-nji ýyl «Maşgala ýyly» diýip yglan edildi. Emma meniň adamym ýok, maşgalam dargady. Men adamym baradaky metbugat ýygnagyna gatnaşmak isledim. Migrasiýa işleri edarasyna baryp, Stambula sapar rugsadyny soradym. Maňa: «Biz size rugsat berip bilemzok, howpsuzlygyňyz üçin alada edýäris» — diýdiler. Emma «meni gorap bileriz» diýenler adamymy gorap bilmediler.
28-nji aprel güni ony alyp gidenlerinde, adamym maňa: «Allanyň kasamy, näme bolup geçýändigini bilemok, emma maşgalama gaýdyp geljek» — diýdi. Ol dogry çykdy — adamlary alyp gidýärler we soň olar ýitýärler.
Men adamymyň ömrüne çynlakaý howp abanýandygyna ynanýaryn. Ýawarýan, bize kömek ediň.