Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

HDBG-lar Türkmenistana girmegiň zerurdygyny yglan edýärler.

HDBG-lar Türkmenistana girmegiň zerurdygyny yglan edýärler.

29-njy sentýabrda Norwegiýanyň Helsinki komiteti (NHK) Günbatar ýurtlarynyň hökümetlerine we transmilli kompaniýalaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, Türkmenistan bilen gatnaşyk saklanda adam hukuklaryna hormat goýmak meselesine has ünsli bolmaga çagyrýan ýüzlenme çap etdi.

Aýratynam, Prezident Berdimuhammedowyň ABŞ-nyň Kolumbiýa uniwersitetinde 2007-nji ýylyň sentýabr aýynda eden çykyşynda aýdan sözlerine garamazdan, daşary ýurt hökümete degişli bolmadyk guramalaryň henizem Türkmenistana girip bilmeýändigi bellenilýär.

Daşary ýurt diplomatlarynyň we işewür adamlaryň Aşgabat şäherine saparlary adaty bir zat bolup durka, Türkmenistan bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýokarlanmagy, ýurduň açyklygy barada gürleşmäge mümkinçilik berýän bolsa, adam hukuklary guramalarynyň wekillerine köp ýyl bäri Türkmenistana girmek gadagan edilýär. NHK-nyň habaryna görä, häkimiýetler ýurduň adam hukuklary ýagdaýyna baha bermek üçin giriş wizalaryny ret edýärler.

Muňa garamazdan, Türkmenistandan çykýan maglumatlar jemgyýetiň repressiw hökümetiň basyşy astynda galýandygyny we raýatlarynyň esasy hukuklardan we azatlyklardan mahrum edilýändigini görkezýär.

Ýerli çeşmeler Türkmenistanyň, hatda Berdimuhammedowyň döwründe-de ýurduň içinde hereket azatlygynyň çäklendirilen we raýatlaryň käbir kategoriýalaryna daşary ýurda gitmeginiň gadagan bir döwlet bolup galýandygyny habar berýär.

“Türkmen türmelerinde gynamalar, ýowuz daraşmalar we rehimsiz tussaglyk şertleri bar. Köp tussaglar ýapyk kazyýet işlerinde azatlykdan mahrum edildi, bu esassyz aýyplamalardan goranmaga mümkinçilik ýokdy. Ýurda elýeterliligiň bolmazlygy syýasy tussaglaryň takyk sanyny hasaplamagy kynlaşdyrýar, ýöne, ähtimal, olaryň sany gaty köp" diýip, Norwegiýanyň Helsinki komitetiniň ýüztutmasynda bellenýär.

Mundan başga-da, habar beriş serişdeleriniň hökümetiň gözegçiliginde galmagyny dowam etdirýändigi, netijede raýatlaryň içerde we daşary ýurtlarda bolup geçýän wakalar barada ygtybarly maglumat alyp bilmeýändigi bellenilýär.

“Diplomatik we işewür gatnaşyklary berkitmek, käbirleriň pikirine ters gelýär, Türkmenistanda adam hukuklary ýagdaýynyň gowulaşmagyna getirmeýär.

Biz gol çekenler, hökümetleri we işewür wekilleri türkmen häkimiýetleri bilen gatnaşyklary diňe bir işewürligiň bähbidine däl-de, şeýle hem, Türkmenistanyň 5 million ilatynyň ýagdaýyny gowulaşdyrmak we halkara raýat jemgyýetiniň we adam hukuklary guramalarynyň wekilleri üçin ýurda girmäge çagyryş etmek üçin çagyrýarys.

Şeýle hem, BMG we Ýewropa Bileleşigi ýaly halkara guramalary hem şeýle etmäge çagyrýarys. Garaşsyz adam hukuklary guramalary üçin Türkmenistana girmek-halkara jemgyýetçilik ösüşiniň zerur bölegi bolup durýar "-diýip NHK öz çykyşynda nygtaýar.

Norwegiýanyň Helsinki komiteti

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara borçnamalaryny bozýar
Azatlyk Radiosy: HRW: Türkmenistan daşardaky raýatlary pasportdan mahrum edip, halkara...
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Как будто в клетке/Men kapasada ýaşaýan ýaly-türkmen migrantlarynyň kynçylyklary dokumentleşdirildi
Türkmenler üçin kapas.
Türkmenler üçin kapas.
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
Решение суда г. Карши в отношении Жумасапара Дадебаева/Jumasapar Dädebaýew barada täze maglumat
 Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary
Karşi şäher kazyýetiniň syýasy tussag Jumasapar Dädebaýew baradaky karary