Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Azatlyk Radiosy: Alişer Sahatowyň aýaly Sinopyň kanun çykaryjylarynyň adamsyny gözlemekden ýüz öwürýändigini aýdýar

Azatlyk Radiosy: Alişer Sahatowyň aýaly Sinopyň kanun çykaryjylarynyň adamsyny gözlemekden ýüz öwürýändigini aýdýar

Türkiýede ýitirim bolan türkmen blogeri Alişer Sahatowyň aýaly türk häkimiýetleriniň ýoldaşyny agtarmakdan ýüz öwürýändigini Azatlyk Radiosyna habar berdi. Gülala Hasanowa Alişer Sahatowyň we onuň bilen tussag edilen we ýitirim bolan Abdylla Orusowyň dereksiz ýitendigi barada 28-njy we 29-njy iýulda Sinop şäheriniň polisiýasyna we prokuraturasyna arza bilen ýüz tutupdy.

“Men Sinop şäheriniň polisiýa bölümine we prokuraturasyna arza berdim. Ondan soň üç-dört gezek polisiýa bardym, emma olardan hiç hili kanagatlanarly jogap alyp bilmedim. Sinop şäheriniň prokuratusy “ýetersiz delil” diýip, işi ýapypdyr. Bu barada özüni Ýusup Baki diýip tanadan döwlet prokurory 4-nji awgustda jogap berdi" diýip, Gülala gürrüň berdi.

Şeýle-de, onuň sözlerine görä, Alişer Sahatowyň we Abdylla Orusowyň ýitirim bolmagy barada olaryň aklawçysy hem ýüz tutupdyr. Emma 28-nji iýulda açylan iş dessine ýapylypdyr. Türkmenistanlylaryň aklawçysy appelýasiýa şikaýatyny beripdir.

Sahatowyň we Orusowyň 24-nji iýuldan bäri nirededigi belli däl. Olaryň bilelikde saklanan ýeri - Edirnedäki deportasiýa merkezinden Sinop şäherine alnyp gidilendigi aklawçysyna aýdyldy, emma Sinopda olaryň barandygy tassyklanmady.

Türkmen aktiwistleriniň aklawçysy 24-nji iýuldan bäri olar barada hiç hili maglumat alyp bolmandygy aýdýar.

"Biziň Edirneniň prokuraturasyna beren arzamyz, wezipe borçlaryndan hyýanatçylykly peýdalanmak hakynda eden şikaýatymyz boýunça derňew geçirilmezden, ret etmek barada karar çylaryldy" diýlip, aklawçy Kadyr Sewimliniň ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

Şeýle-de maglumatda, Alişer Sahatowyň aýalynyň Sinopyň polisiýa müdirligine arza bermeginden 8 günüň geçmegi bilen hiç hili çäre görülmändigi aýdyldy we "müşderiler hamala suratlary boýunça gözlenýär diýlip, olaryň bolan soňky ýerinde kameralaryň ýazgylaryny barlamak ýaly zerur çäreler hem görülmeýär" diýlip bellendi.

Türk aklawçysynyň bu beýanaty adam hukuklary boýunça "Türkmen Helsinki Fondunyň" (THF) websaýtynda 4-nji awgustda çap edildi.

Gülala Hasanowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde kanun çykaryjylaryň anyk jogap bermezlik üçin dürli bahanalar bilen boýun gaçyrýandygyny gürrüň berdi:

"Men Edirneniň prokuraturasyna jaň edenimde: 'Müdir ýygnakda' diýýärler, adwokat jaň edende 'Edaranyň müdiri we degişli işi alyp barýan işgär dynç alyşa gitdi' diýip jogap berýärler. Alişer we Abdylla deportasiýa merkezinden boşadylanda, ýagdaýynyň gowudygyny we ähli goşlaryny ýany bilen alýandygyny tassyklaýan resminama gol çekip çykmaly ekeni, emma degişli resminamalar ýok. Wideo kamera ýazgylaryny görkezmegi haýyş edip arza-da ýazdym, emma ony hem kanagatlandyrmadylar”.

Gülala Hasanowa mundan öň 28-nji iýulda adamsyny we onuň egindeşini Sinopda tapmaga synanyşandygyny Azatlyk Radiosyna gürrüň beripdi. Şonda ol migrasiýa gullugyna baranda olaryň Edirnedäki deportasiýa lagerinden äkidilendigi tassyklanypdyr we polisiýa ýüz tutmak maslahat berlipdir. Polisiýa zenanyň gözleg haýyşyny kabul edip, Sahatow bilen Orusowyň ýurduň serhetinden geçmändigini anyklap beripdir. Şeýle-de, Gülala özüne berlen jogaplaryň birinde "olar boşadyldy" diýip, aýdylandygyny gürrüň beripdi.

Adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalary olara Türkmenistana deportasiýa edilmek howpunyň abanýandygyny aýdyp, ykbalyna uly aladalanma bildirýärler.

Sahatowyň we Orusowyň aklawçysy bir wagtda 28-nji aprelde saklanan iki türkmenistanly babatynda administratiw tussaglyk we deportasiýa barada karar çykarylan hem bolsa, bu kararlaryň kanun esasynda şikaýat edilip, yza tesdirilendigini belledi. Şeýle-de, ol müşderileriniň başda bile Ankaradaky deportasiýa merkezinde saklanan hem bolsa, soňra biriniň Edirnedäki, beýlekisiniň Pehliwanköýdäki merkezlere geçirilendigini belläp, hut ýitirim bolmagynyň öňýanynda ikisini-de ýene bir ýere geçirilendigine ünsi çekýär.

"Müşderileriň ikisiniň-de bilelikde bir merkeze geçirilmegi tötänlik däl we adaty düzgüne ters gelýär" dilip, aklawçy Kader Siwimliniň beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň Hronikasy neşri türkmen häkimiýetleriniň iki aktiwistiň tankydy çykyşlary üçin olary jezalandyrmak maksady bilen watanyna alyp barmak isleýändigini ýazýar we bu iki ýurduň gizlin gulluklarynyň bilelikde hereket edýändigini ýazýar.

Mundan öň Turkmen.news neşiri öz çeşmesine salgylanyp, olaryň 28-nji iýulda irden Türkmenistana ekstradisiýa edilendigini habar beripdi. Emma neşiriň 29-njy iýulda çap eden şol habarynda "häzir bu maglumaty barlamak mümkin däl" diýlip bellendi.

Adam hukuklaryny goraýan "Human Rights Watch" (HRW) guramasy Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana alnyp gidilendigi hakykata laýyk bolan ýagdaýynda, munuň Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryny bozandygyny aňladýandygyny belledi.

2023-nji ýyldan bäri Türkiýede we Orsýetde ençeme türkmenistanly zor bilen ýitirim edilip, soň Türkmenistana alnyp baryldy. Olaryň birnäçesiniň ykbaly näbelli galýar.

Gülala Hasanowa şu günler ýoldaşynyň sosial ulgamlaryndaky wideolarynyň aşagynda "Alişer Türkmenistana alnyp gidildi, ýok ol, öldi" ýaly teswirleriň ýazylýandygyny we oňa hem-de çagalaryna psihologiki basyşlaryň edilýänligini gürrüň berdi.

39 ýaşly Sahatowyň “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda Türkmenistandaky hökümetiň adyna tankyt edildi we ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalar gozgaldy. Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini gozgaýar.