ÝHHG-nyň Baş sekretary Dmitriý Rupel çarşenbe güni Türkmenistanyň ömürlik prezidenti Saparmyrat Nyýazow bilen duşuşygynda Aşgabat şäherini bilim pudagyndaky synaglar bilen meşgullanmazlyga çagyrdy.
Türkmenistanda garaşsyzlyk ýyllarynda orta mekdepde okamak döwri on bir ýyldan dokuza çenli azaldy, tölegli ýokary bilim girizildi, uniwersitetleriň agşam we habar alyş bölümleri ýapyldy, daşary ýurt dili sapaklary ýatyryldy we "Ruhnama" kitaby Nyýazow tarapyndan ýazylan esasy akademiki ders boldy.
Ýewropadaky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň başlygy 65 ýaşly prezident bilen duşuşandan soň jurnalistlere "Bilim bilen geçirilen synaglar jemgyýetiň ösüşine ýaramaz täsir edip biler" -diýdi.
Rupel "Ýugoslawiýada we Sowet Soýuzynda bilim işine hökümetiň gatyşmagynyň negatiw mysallaryny getirdim" -diýdi.
Fewral aýynda ABŞ-nyň Döwlet departamenti türkmenleriň bilimdäki täzeliklerine alada bildirdi.
Reýter