Türkmen Helsinki gaznasynyň nyşany

Adam hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fond

Turkmenistan

Harby gullukdan boýun gaçyrany üçin Iýegowa hudaýyna şaýatlyk edýän ýenede bir raýat tussag edildi.

 Harby gullukdan boýun gaçyrany üçin Iýegowa hudaýyna şaýatlyk edýän ýenede bir raýat tussag edildi.

2020 - nji ýylyň 27 fewraly. Norwegiýaly adamlaryň erkinligi we dini azatlygy ugrunda ýygy ýygydan çykyş edýän adam haklaryny goraýjy gurama 13 - ýanwarda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda geçirilen kazyýet işiniň netijesini çap etdi. Kazyýetiň çykaran netijesinde 18 ýaşly Iýegowanyň şaýatlary dini toparyň agzasy Kamiljan Ergaşow harby gullukdan ýüz öwüreni üçin 2 azatlykdan mahrum edilýär. Kamiljan Ergaşow alternatiw gulluk etmäne taýýardygyny mälim etmegi netije bermeýär. Sebäbi dünýä guramalarynyň alternatiw gulluk hakynda eden tekliplerine garamazdan , Türkmenistanda alternatiw gulluk hakynda hiç hili kanun ýok. Adam haklaryny goraýjylaryň pikirlerine görä , Kamiljan Ergaşow hem şuňa meňzeş Türkmenistanyň jenaýat kodeksiniň esasynda kazyýet işleri geçirilen beýleki 8 adamyň ýanyna ugradylar diýýär. Ol 8 adam agyr şertleri we gynamalary bilen tanalýan LB-K/12 belgili Seýdi şäherinde ýerleşýän zähmet düzeldiş lagerindedir.

Soňky 2 ýylyň içinde 8 sany gullukdan boýun öwüren Iýegowanyň şaýatlary tussag edilip , şol lagerde saklanylýar.

Mekan Annýew , Eziz Atabaýew , Muhammedaly Saparmyradow , Bahtyýar Atahanow , Azat Aşyrow , Dawid Petrosow , Selim Taganow , Serdar Döwletow .

Iýegowanyň şaýatlarynyň ýörelgelerinde islendik bir döwletiň ýaragly güýçlerine goşant goşmak ýada gulluk etmek dini ýörelge prinsiplerine garşy gelýändigi sebäpli gullukdan ýüz öwürýärler . Belli bir ugurlar boýunça harby gullukdan yüz öwürmek , halkara derejesinda kabul edilen ylalaşykdyr we adamlaryň hakydyr.

gundogar.org

Iň soňky habarlar

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanly bloger Umida Bekjanowa Türkiýeden deportasiýa edilmek howpy abanýar
Azatlyk Radiosy:  Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda 'gülençi' diýlip, türmä düşenleriň birnäçesiniň ykbaly belli boldy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
Azatlyk Radiosy: Gazak azyjysy Muhtar Magauin ABŞ-da jaýlandy
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Вон отсюда, не умрешь!"/Sýurpriz - deportasiýa; türkmen zananlar...
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.
"Eý Allam! Sýurpriz deportdan özüň gora" - diýip türkmen migrantlar doga edýärler.