COVID-19 epidemiýasy sebäpli raýatlar daşary ýurtda kyn ýagdaýa düşen bolsalar, beýleki döwletler näme edýär? Dogry, watandaşlara mümkin boldugyça kömek edýarler. Degişli şertnamalara gol çeken döwletleriň köp mümkinçilikleri bar.
Bu ygtyýarlyklaryň konsullyk işgärleri ilki bilen ýörite uçuşl ary gurnaýarlar, birdenkä kesellän watandaşynyň saglygy barada alada edýärler, hassahanalara baryp görýärler, agyr hassalar üçin ýörite uçuşlary gurnaýarlar, bilet satyn almaga kömek edýärler we daşary ýurtdaryň serhetinde COVID-19 sebäpli saklanan raýatlaryny alyp gidýärler.
Eger Hudaý saklasyn kimdir biri daşary ýurtda aradan çyksa, ýurtlaryň degişli ilçihanasy merhumyň jesediniň watanyna iberilmegini gurnaýarlar.
Eýse, Türkmenistan näme edýär? Indi pasport, wiza we beýleki meseleler hakda bu ýerde gürruň hem etmäliň .
Watandaşlarymyzyň ençeme aýlap Hindistanda nädip kösenendigi barada hemmämiz bilýaris. Diňe aktiwistleriň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýönekeý raýatlaryň yzygiderli ýüzlenmeleri halkara jemgyýetçiligini Türkmenistana basyş etmäge iterdi. Netijede adamlar watanyna dolanyp bildiler.
Bu aýratyn ýagdaý däl. Umuman aýdanyňda, Türkmenistan howa ýollary arkaly ýörite uçuşlary diňe 2020-nji ýylyň awgust aýynda gurnap başlady. Bu uçuşlar ýeterlik däl, hemmeler uçara münüp bilenok. Türkmen işgärleri gidýänleriň açyk sanawyny düzenoklar.
Indi, teoriýa taýdan Türkmenistanyň prezidentine gaty ýakyn bolmaly mesele barada durup geçeliň. Daşary ýurtdaky watandaşlarymyzyň keselçilikleri we ölümleri hakda gürruň gidýar.
Türkmenistanyň Baş Kanunynda ýurduň her bir raýatynyň ýaşamaga hukugy we ony ulanmak erkinligi bar diýilýär. Bu hukuk nädip ýerine ýetirilýär?
1-nji maýda rak keselinden ejir çeken 29 ýaşly Elman Gylyçýow Maryda aradan çykdy. Eger Migrasiýa gullugy Eýrana wagtynda bejergi almaga gitmäge rugsat beren bolsa, onda Elmanyň halas edilip bilinjekdigine ýakynlary ynanýarlar.
Ýadyňyzda bolsa, geçen ýazda Türkiýede ölen 60 töweregi adam daşary ýurtda jaýlandy.
Türkmenistan merhumlaryň jesetlerini watanyna getirmek barada garyndaşlarynyň haýyşlaryna jogap hem bermedi. Hatda, häkimiýetler ölenleriň hossarlaryna gynanç hem bildirmediler.
Ýeri gelende aýtsak, Stambulyň Sariýer etrabyndaky Kiýios museviler gonamçylygynyň çäginde “kimsesizler” diýilýän aýratyn bir bölek bar.
Ine, “Arkadag” keramatly adyny alan prezidentiň turkmen raýatlary şol ýerde jaýlanýar,
Birnäçe gün mundan owal Türkmenistanyň raýaty, 1963-nji ýylda doglan Annagul Kasymowa beýin ganamasyny geçirenden soňra, saglyk ätiýaçlandyryşynyň ýokdugy sebäpli hassahananyň reanimasiýasyna kabul edilmedi we Stambulda aradan çykdy.
Şol 60 ýygidiň we Kasymowanyň ýetim däldigini, ýüzlerçe garyndaşynyň bardygyny bilýäris. Olaryň hem oz garyndaşlaryny çet ýurtda “kimsesizler” üçin ýerde däl-de, watanynda jaýlamaga hukuklary bardy.
“Moskwada 4 turkmen öldi: 1 gyz, 3 oglan, jesedini Turkmenistana göýberip bilemizokpulumyz bar, ýone posolstwadan kömek ýok”, diýp bize habar gowuşdy. Russiýanyň Woronež şäherinde okaýan Türkmenistanly 26 ýaşly student Muhammet Pirjikow aradan çykdy. Elistada gurluşyk desgasynda ýarym gün işlän student Akmuhammet Ylýasow üstüne diwar ýykylandan soňra öldi. Adygeýiň paýtagtyndaky ýokary okuw jaýynda okaýan student hem Krymda gurluşyk desgasynň 5 gatyndan ýykylyp, aradan çykdy.
Bularyň hemmesi watanyndan uzaklarda musulman gonamçylygynda jaýlandylar.
Türkmenistan daşary ýurtlara bank arklay pul geçirmeklik bilen bagly meseläni çözmeýänligi sebäpli, daşary ýurtlardaky studentler uly maliýe kynçylyklaryny başdan geçirýärler.
Aprel aýynyň ahyrynda Essentuki şäherinde ýerli dolandyryş, işewürlik we hukuk institutynyň türkmen studenti Gulsenem Galabekowa aradan çykdy.
Özbegistanda, Buharada, mugallymçylyk kollejiniň studenti B.Sultýewa aradan çykan ejesinden maliýe goldawyny ýitirendigi sebäpli öz janyna kast etdi. Ejesiniň jaýlanyşy üçin gyza Türkmenistana girmäge rugsat berilmedi. Belarusyň Grodno şäherinde Türkmenistandan bir student öýken keselinden ýogaldy.
Bularyň hemmesinde Türkiýe, Russiýa, Belarus ýa-da Özbegistan sebäpli kynçylyklar ýokdy; bu adamlar watandaşlaryna kömek etmekden düýbünden ýüz öwüren türkmen režimi sebäpli ýaşamak hukugyndan mahrum edildi.
Näme üçin bu barada žurnalistler, adam hukuklary aktiwistleri we ýonekey aktiwistler her gezek uly ile jar etmeli? Türkmen kanunçylygy, nirede bolsa-da raýatlaryna kömek berilmegini göz öňünde tutýar.
Onda, daşary işler, bilim ministrlikleri nirede? Adam hukuklary boýunça baş wekil, Ombudsman, syýahatçylyk kompaniýalary nirede? Türkmenistanyň gözegçilik edaralary nirede?
Elbetde, olar örän meşgul: Arkadagyň şahsyýet kultyny güýçlendirmek bilen başagaý...
Ynsan hukuklary barada Türkmen Helsinki Fondy.